Täjigistanly dört bloger Youtube’de goýmak üçin, “Ýol ugrundaky jelepler reýdini” geçirenden soň, adamlaryň şahsy durmuşyna bikanun goşulyşmak aýyplamasy bilen suduň öňüne eltildi.
Gyrgyzystanyň jemgyýetçilik wekilleri ýurtda korrupsiýanyň häzirki derejesinden howsala galyp, munuň milli howpsuzlyga wehim salýandygyny aýdýarlar.
Dünýä jemgyýetçiligi 17-nji oktýabrda garyplygy ýok etmegiň Halkara gününi belledi. Resmi maglumata görä, Gazagystanda iki million adam gedaýlyk çäginde ýaşaýar. Olaryň arasynda garyplyk hem işsizlik zerarly dilegçilik etmäge mejbur bolýanlary hem bar.
Özbek aýdymçylary toýlarda aýdym aýtjak toparlaryň sanyna çäklendirme girizmek baradaky täze kanuna nägilelik bildirýärler. Özbek hökümeti ol hem şoňa meňzeş çäklendirmeleri girizip, ýönekeý milletiň gerdenine düşýän toý çykdajylaryny azaltmak isleýär.
San Jay lakamy bilen tanalýan aýdymçy hem kompozitor Sanjar Jawberdiýew Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe wideo ýazgy arkaly ýüzlenip, sakgally bolany üçin, telewideniýede konsert bermäge rugsat edilmeýändigini aýtdy.
Ýaş gyzy alyp gaçyp, zor bilen nikadan geçmäge mejbur edişleri barada Internetde ýaýradylan wideo ýazgy boýunça Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi «hiç kimden arza düşmedi» diýip, oňa ähmiýet berilmeýändigini mälim etdi.
Garyşyk göreş boýunça (MMA) özbegistanly pälwan Bekzod Nurmatow Groznyýda orsýetli Beslan Isaýew bilen ýekme-ýek göreşden soň aradan çykdy. Nurmatowyň jesedi 8-nji oktýabrda Özbegistana getirildi.
Isfaryň ýerli ýaşaýjylaryndan azyndan üç adamyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, hökümetler harby gulluga çagyrylýanlaryň sanyny dolmak üçin, «ýaşlaryň atalaryny saklaýarlar hem hossarlaryny soraga çekýärler».
Gyrgyzystanyň Çuý welaýatynyň Sokuluk raýonyndan Gülmira Teňişowanyň üç aýaly gul edip saklandygy baradaky habary eşiden gyrgyz jemgyýeti haýran boldy. Aýallaryň biriniň aýagy zynjyr bilen baglanypdyr. Beýleki bir aýal üç çagasy bilen gulçulyga düşüpdir.
Türkiýedäki aýallaryň hem gyzlaryň hukuklaryny goraýan aktiwistler «Nadira näme boldy?» atly şygar bilen giň göwrümli kampaniýa başladylar. Olar Özbegistanyň raýaty 23 ýaşly Nadira Kadyrowanyň ölüminiň hakyky sebäpleriniň üstüniň açylmagyny talap edýärler.
Täjigistanyň ýaşaýjysy eýýäm bir ýyl bäri Orsýetde dereksiz ýiten ogluny gözleýär. 24 ýaşly Kudratullo Ýusufow geçen ýylyň sentýabrynda kakasyna telefon edip, öz patentiniň (iş rugsatnamasynyň) möhletiniň geçendigi sebäpli polisiýanyň saklandygyny aýdypdyr.
Özbegistanyň Senaty musulman aýallaryň başatgyçlaryny, hem-de erkekleriň ösgün sakgallaryny yslam ekstremizmi bilen ilteşdirip gödek tankytlan özbek häkimine 3 aý synag möhletini yglan etdi.
Ýene-de ýükle