Türkmenistanda ilatyň maska dakynmak talabyny ýerine ýetirmegine gözegçilik çäresi ýazmaça borçnamalaryň ýöredilmegini öz içine alýar. Edaralaryň we kärhanalaryň işgärleri maskalary ähli ýerde dakynmak barada ýazmaça dilhat bermeli boldular.
Paýtagtyň edaralarynda guramalarynda işgärleriň maska dakynmak düzgünini gyşarnyksyz berjaý etmegini gazanmak üçin täze düzgün ýöredilýär. Işgärler hemme ýerde maska geýmek barada kagyza gol çekmäge mejbur bolýarlar. Dilhat bir aý möhletli düzülýär we her aýda täzelenmeli bolar. Bu barada 4-nji fewralda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary maglumat berdiler.
Olaryň sözlerine görä, bu talap düzgüni bozanlary jezalandyrmak üçin goşmaça gural bolýar. Eger bir işgär tarapyndan düzgün bozma ýüze çykarylsa, bu kagyzyň saklanýan ýeri iş ýerine habar berilýär we şonuň esasynda düzgün bozuja garşy jerime tölemekden işden boşadylmaga çenli çäre görülip bilner.
Ilkinji gezek Türkmenistanda şeýle dilhat talaby barada geçen ýylyň awgust aýynda mälim bolupdy. Turkmen.news neşriniň habar berşi ýaly, şonda jaý dolandyryjy edaralarynyň işgärleri öýme-öý aýlanyp, ýaşaýjylary ýüz maskasyny dakynmak, öýlerden zerur bolmasa çykmazlyk we sosial aralygy saklamak barada kagyza gol çekmäge mejbur edipdi.
Degişli maglumat Türkmenistanda ilatdan maska geýmek we sosial aralygy saklamak barada dilhat alynýarŞu günler polisiýa bazarlarda, uly çatryklarda we gür ilatly ýerlerde nobatçylyk edýär. Hemişelik polisiýa postlary döredildi. Hepdäniň başynda, Mary welaýatynyň ýaşaýjylary maska dakynmak baradaky gözegçiligiň güýçlenendigini duýdular. Sebit polisiýasy köçelerde, şeýle hem şäheriň içinde we etraplaryň arasynda hereket edýän awtobuslarda reýd geçirýär we maskalary nädogry dakynandygy üçin pyýadalary we ýolagçylary saklaýar hem-de jerime salýar.
Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda ilatyň 100 göterime golaýy maska dakynýar. Käbir ýagdaýlarda çagalar mekdebe maska dakynýan hem bolsalar, boş wagtlary maskasyz köçelerde top oýnaýar.
Habarçylaryň bellemegine görä, häzir maskalaryň dürli görnüşleri satylýar 1,5-2 manatdan ýönekeý maskalardan başlap, bahasy 60-100 manat aralygyndaky dizaýner maskalaryna çenli hemme ýerde satylýar.
Türkmenistan berk çäklendirmeleri we maska dakynmak talabyny 2020-nji ýylyň iýul aýynda BSG-niň koronawirus boýunça toparynyň ýurda sapar eden wagtynda girizipdi. Emma Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň ýokdugyny öňe sürüp, durmuşa geçirilýän talaplaryny başda ilaty "howada köpelen tozan bölejiklerinden" goramak maksady bilen düşündiren bolsa, soňra "ýokanç keselleriň öňüni almak çäreleriniň bir bölegi hökmünde" öňe sürdi.
Mundan başga-da, maskalar edaralaryň we kärhanalaryň işgärleriniň, şeýle hem talyplaryň öz ýanlarynda götermäge mejbur bolan derman gapyrjaklarynyň düzümine girýär. Talaba görä, 5 sany lukmançylyk maskasy, antiseptik, oksalik maz we rezin ellikler bilen bir hatarda dekabr aýynyň ortalaryndan başlap, ýurduň prezidentiniň buýrugy bilen, buýan köküniň şiresi hem lukmançylyk gapyrjagynda hökmany bolmaly edildi. Talaby ýerine ýetirmedikler käýinje we jerimä sezewar edilýär.
