Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Görogly etrabynda üç sagat tok bolmady, aktiwist 'geçirijiler bejerilmeýär' diýýär


Daşoguzly ýaşaýjylar sowuk howeada energiýa ýetmezçiliginden kösenýär.

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda agşam sagat 20:00-dan sagat 23-e çenli elektrik togy bilen üpjünçilik kesildi, sebäbi belli däl diýip, Azatlyk radiosynyň Daşoguzdaky çeşmesi 31-nji ýanwarda habar berdi.

“Elektrik togy etrap merkezinde hem ýok, şäheriň hiç ýerinde yşyk ýanmaýar, ýörite köçelere aýlanyp gördüm, swetoforlar işlemeýär” diýip, çeşmäniň maglumatynda aýdylýar.

Bu habar Daşoguzda sowuk howa sebäpli mekdepleriň aşaky klaslarynda okuwyň ýatyrylandygy baradaky habaryň yz ýanyna gabat geldi. Aýdylmagyna görä, şu günler welaýatda howanyň sowuklygy gijelerine -20 gradusa çenli baryp ýetýär.

Daşoguzda howanyň aşa sowamagy, şol bir wagtda gaz, elektrik geçirijileriniň ýyllarboýy täzelenmezligi netijesinde dörän problemalary asly daşoguzly, häzir Awstriýada ýaşaýan hukuk goraýjy Farid Tuhbatullin hem tassyklaýar:

Biz diňe Daşoguzdan däl, oba ýerlerinden hem maglumat alaýarys, ol ýerlerde infrastruktura bireýýäm sandan çykdy, sowet ýyllaryndan bäri köp ýerde hiç zat bejerilmedi. Onsoň bu ýagdaý elektrik, gaz üpjünciligi meselesinde köp problemalaryň toplanmagyna getirdi” diýip, Tuhbatullin Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň baş redaktorynyň pikirine görä, Daşoguzda ýylyň-ýylyna, hususan-da gyş aýlary elektrik, gaz üpjünçiligi boýunça döreýän kynçylyklarkadr meseleleri bilen hem bagly.

Şol bir wagtda, men muny örän wajyp hasaplaýaryn, eýýäm hünärli adamlar hem galmady diýen ýalt, sebäbi türkmen kolležleri we beýleki okuw jaýlary hakykatda kebşirleýjileri, elektrikçileri we beýlekileri ýeterlik taýýarlamaýar, köne kadrlar bolsa ýa gitdiler, ýa işden çykdylar” diýip, hukuk goraýjy aýtdy.

Onuň pikirine görä, hatda bu işleriň hemmesi gaýtadan gurnalan, dikeldilen ýagdaýynda hem, ol işleri ýerine ýetirip biljek adamlar häzir juda az.

Gaýtalap aýdýaryn, ýerli häkimiýetlerde bu ulgamlary, ilaty suw, gaz we elektrik bilen üpjün edýäninfrastrukturany dikeltmek, gaýtadan gurmak boýunça hiç bir strategiýa ýok” diýip, Tuhbatullin pikir edýär we bu ýagdaýyň ýene ýyl-ýyldan ýaramazlaşjakdygyny çaklaýar.

Hukuk goraýjy Tuhbatullin Daşoguzda, Türkmenistanyň iň sowuk regionynda energiýa meselesinde dörän agyr ýagdaýyň ýene bir sebäbini döwlet býujetinden regionlara ýeterlik serişde goýberilmezligi, şol bir wagtda paýtagt Aşgabatda we deňiz ýakasyndaky “Awaza” syýahatçylyk zolagynda durulýan desgalara aşa kän serişde goýberilmegi bilen baglanyşdyrýar.

Sebäbi häzir býujet esasan paýtagta ýa-da birazajyk “Awaza” ugrukdyrylýar, beýleki regionlar bolsa prinsipde paýsyz diýen ýaly galýar... Bu ýerde uly maliýe täsiri gerek, ýöne esasy mesele gurmaçylyk derejesinde hiç zadyň edilmeýändigi bilen bagly” diýip, Farid Tuhbatullin Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde Daşoguzda dörän ýagdaý barada öz pikirini aýtdy.

XS
SM
MD
LG