Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew iki günlük resmi sapar bilen Türkmenistana bardy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew Aşgabatda duşuşýar, 22-nji noýabr, 2018-nji ýyl

21 – 22-nji noýabrda Azerbaýjan respublikasynyň prezidenti Ylham Alyýew Aşgabada resmi sapary amala aşyrdy. Ol saparyň dowamynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Azerbaýjan wekiliýeti bilen türkmen tarapynyň arasynda 20-ä golaý resminama gol çekildi.

Çarşenbe güni Azerbaýjan respublikasynyň prezidenti Ylham Aliýew iki günlük resmi sapar bilen Türkmenistana geldi.

Ony Aşgabadyň Halkara aeroportunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow we beýleki resmi adamlar garşy aldy.

Saparyň ilkinji güni 21-nji noýabrda Aliýew Aşgabadyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna zyýarat etdi, Baky Şöhrat ýadygärligine gül dessesini goýdy, “Watan mukaddesligi” muzeýine baryp, ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Türkmen resmileri ýokary derejeli myhmany Aşgabadyň Olimpiýa şäherjegine aýlady. Soňra Aliýew Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördi.

Saparyň ikinji güni 22-nji noýabrda Aşgabadyň Garaşsyzlyk meýdançasynda Azerbaýjan respublikasynyň prezidenti Ylham Aliýewi resmi garşy almak dabarasy geçirildi. Iki döwletiň baýdaklary dikilen meýdançada Hormat garawuly nyzama düzüldi. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow prezident Aliýewi garşy aldy.

Dabaradan soň iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň arasynda Aşgabadyň "Oguzhan" köşkler toplumynda ikiçäk duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda liderler birek-birege minnetdarlyk sözlerini aýdyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna oňyn bahar beripdirler hem-de onuň geljegine ynam bildiripdirler.

Ikiçäk gepleşiklerden soň taraplaryň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen duşuşyklar geçirildi. Olara ýurt baştutanlary ýolbaşçylyk etdi.

Türkmen metbugatynda gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli köpugurly esasda ösdürilmegine ähmiýet berilýändigi, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky üstaşyr mümkinçilikler hem-de ýurtlaryň arasyndaky işewür gatnaşyklary aktiwleşdirmek barada gürrüň edilýär.

22-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen giňeldilen duşuşykda eden çykyşynda türkmen prezidenti ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak, syýasy-diplomatiki sferada ikitaraplaýyn hem-de halkara ölçegdäki gatnaşyklary pugtalandyrmak barada gürrüň edipdir.

Döwlet metbugaty gepleşiklerde iki ýurduň arasynda energetika ulgamynda, transport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda hem-de gumanitar ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berýär. Şeýle-de habarlarda halkara terrorçylyk, neşe söwdasy serhetara jenaýatçylyk ýaly aktual wehimlere garşy türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň maslahat edilendigi aýdylýar.

Gol çekilen resminamalar

Türkmen-azerbaýjan wekiliýetleriniň arasynda geçirilen giňeldilen duşuşyklardan soň ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Ilkibaşda prezident Ylham Aliýew bilen Gurbanguly Berdimuhamedow Bilelikdäki Jarnama gol çekdi.

Türkmen metbugatyndan mälim bolşuna görä taraplar 20 töweregi resminama gol çekdi.

Olaryň hatarynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, inwestisiýalary goldamak we goramak, girdeji we emläk salgytlary bilen bagly goşa salgytlary ýatyrmak, senagat we transport pudagynda hyzmatdaşlyk, iki ýurduň arasynda transport, tranzit, we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan Bilelikdäki toparyny döretmek, iki ýurduň portlarynyň arasynda halkara ýükleriň deňiz transportyny ösdürmek, iki ýurduň çäkleriniň arasynda halkara ýük transportyna gatnaşýanlar üçin wiza režimini ýeňilleşdirmek boýunça hökümetara ylalaşyklara gol çekildi.

Şeýle-de, ylym-bilim, medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ýurtlaryň käbir ýokary bilim edaralarynyň arasynda, trasport gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça ýurduň esasy ulag we aragatnaşyk edaralarynyň arasynda hem-de ýurtlaryň gümrük gulluklarynyň arasynda dürli şertnamalara gol çekildi.

Galyberse-de, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi bilen Azerbaýjanyň Milli telekeçiler konfederasiýasynyň arasynda özara düşünişmek boýunça Memoranduma gol çekildi.

Giňeldilen duşuşyklardan soňra iki lider metbugat maslahatyny geçirdi.

Taraplaryň metbugat serişdeleri Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda geçirilen gepleşiklerde Hazar babatda iň aktual meseleleriň biri hasaplanýan hazarüsti gaz geçirijisini durmuşa geçirmek barada anyk haýsy çäreleriň maslahat edilendigini agzamaýar, iki ýurduň arasynda gol çekilen şertnamalaryň bu halkara taslamany durmuşa geçirmekde nähili rol oýnajakdygy hem aýdyň däl.

Şeýle-de, duşuşyklarda Bakuw bilen Aşgabadyň arasyndaky "Serdar/Kepez" ýangyç gory boýunça meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy hem mälim däl.

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatiki gatnaşyklar 1992-nji ýylyň iýun aýynda ýola goýuldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG