Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda halk benzin satýanlaryň ýangyjy kem berýändiginden nägile


Ýangyç guýujy stansiýasynyň işgärleri. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Daşoguzda käbir ýangyç satylýan ýerlerde halkyň alýan benzininiň galplyk bilen kem berilýändigi we şol bir wagtyň özünde onuň hiliniň hem ýaramazdygy habar berilýär.

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatyndan anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan onlarça raýatyň aýtmagyna görä, Daşoguzyň merkezinde we etraplarynda ýangyç guýulýan ýerlerde galplyk höküm sürýär. Ýangyç guýmaga barýan adamlaryň satyn alýan benzinini ortaça 5-6 litr kem edip berýärler.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmeleri hem bu habary tassyklamak bilen sözleriniň üstüni şeýle ýetirýärler:

“Ýangyç guýulýan ýerden benzin satyn alyp ony ölçäp görenleriň aýtmagyna görä, olar ýörite aýna bankalar bilen ölçänlerinde 10 litr diýip satylan benziniň mukdary 7,3 litr çykypdyr. Bir ýeňil ulagyň bakyny doldurmaly bolanyňda ortaça 60-70 litr benzin guýdurmaly bolýarsyň. Halkyň näçe litr benzininiň ogurlanýandygyny biliberiň. Şeýle-de benziniň Daşoguzda hili ýaramaz. Hat-da benzin diýip satylýan ýangyçda benziniň ysy hem ýok. Aşgabatda ýangyç guýulýan ýere baranyňda benzin ysyndan belli. Daşoguzda bolsa satylýan ýangyjyň nämedigi belli däl“.

Daşoguz welaýatynyň merkezinde we etraplarynda şeýle ýagdaýyň höküm sürýändigini ol ýere baryp gaýtýan Türkiýede işleýän zähmet migrantlary hem tassyklap, öz başyndan geçirenlerini yzygiderli ýagdaýda Azatlyk Radiosyna gürrüň berýärler.

"Golaýda Türkiýeden Daşoguzdaky obama baryp gaýtdym. Türkde işleýän ildeşlerimiň iberen zatlaryny hossarlaryna paýlamak üçin birnäçe etraba aýlanmaly boldum. Şonda ulagymaetraplarda we Daşoguzyň merkezinde ýangyç satyn aldym. Her gezeginde ýangyç guýulýan ýeriň ölçeýjisi bilen ulagymyň ölçeýjisiniň arasynda tapawut bardygyny gördüm" diýip, birnäçe günlükde Daşoguza baryp gaýdan, Stambulda işleýän türkmen zähmet migranty Azatlyk Radiosyna maglumat berýär.

Ol sözüni dowam etdirip: "Ahyrynda welaýat merkezindäki bir ýere baranymda çydap bilmän: "Näme üçin beýle edýärsiňiz, halkyň benzininden ogurlaýarsyňyz? Seret meniň ulagymyň ölçeýjisine we öz ýangyç guýýan enjamyň ölçeýjisine“ diýsem, ýangyç satylýan ýerde işleýän adam "Aý, daşary ýurt awtoulagyna münip, utananokmy 5-6 litr benziniň gürrüňini etmäge. Şu wagta çenli seniň ýaly hiç kim nägile bolmady. Halk diýýärsiň welin, hemmesi gününe kaýyl, sen ýaly däl. Nägile boljak bolsaň indi gelme bu ýere benzin almaga. Bizde aýlyk-günlük ýok, doganjan. Senden almasak, ondan almasak, biz çagalarymyza näme iýdireli? Çärelere diýip kesilýän pullardan ne aýlyk galdy, ne-de gazanç. Başga çärämiz galmansoň şeýle edýäris“ diýip, gaýtam maňa gatyrganyp goýberdi" diýdi.

Sözi jemlesek, Daşoguzdaky käbir ýangyç satylýan ýerlerde halka benziniň kem berilýändigi barasynda degişli resmileriň hem garaýşyny almak Azatlyk Radiosyna başartmady.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG