Maryda mekdebe barman, oba hojalyk işlerinde işleýän okuwçylar göz-görtele köpeldi

Mary welaýatynda ekin meýdanyndan dolanýan çaga (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň orta bilim berýän edaralarynda täze okuw ýylynyň birinji hepdesi tamamlanyp barýan mahaly, Mary welaýatynda mekdebe barýan okuwçylaryň sanynyň göz-görtele azdygyny synlasa bolýar.

Bu çagalaryň aglabasy ýokary synp okuwçylar bolup, olar sapaklara barman, eklenç gözleginde oba hojalyk işlerinde zähmet çekýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.

“Baýramaly, Türkmengala, Ýolöten etraplarynda täze 2026-2027-nji okuw ýylynyň birinji hepdesinde mekdebe gelmeýän okuwçylaryň sany geçen ýyllar bilen deňeşdirende juda köp. Bular eli ýuka hojalyklaryň çagalary bolup, olar sapaklara barmagyň deregine gowaça meýdanlarynda zähmet çekip, pagta ýygymyna gatnaşýarlar” diýip, welaýatyň bilim bölümindäki çeşmämiz aýtdy.

Bu ýagdaýlary agzalýan etraplardaky mugallymlaryň ençemesi hem tassyklap, bu çagalaryň esasan 6-njy synpdan ýokary okuwçylary öz içine alýandygyny we her mekdepde 30-50 aralygynda okuwçynyň sapaklara gatnaşmaýandygyny aýtdy.

Degişli maglumat

Ahalda sapak wagtynda dürli işlerde işleýän okuwçylar göz-görtele köpelýär

“Olaryň arasynda maşgalasyna maddy goşant goşmak üçin çopançylyk edýän ýa-da dowar gyrkymyna giden çagalar hem bar” diýip, ýolötenli mugallym anonimlik şertinde aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanda pagta ýygymy möwsümi we dowarlaryň, ýagny ownuk mallaryň, şol sanda goýun-geçileriň ýüňüni gyrkmak boýunça güýzki möwsüm dowam edýär.

Bellesek, türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedow 28-nji awgustda geçiren hökümet maslahatynda ýurtda pagta ýygymynyň resmi derejede 9-njy sentýabrda başlamagyna “ak pata” berdi. Ýöne ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylarymyz pagta ýygymyna baryp awgustyň ortalarynda girişilendigini habar berdiler.

Baýramalyly, türkmengalaly, ýolötenli mugallymlar geçip barýan hepdäniň dowamynda mekdebe gelmeýän ene-atalara jaň edip, çagalaryny okuwa ibermegi sorandyklaryny hem aýdýarlar.

“Ene-atalaryň biri dört çagasynyň bardygyny, adamsynyň işden çykarylandygyny we özüniň hem işsizdigini aýtdy. Ol häzir ‘bize mekdep däl-de, gündelik iýjek çöregimiz gaýgy, çagalarym hepdede bir gezek gyzgyn nahar zordan iýýär’ diýdi” diýip, maryly mugallym anonimlik şertinde aýtdy.

Mugallymlaryň käbiri okuwçylaryň mekdebe gelmeýändigi barada ýerli polisiýa edarasyna habar bermäge mejbur bolandyklaryny, ýöne munuň häzirlikçe oňyn netijesiniň ýokdugyny hem belledi.

Habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan, bäş çagasyndan üçüsini mekdebe ibermeýän maryly eneleriň biri bu maglumatlary tassyklady. Ol özi bilen habarlaşan mekdep mugallymyna we polisiýa işgärine hal-ýagdaýyny düşündirip, döwletden maddy kömek almaga ýardam etmegi sorandygyny hem aýtdy.

Degişli maglumat

Balkanda sadaka baran onlarça adam palaw üstünde ýakalaşdy

“Men olara çagalaryma okuw esbaplaryny, mekdep köýneklerini hem alyp bilmeýändigimi aýtdym. Olary öýde geýýän köýnekleri bilen mekdebe iberip bolmaýar, iki çagamy ugratdym, galanlaryna güýjüm ýok diýdim, mekdebiň pul ýygnamak çäresem ýadadýar diýdim. Hökümet kömek etmezmikä, hökümetden kömek sorap bolmazmyka diýdim. Emma olar ‘döwlet kömek bermeýär’ diýdiler” diýip, türkmengalaly ene ýerli häkimiýetlerden soraýan kömeginiň hem netijesiz galandygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ene-atalary polisiýa bölümine çagyrýan polisiýa işgärleri häzirlikçe olara garşy haýsydyr bir çäre görmeýär.

“Olar pagta ýygymy we güýzki gyrkym möwsümleri gutarandan soň, çagalaryňyzy mekdebe iberiň diýip, ene-atalary öýlerine goýberýärler” diýip, türkmengalaly ene belledi.

Degişli maglumat

Tomusky dynç alşyň başlanmagy bilen, bazarlarda gazanç we dilegçilik edýän çagalar köpeldi

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Bilim we Polisiýa müdirliklerinden resmi teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 4-nji sentýabrda bu edaralaryň web sahypalarynda görkezilen telefon belgilerine hiç kim jogap bermedi.

Türkmenistanyň Bilim hakyndaky kanunynda ýurtda orta bilim hökmany hasaplanýar. Emma soňky ýyllarda ýurtda dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we azyk gymmatçylygynyň arasynda, okuw esbaplaryny satyn almakda kynçylyk çekýän ýa-da çagalarynyň gazanjyna mätäç bolýan hojalyklaryň barha köp göze ilýändigi barada habarçylarymyz maglumat berip gelýärler.

Şu ýyl habarçylarymyz Lebapda bir çaganyň okuw esbaplary we egin-eşikleri üçin azyndan 2 müň manat, Balkanda bolsa 3 müň manat gerek bolýandygyny habar berdiler.

Soňky ýyllarda dynç günlerinde, şeýle-de tomusky, ýazky, gyşky, güýzki dynç alyşlarynda awtoýuwalgalarda, gurluşyklarda, restoranlarda, bazarlarda we beýleki ýerlerde işleýän çagalaryň göz-görtele köpelýändigi barada hem habarçylarymyz maglumat berip gelýärler.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksine görä, 18 ýaşdan kiçi ýetginjekleriň öz ene-atasynyň ýa-da çaga howandarlyk edýän adamyň rugsady esasynda işlemäge haky bar. 16-18 ýaş aralygyndaky ýaşlar hepdäniň dowamynda 36 sagat, 16 ýaşa çenli ýaşlar hepdede 24 sagat işläp bilýärler.

Emma habarçymyz iş ýüzünde çagalaryň, ýetginjekleriň has köp sagat işleýändigini we muňa häkimiýetler tarapyndan nähilidir bir gözegçilik edilýändigi babatda haýsydyr bir çäre göze ilmeýändigini belleýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.