Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda aýazda ýyladyş gaz ulgamlary hatardan çykýar, adamlar üşeýär


Türkmenistan
Türkmenistan

Türkmenistanda aýazly howada ýyladyş ulgamy yzly-yzyna sandan çykýar, adamlar ýylylyksyz galýar. Bu ýagdaýy düýpden agzamaýan türkmen hökümeti Özbegistana goşmaça gaz we elektrik toguny satmak barada gepleşik geçirýär. Özbek hökümeti tutuş regiona ornaşan adatdan daşary sowuk howada öz ýurdunda dörän energiýa krizisini çözmäge çalyşýar.

Daşoguzda şu günler howa gündizine -5° -10° çenli sowaýar. Aýazly howada ähli ýerleriň gaz ýyladyş gazanlary hatardan çykýar. Bu barada Azatlygyň ýerli habarçylary maglumat berýärler.

Habarçylaryň biri Daşoguzyň dürli ýerlerinde gaz üpjünçiligiň yzly-yzyna kesilýändigini 14-nji dekabrda maglumat berdi.

Beýleki habarçy Görogly, Ruhybelent we Boldumsaz etraplarynyň ençeme obasynda gazyň tas ýokdugyny 13-nji dekabrda mälim etdi. Bu ýagdaýda öýler, mekdepler, çagalar baglary keselhanalar örän sowuk. Okuwçylar klaslarda paltoda oturýar.

"Göroglynyň etrap keselhanasynda bolsa, şertler has agyr. Elektrik peçleriň binanyň içindäki geçiriji simleri basyşy göterip bilmän, tok hem kesilýär. Bu ýagdaýlar sebäpli näsaglar öýlerinden gatnap bejergi alýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Boldumsaz etrabynyň käbir kiçiräk ýaşaýyş nokatlarynda, şol sanda Almalyk we Medeniýet obalarynda hem ilat ýylynmak meselesinde kösenýär. Gazyň, elektrik togunyň kesilmegi adamlarda kynçylyk döredýär. Ýerli ilat odun ýakyp ýylynýar. Mekdeplerde dizel we beýleki ýangyç serişdelerinden işleýän peçleri edinmek we ulanmak aladasy edilýär.

Habarçylar Boldumsaz we Görogly etraplarynda häkimliklere we ýerli gaz edaralaryna günde ýüzlerçe jaňlaryň we şikaýatlaryň edilýändigini, adamlaryň köpçülikleýin barýandygyny aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, şeýle hem bolsa, bu ýagdaýda etraplaryň gaz üpjünçilik edaralarynyň gyssagara edýän işleri ýeterlik netije bermeýär.

"Gaz edaralary gyşa taýýarlyk görmezden geldi. Indi adamlar haçan gyşyň -20° aýazynda gazsyz galanda gyşa taýýarlyk işleri başlanýar. Tomusda swarka üçin elektrod we beýleki kewşir enjamy üçin karbid, kislorod bolmady diýen bahanalar bilen zerur işler edilmedi" diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýerli çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Habarçylaryň maglumatlaryna görä, Daşoguzyň özünde we etraplarynda aýazly howa we ýyladyşyň bolmazlygy ilatyň gündelik durmuşyny örän agyrlaşdyrýar, keselçilik artýar.

"Çagalar keselleýär, gazy daşary ýurtlara satýan türkmen hökümeti öz halkyny hem gaz bilen üpjün etseler gowy bolardy" diýip, Azatlyk bilen anonim söhbetdeş bolan Daşoguzyň ýaşaýjysy aýdýar.

Türkmenistanda sowuk howa dekabryň başyndan bäri saklanýar. Daşoguzda günleriň birinde howa - 22 gradusa çenli sowady.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýyladyş ulgamyndaky näsazlyklaryň ýurduň ähli regionlarynda dörändigi barada maglumat berip gelýärler. 12-nji dekabrda Aşgabatda ýyladyşdan başga-da birnäçe etrabyň ýaşaýjylary uzak gün suwsuz galdy.

Energiýa üpjünçilik ulgamynda döreýän näsazlyklar heläkçilige sebäp bolýar. Turkmen.news neşiriniň 12-nji dekabrda çap eden habaryna görä, Türkmenabat şäheriniň Urgenji etrabynda bir maşgalanyň dört agzasy, iki gyz çaga we olaryň ene-atasy hojalyk gazyndan zäherlenip ölüpdir.

Türkmenistanyň hökümeti we döwlet mediasy aşa sowuk howa zerarly ilatyň duçar bolýan kynçylyklary, şol sanda heläkçilikli ýagdaýlary düýpden agzamaýar. Bu aralykda türkmen resmileri goňşy Özbegistana goşmaça gaz we elektrik toguny satmak barada gepleşik geçirýär.

Tutuş regiona ornaşan adatdan daşary sowuk howada özbek hökümeti öz ýurdunda dörän energiýa krizisini çözmäge çalyşýar.

12-nji dekabrda prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň prezidentiniň administrasiýasynyň başlygy Sardor Umurzakowy kabul etdi.

"Sardor Umrzakow goşmaça gaz üpjünçiligi meselesinde Serdar Berdimuhamedow bilen ylalaşandygy mälim edildi. Şeýle hem şertnama gol çekildi" diýip, BBC habar berdi.

Türkmen hökümetinden tapawutlylykda adatdan daşary aýazly howada energiýa krizisini başdan geçirýändigini boýun alýan Özbegistan Türkmenistandan satyn alýan elektrik togunyň mukdaryny hem artdyrandygyny 9-njy dekabrda mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG