Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Azatlygyň habarçysy Allaşowyň tussag edilenine 13 gün boldy


Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşow
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşow

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň tussag edilenine 13 gün boldy.

Häzirki günde žurnalistiň özüniň we onuň maşga agzalarynyň ykbaly nämälim galýar.

27 ýaşly Hudaýberdi Allaşow 3-nji dekabrda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda güýç gulluklarynyň işgärleri tarapyndan, öz öýünden alnyp gidilipdi. Şol gün onuň bilen bilelikde ejesi Gurbantäç Arazmädowa hem tussag edildi.

Polisiýa žurnalisti we onuň ejesini tussag etmeginiň yz ýany aýaly Ejeşi birnäçe gezek soraga çekdi we ony öz adamsynyň tussag edilendigi barada habar bermekde aýyplap, 3 we 6 ýaşly çagalarynyň gözüniň alnynda urup-ýençdi. 6-njy dekabrda Ejeşiň öz öýünden welaýat nomerli awtoulagly äkidilendigi barada maglumat gowuşdy.

Hudaýberdi Allaşowyň polisiýada elhenç urlup-ýenjilendigini we gynamalara sezewar edilendigini şaýatlar aýdýarlar.

Azatlyk Radiosyna gowşan soňky maglumatda Hudaýberdi Allaşowyň tussaghanadan etrap keselhanasyna alnyp barlandygy, soňra onuň özüniň, ejesi Gurbantäç Arazmädowanyň, aýaly Ejeşiň we käbir beýleki maşgala agzalarynyň Aşgabada äkidilendigi aýdyldy. Mundan soň olaryň ykbaly barada habar bolmady.

Žurnalistiň kiçi ýaşly çagalarynyň ykbaly hem nämälim galýar.

Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, şu günler Hudaýberdi Allaşowyň ýakynlaryna güýç edaralarynyň wekilleri tarapyndana azar berilýär.

Türkmen resmileriniň žurnaliste 11 kilogram nasy saklamakda günä bildirendigi mälim boldy. Allaşow Azatlyk Radiosy bilen oktýabr aýynda işleşip başlapdy.

ABŞ-nyň Kongresiniň habar beriş serişdesi bolan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň häkimiýetleriniň Hudaýberdi Allaşowy tussag etmeginiň düýp sebäbini onuň žurnalistlik işi bilen baglanyşdyrýar.

ABŞ-nyň resmileri, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy, Nýu Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goramak boýunça komitet, düýbi Fransiýada ýerleşýän Serhetsiz reportýorlar gurmasy we adam hukuklaryny goraýan guramalaryň ençemesi türkmen hökümetinden Hudaýberdi Allaşowy dessine azat

etmegi we Azatlyk Radiosynyň beýleki habarçylaryny yzarlamakdan el çekmegi talap etdiler.

Bu mesele Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Media azatlygy boýunça 14-nji dekabrda Wenada geçirilen maslahatynda hem gozgaldy.

ABŞ-nyň ÝHHG-däki ilçisi Daniel Baer Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde ABŞ-nyň hökümetiniň Hudaýberdi Allaşowyň we onuň maşgalasynyň Türkmenistanda tussag edilmegi bilen bagly aladalanyp, olaryň ykbalyny ýakyndan yzarlaýandygyny mälim etdi.

Munuň öňinçä ÝHHG-niň Media azatlygy boýunça wekili Dunýa Mýatowiç 6-njy dekabrda ýaýradan beýanatynda türkmen resmilerine ýüzlenip, “Türkmenistanda žurnalistiň howpsuzlygyna kepil geçmäge” çagyrdy.

9-njy dekabrda “Halkara azat ediş” (Amnesty International) guramasy Türkmenistanda gynalýan garaşsyz žurnalist Hudaýberdi Allaşowy goldamak üçin gyssagly herekete geçmäge çagyrdy. Guramanyň başlan ýörite aksiýasynyň çäginde žurnalistiň goragyna türkmen, rus we iňlis dillerinde türkmen häkimiýetlerine ýüzlenip hat ýazmaga çagyrylýar.

7-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Gynamalara garşy komiteti Türkmenistany gynamalardan el çekmäge çagyrdy we Türkmenistany türmelerde tussaglary gynamakda, şol sanda seksual zorluklary we urup-ýençmeleri yzygiderli amala aşyrmakda, şeýle-de syýasy tussaglary ýitirim etmekde aýyplady.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa bir aýyň dowamynda üç gezek hüjüme sezewar edildi, urlup-ýenjildi. Türkmen häkimiýetleri 67 ýaşly žurnalisti daşky dünýäden üzňelikde saklaýarlar, onuň telefonlary, interneti şu günki güne çenli işlemeýär.

Azatlyk Radiosynyň ýene bir habarçysy 2015-nji ýylda Türkmenistanda tussag edilen Saparmämmet Nepesgulyýewyň ykbaly bir ýyla golaý wagt bäri nämälim galýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň tussag edilmeginiň yzýany Daşoguz welaýatynda ýerli häkimiýetleriň raýatlar bilen duşuşyk geçirip, Azatlyk Radiosynyň gepleşiklerini diňlemezlik barada duýduryş berendigi barada maglumatlar gowuşdy.

XS
SM
MD
LG