Koronawirusyň ýurtda bardygyny resmi taýdan ykrar etmedik we COVID-19 alamatlary bilen keseliň ýaýramagyny we ölüm derejesiniň ýokarlanmagyny görm elige salýan ýurt häkimiýetleri ilatyň ýurt içinde hereket etmegine degişli berk çäklendirmeler saklanýar, naharhanalar, medeniýet we dynç alyş kärhanalary, şeýle hem metjitler ýapyklygyna galýar.
Degişli maglumat Aşgabatda koronawirusa garşy waksinasiýa, Maryda maskasyz adamlary tutmak boýunça reýdler başlandyMunuň bilen birlikde, taýýar naharlary we beýleki harytlary öýlere eltmek boýunça hyzmat pudagy ösýär.
Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň habar berşi ýaly, öýlere haryt eltmek hyzmaty guramaçylykly berjaý edilýär, söwdanyň bir bölegi internete geçipdir. Naharhanalar barada aýdylanda, käbir restoranlar bişirýän naharlaryny öýlere eltip berýär, käbirlerine baryp, satyn alyp bolýar, emma şol ýerde oturyp bolmaýar.
Soňky hepdelerde Türkmenistan ilatyna koronawirusa garşy rus waksinasyny etmäge taýýarlanýar. Ýaňy-ýakynda ýurt birbada iki sany rus waksinasyny hasaba aldy. 3-nji fewralda Aşgabatdaky habarçylarymyz medisina işgärlerine "Sputnik V" waksinasynyň edilip başlanandygyny habar berdi. Saglyk işgärlerinden soň polisiýa işgärleriniň, satyjylaryň we köp adam bilen işleşýän beýleki işgärleriň arasynda waksinasiýa geçirilmegine garaşylýar.
Bu aralykda synçylar Orsýetiň "Sputnik V" waksinasyna bolan islegleriň artýandygyny, esasan munuň ösýän ýurtlarda, şol anda Merkezi Aziýada göze ilýändigini belleýärler. Bilermenler muny ilkini nobatda günbatarda öndürilen Pfizer, Moderna we AstraZeneca ýaly waksinalaryň hyrydarlarynyň köpdügi bilen baglanyşdyrýarlar.
Bu sanjymlar bilen waksinasiýa başlan Ýewropa ýurtlarynyň arasynda waksinalaryň ýetmezçiligi bilen bagly dörän dawalar önümçilik we gowşurmagyň gijikdirilmeginden başlap, paýlanmagyna çenli dürli kynçylyklary döretdi.
Degişli maglumat Türkmenistanda koronawirusa garşy waksina etmek üçin saglyk kitapçasy talap edilýärBu ýagdaý, rus we hytaý waksinalarynyň, käbir ylmy sorag döredýändigine garamazdan, dünýäde has giňden ýaýramagyna mümkinçilik berdi diýip Britaniýanyň Lester uniwersitetiniň kliniki wirusology Julian Tang Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Häzirki wagtda rus waksinasyny onlarça ýurt satyn aldy ýa-da öz giňişliginde öndürmek barada şertnama baglaşdy. Belarus, Gazagystan we Türkiýe "Sputinik V" rus waksinasyny öndürmek barada ylalaşyga gol çekdi. Eýran rus waksinasyny makullap, günbatar waksinalaryny gadagan etdi. Şeýle-de, orsýet resmileri rus waksinasyny Hindistanyň, Günorta Koreýanyň, Braziliýanyň we Hytaýyň öndürjekdigini mälim etdiler.
Muňa garamazdan, bu regionlarda ilaty ýeterlik waksina bilen üpjün etmek üçin ençeme ýylyň gerek boljagy aýdylýar. Economist Intelligence Unit analitik toparynyň ýanwar aýynyň aýagynda çap eden dokumentinde bu regionlarda köpçülikleýin waksinasiýanyň 2023-nji ýyla çenli başa barmajagynyň ähtimaldygy aýdylýar.
Sişenbe güni "The Lancent" halkara lukmançylyk žurnalynda çap edilen soňky kliniki synagyň netijelerine görä, Orsýetiň "Sputnik V" waksinasynyň adamlara COVID-19 keseliniň ýokaşmagynyň öňüni almakda 91,6% täsiri anyklanypdyr. Maglumata görä, alymlar III tapgyr synag netijeleriniň dünýäde ölüm howply pandemiýa garşy göreşmek üçin ýene bir täsirli ýaragyň bardygyny aňladýandygyny belleýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.