Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda tagtabit dişlän adamlar keselhana düşýär


Tagtabitiň dişlän ýeri (illýustrasiýa suraty)
Tagtabitiň dişlän ýeri (illýustrasiýa suraty)

Tagtabitiň ýaýramagy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny alada goýmagyny dowam etdirýär. Mör-möjekleriň döredýän oňaýsyzlyklaryndan başga-da, tagtabit dişländen soň adamlaryň hassahana ýerleşdirilmegi bilen bagly ýagdaýlary belli boldy. Tagtabitiň ýaýramagyna häkimiýetler hem ünsüni artdyrdy, şäher häkimiýetleri dezinfeksiýa geçirýär, prokuratura we sanitariýa-epidemiologiýa stansiýasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda barlaglar başlandy.

10-njy etrapçada, ençeme adam tagtabit dişläp, hassahana ýerleşdirilenden soň, ýaşaýyş jaýlaryň girelgeleri we umumy giňişlikleri dezinfeksiýa edilip başlandy. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri keselhana ýerleşdirilen adamlaryň bruselez keseline uçran bolmagynyň ähtmallygynyň barlanýandygyny aýdýarlar.

"Bir öýdäki dostlarym dynç günlerinde [dezinfeksiýa sebäpli] birnäçe sagatlap jaýa girmäge rugsat berilmeýändigini aýtdylar" - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy gürrüň berdi.

Çeşmeler tagtabitiň ýaýramagy bilen baglanyşykly ýagdaýyň agyr hasaplanýandygyny aýdýarlar. Häkimiýetler bolup geçýän wakalara gözegçilik etmäge synanyşýarlar, birnäçe etrapçada prokuratura hem-de sanitariýa-epidemiologiýa stansiýasy barlag geçirýär.

Aşgabadyň ýaşaýjylary tomsuň başyndan bäri tagtabitiň çalt ýaýramagyna duçar bolýarlar. Şäheriň ýaşaýjylary öýlerinde dörän gansorujy mör-möjeklere çem gelen serişdeler bilen göreşmäge synanyşýarka, tagtabitiň ýaýramagy dowam edýär. Şäheriň ýaşaýjylarynyň Azatlyk Radiosyna aýdyşy ýaly, mör-möjekleri ýok etmek üçin niýetlenen häzirki zaman serişdeleriň tapdyrmaýar, sanitariýa-epidemiologiýa stansiýasyna ýüz tutanlarynda olara köpçülikleýin dezinfeksiýa geçirmek üçin ýeterlik mukdarda serişde ýok diýlip aýdylýar.

Azatlyk Radiosy Aşgabadyň sanitariýa we epidemiologiýa stansiýasyndan we şäher häkimliginden resmi düşündiriş alyp bilmedi.

Bu aralykda, çeşmeler häkimiýetleriň Azatlygyň habaryndan soň reaksiýa bildirip, tagtabitiň ýaýramagyna garşy anyk çäreleri görüp başlandygyny aýdýarlar.

"Bu prezident administrasiýasyna ýetdi we olar şeýle habarlaryň planlaşdyrylýan uly baýramçylyga kölege salýandygyna gaharlandylar. Bu ýerde Arkadag şäheriniň şol bir ady göterýän milli lideriniň doglan gününde açylmagyna degişli planlar barada gürrüň gidýär " diýip, anonim gürleşen çeşme aýtdy.

Azatlyk Radiosy 14-nji iýunda paýtagtda tagtabitiň çalt ýaýramagy barada habar beripdi. Aşgabatdaky habarçy zibil gaplarynyň töwereginde diwanlaryň we düşekleriň köpdügini gürrüň beripdi. Ol tagtabitiň gaty köpdügi sebäpli, käbir ýagdaýlarda hatda himiki serişdeler hem kömek etmän, ýaşaýjylaryň çykalga hökmünde mör-möjekli zatlardan dynmaga mejbur bolýandygyny aýdypdy. Tagtabitiň satyn alnan täze öý goşlar arkaly ýaýramagyna degişli ýagdaýlar hem mälim boldy.

Düşek biti diýlip hem atlandyrylýan tagtabit adamlaryň we haýwanlaryň gany bilen iýmitlenýän gan sorýan mör-möjekdir. Onuň dişlän ýeri gyzarýar we gijeýär.

Tagtabitiň köpelmeginiň esasy sebäbi arassaçylyk şertleriniň berjaý edilmezligi bilen baglanyşdyrylýar. Bu mör-möjek adamyň gündelik eşiklerine aralaşýar we gizlenýär. Şeýle hem olar islendik elektronik gurallarda, kitaplarda bolup bilýär. Ulanylan mebelleri satyn almak tagtabitiň bir ýerden başga ýere ýaýramagynyň iň aňsat usuly hasaplanýar.

Geçmişde Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatda dürli mör-möjekleriň, şol sanda büreleriň, şeýle-de gemrijileriň ýaýramagy barada birnäçe gezek habar beripdi. Şol bir wagtyň özünde, mör-möjekleriň we howply ýokanç keselleri ýaýradýan beýleki jandarlaryň ýaýramagynyň öňüni almak we ýok etmek üçin ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerini dezinfeksiýa etmek üçin zerur çäreleriň wagtynda geçirilmeýändigi we zerur serişdeleriň ýetmezçilik edýändigi barada habar berlipdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG