Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öz ilatynyň tok meselesini çözendigini aýdyp, Berdimuhamedow goňşular üçin has kän tok öndürjek desgany açdy


Maryda açylan desganyň ýurtda gaz we bug bilen işleýän ilkinji elektrik stansiýasydygy aýdylýar. TDH-nyň suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji sentýabrda Mary welaýatyna iş saparyna baryp, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde täze gurlan utgaşykly dolanyşykda işleýän döwrebap elektrik stansiýasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Bu desganyň ýurtda gaz we bug bilen işleýän ilkinji elektrik stansiýasydygy aýdylýar.

Türkmenistan sowet döwründe gurlan elektrik stansiýasyny giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak bilen, Owganystana we Pakistana has kän elektrik toguny ibermegi planlaşdyrýar.

Bu habar ýurduň regionlaryndaky tok, elektrik kesilmeleriniň has gürelýän wagtyna gabat geldi. Ýerli çeşmeler hökümetiň goňşy ýurtlara iberýän togunyň möçberi köpeldigiçe ýurt içindäki tok kesilmeleriniň ýygjamlaşýandygyny aýdýarlar.

"Belki, täze, kuwwatly elektrik stansiýasy işe girizilenden soň, ýerli ilatyň tok üpjünçiligi gowulanar" diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde gürleşen aşgabatly ýaşaýjy aýtdy. Ýurt içinden gelýän maglumatlara görä, diňe regionlarda däl, paýtagtda hem tok üpjünçiligi uly mesele bolmagynda galýar.

Gepiň gerdişine aýdylsa, prezident şu ýylyň fewralynda Mary welaýatyna sapar edende, energiýany tygşytlamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin döwlet programmasyny tassyklady. Mälim bolşy ýaly, öňki ýyllarda Türkmenistan ilatyň ulanjak elektrik toguny mugt ýa-da ýeňillikli bahalar esasynda berýärdi.

Emma indi, Berdimuhamedowyň Maryda aýdan sözlerine görä, ýurduň Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda gysga döwür içinde dürli kuwwatlykly alty sany elektrik stansiýasy gurlup, ulanylmaga berildi, welaýatlaryň her birinde iki-üç sany gaz trubinaly elektrik stansiýasy hereket edýär.

Şeýle-de, döwlet baştutany dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, 1.2 milliard dollar bahasy bolan elektrik stansiýasynyň goňşy ýurtlara eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberini her ýylda 3 milliard kilowat-sagat köpeltmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Elektrik stansiýasyny döwrebaplaşdyrmak işleri Türkiýänň Çalik Holding we Birleşen Ştatlaryň General Electric kompaniýalary tarapyndan amala aşyryldy.

Bu elektrik stnsiýasy Türkmenistanyň ozal esasan tebigy gaz eksportyndan gelýän girdejilere garaşly bolan ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek planlarynyň bir bölegi bolup durýar.

Dünýäde gaz gorlary boýunça dördünji orunda durýan Türkmenistan şu ýylyň başynda Tähranyň özüne 1.8 milliard dollar gaz töleglerini tölemändigini, ýagny bergisini bermeýändigini aýdyp, Eýrana iberýän gazyny kesdi.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýewiň sözlerine görä, Tähran bilen gaz tölegleri dawasy boýunça geçirilen gepleşikler netijesiz gutardy we bu iş halkara arbitraž suduna çykaryldy.

Munuň üstesine, Orsýet hem 2016-njy ýylda türkmen gazyny satyn almagyny bes etdi. Netijede, Eýrana iberýän gazyny hem kesensoň, Aşgabat diňe bir gaz alyjysy – Hytaý bilen galdy.

Şu we beýleki ýagdaýlar bilen baglylykda, öz ykdysadyýetini mundan aňryk hem diwersifikasiýa etmek tagallalary bilen, Türkmenistan Kaspi deňzinde hem ägirt uly, döwrebap şekilde gurlan kuwwatly deňiz portuny açdy. Bu port ýurduň eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegine, Ýewropa bilen Aziýany birikdirýän özboluşly regional merkeze öwrülmegine kömek eder öýdülýär.

Hökümetiň maglumatlaryna görä, Türkmenbaşy şäherindäki täze port Türkmenistanyň ýük ibermek we kabul etmek kuwwatyny üç esseden gowrak güýçlendirip, ýylda 26 million tonna çenli ýetirmäge kömek eder.

Dünýäniň okeanlaryna çykalgasy ýok hem bolsa, 1 müň kilometr uzynlykdaky Kaspi deňzi sebitdesöwda dolanyşygy we ýolagçy gatnawy üçin wajyp bir geçelge, suw ýoly bolup durýar.

Ýewropa we Hindistana gaz geçirijilerini gurmak bolsa, ýyllara çeken gepleşiklerden soň, indi durmuşa geçirilmeli.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG