Türkiýäniň media serişdelerinde awtoulaga mündürlip, zamun alnyp, "20 lira, ýagny 5 ýarym amerikan dollary pul üçin, ölüm haýbaty atylan bir türkmen migrantynyň wideosy uly seslenme döretdi.
Türkiýäniň Eskişehir welaýatynyň Anadolu respublikan sülçüligi tarapyndan, bir gurluşyk firmasynyň amala aşyran işlerinde kärendeçilerden "himmet" diýip atlandyrylýan haýyr-sahawat paýyny kesip, ony gülençilere berendigi güman edilýän firmanyň eýelerine garşy geçirilen derňew-agtaryş işinde 4 adam göz astyna alyndy.
Ýatlap geçsek, Türkiýäniň Sakarýa welaýatynyň Arifiýe etrabynyň Mollaköý atly ýerinde, 25-nji aprelde, agşam sagat 18.30 töwereginde 20 ýaşyndaky D.M. atly türkmenistanly bir gyz maşgalasyndaky oňşuksyzlyk sebäpli köprüden özüni aşak taşlap, janyna kast etmäge synanyşypdy.
Türkmenistanda iş alyp barýan daşary ýurt firmalarynyň arasynda türkler agdyklyk edýär. Türk firmalary we türk işçiler bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasyndaky algy-bergi dawalary barasynda hem häli-şindi halkara metbugatynda dürli maglumatlar berilýär.
Türkiýäniň agyr atletika boýunça ýygyndy komandasynda çykyş edýän 25 ýaşly türkmenistanly Daniýar Ismaýilow Ankarada awtoulag-ýol heläkçiligine uçrap, ölüm bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Türkiýede ten söwdasynda tutulýan türkmenistanly migrantlar barasynda yzygiderli habarlar çykmagy dowam edýär. Türkiýede Stambul bilen Ankaranyň arasynda ýerleşýän Bolu diýen şäherde, birnäçe gün mundan owal türkmenistanly iki zenan ten söwdasynda tutuldy.
Türkmenistanly bir gyz Türkiýäniň Stambula golaý Sakarýa welaýatynyň Arifiýe etrabyndaky bir köprä çykyp, özüni aşak oklap, janyna kast etmäge synanyşdy.
Türkmenistanda hökümetiň dollar söwdasyna çäklendirme girizmeginden soň, käbir raýatlar çykalgany daşary ýurtlardan gözleýärler.
Aşgabadyň aeroportynda daşary ýurda gidip barýan ýolagçylaryň şahsy gyzyl şaý-seplerine gümrükde çäklendirmeler goýulýandygy habar berilýär. Muny soňky günlerde Türkmenistandan Stambula uçan dürli ýolagçylar hem tassyklaýar.
Türkmenistanda dürli sebäpden tussag edilen türkleriň maşgalalary olardan habar alyp bilmeýändigini aýdyp, türk we türkmen häkimiýetlerinden kömek soraýarlar. Olar häzirki wagtda Türkmenistandaky tussaglar bilen hiç hili aragatnaşyk gurup bolmaýandygyny hem öňe sürýärler.
Türkiýäniň Kütahýa welaýatynda polis tarapyndan "ByLock" atly gizlin habar alyş ulgamyny ulanýandygy kesgitlenen we "gülençilerdigi" güman edilen 5 adamy ele salmak üçin gurnalan operasiýada, olar bilen bilelikde türkmenistanly bir türkmen studenti hem göz astyna alyndy.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň aeroportynda gümrük hem howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň soňky wagtlarda daşary ýurda çykýanlaryň ýa-da yzyna gaýdyp gelýänleriň ýanyndaky pullara ünsi hasam güýçlendirendigi habar berilýär.
Türkmenistanda Türkiýe bilen gatnaşygy bolanlara edilýän gysyşlaryň barha güýçlenendigi aýdylýar. Dekabr aýyndan bäri Türkiýede bolýanlaryň yzy berk barlanýar.
Türkiýede zähmet çekýän türkmenistanlylaryň bir bölegi gazanjyň gözleginde özbaşdak barýan bolsa, ençemesi ýörite adamlar ýa-da toparlar tarapyndan iş hödürlenip, alnyp barylýan adamlardyr.
Türkmenistanda alyp baran gurluşyk işleri üçin, puluň tölenmeýändigini aýdyp, Aşgabady halkara arbitraž suduna beren türk firmasynyň özi bergidar edildi.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ýerli çeşmesiniň aýtmagyna görä, Türkmenistanda barha ýaramazlaşýan ykdysady şertler we esasanam bank ulgamyndaki çäklendirmeler halky başga ugra, ýagny gara bazara gönükdirýär.
Stambulda ýaşaýan türk raýaty Rüýa atly bir gyzjagaz ýaşaýyş rugsady bolmandygy sebäpli tussag edilen türkmenistanly ejesiniň boşadylmagy barasynda türk hökümetinden kömek isläp, ýazga düşüpdir. Onuň wideosy sosial mediada giňişleýin ýer aldy.
Türkiýäniň dürli sosial ulgamlarynda, damagy çalnan bir türkmenistanly migrant zenanyň suratlary ýaýradyldy. Ol zenanyň Türkmenistanyň Daşoguz welaýatyndan Stambula işlemäge gelendigi aýdylýar.
Ýene-de ýükle