Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
2-nji awgustda Azatlyk Radiosy ýurt boýunça, şol sanda Aşgabatda, Türkmenabatda we Daşoguzda kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň bikanun walýuta söwdagärlerine garşy alyp barýan kampaniýalary barada habar berdi. Şeýle reýdler Mary şäherinde-de geçirilýär.
Şu günler Türkmenbaşynyň polisiýasy şäheri we “Awaza” syýahatçylyk zolagyny ýerli syýahatçylardan arassalaýar. Galyberse-de, ýurduň beýleki sebitlerinden baryp, Türkmenbaşyda işleýän ýaşaýjylar wagtlaýyn Balkanabat şäherine ugradylýar.
Gurak gelen ýylyň yssy günlerinde elektrik, gaz we suw ýetmezçiligi esasynda döreýän kynçylyklar dowam edýär, oba adamlary öz durmuşlarynyň barha kän ýüz ýyl öňki durmuşa meňzeýändigini aýdýarlar. Aşgabatdan Lebaba gelen barlagçylar suw ýetmezçiliginiň sebäbini melleklere ekilýän ekinde görýär.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen derdinden, Türkmenistanda adam hukuklarynyň gözgyny kemsidilmegi bilen bagly gowuşýan habarlardan söz açýar.
Mary şäheriniň ýaşaýjysy, 26-njy iýulda ýaşaýan jaýynda turan ýangyndan soň keselhana ýerleşdirilen aýal aradan çykdy. Azatlyk geçen birinji gün Marynyň merkezindäki köp kwartiraly jaýda turan ýangyn netijesinde orta agyrlykda ýaralanan aýalyň hassahana ýerleşdirilendigini habar beripdi.
Azerbaýjanda tussaglykdan boşap, goňşy ýurda giden we hökümeti tankytlamagyny dowam etdirýän oppozisiýa blogçysy gaçybatalga soraýan ýerinde, Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside öli tapyldy. Emma ýerli polisiýa onuň ölümi barada häzirlikçe hiç bir beýanat çap etmedi.
Şu günler Mary welaýatynyň Garagum etrabynda kärende ýerlerinden ikinji hasyl almakçy bolýan käbir daýhanlaryň ekin meýdanlary häkimiýetler tarapyndan sökülýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.
Ýene-de ýükle