Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda "FLEX" synaglary başlaýar


“FLEX” (Future Leaders Exchange)

Amerikanyň Halkara bilim boýunça Türkmenistandaky geňeşi ýokary synp mekdep okuwçylaryna bir okuw ýylyny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okamaga mümkinçilik berýän “FLEX” (Future Leaders Exchange) programmasyna kabul edişligiň başlaýandygyny yglan etdi.

Geňeşiň websahypasynda berilýän maglumata görä, iňlis dili boýunça geçiriljek testlerde ýeňiş gazanan okuwçylar 2019-20-nji okuw ýylyny Birleşen Ştatlarynyň mekdepleriniň birinde okamaga we amerikan maşgalasynda ýaşamaga mümkinçilik alar.

Maglumata görä, bu programma 2001-nji ýylyň 15-nji marty bilen 2003-nji ýylyň 31-nji maýy aralygynda doglan, şol sanda fiziki taýdan şikesli (maýyp) mekdep okuwçylary hem gatnaşyp bilýärler. Şol bir wagtda, mejbury harby gulluga degişli bolan 11-nji klas erkek okuwçylarynyň synaga gatnaşyp bilmejekdigi bellenilýär.

Bäsleşik üç tapgyrdan ybarat bolup, onuň 15 minutlyk birinji tapgyrynda dalaşgäriň iňlis dilini biliş derejesi barlanýar; ikinji tapgyrynda iňlis dilinde düzme ýazmak soralýar; soňky, üçünji tapgyrynda hem gürrüňdeşlik geçirilýär.

Bu ýyl synaglar aşaky tertibe laýyklykda, ýurduň ýedi şäherinde geçiriler:

  • Daşoguzda 2-nji dekabrda ir sagat 09:00-da 2-nji mekdepde;
  • Maryda 9-njy dekabrda ir sagat 09:00-da 19-njy mekdepde;
  • Türkmenabatda 16-njy dekabrda, ir sagat 09:00-da 2-nji mekdepde;
  • Тürkmenbaşyda 6-njy ýanwarda 09:00-da 10-njy mekdepde;
  • Balkanabatda 13-nji ýanwarda ir sagat 09:00-da 3-nji mekdepde;
  • Tejende 20-nji ýanwarda 09:00-da 3-nji mekdepde;
  • Аşgabatda 27-nji ýanwarda ir sagat 09:00-da 20-nji mekdepde.

Ahal welaýatynyň okuwçylary synaglary Tejende ýa-da Aşgabatda hem tabşyryp bilýärler. Mundanam başga, birinji tapgyryň synaglaryna öz sebitinde gatnaşyp bilmedik okuwçylar, ony Aşgabatda hem tabşyryp bilerler. Bäsleşige ýylyň dowamynda diňe bir gezek gatnaşmaga rugsat berilýär.

“FLEX” programmasyna gatnaşyjylardan talap edilýän şertleriň ýene biri – bäsleşikde üstünlik gazanan okuwçy soňky bäş ýylyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda üç aýdan köp wagtlap ýaşan bolmaly däl.

Agzalýan programmanyň bäsleşigine gatnaşmak isleýän okuwçynyň kesgitlenen synag ýerine baranda, dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň ýa-da pasportynyň asyl nusgasyny öz ýany bilen alyp barmalydygy aýdylýar. Şeýle-de okuwçylaryň öz ýany bilen ýakynda düşen 3x4 santimetr ululykdaky suratyny we bir sany galamy alyp barmagy talap edilýär.

Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylar geljek okuw ýylynyň dowamynda bir amerikan maşgalasynyň ýanynda ýaşmaga we amerikanyň orta mekdebinde okamaga mümkinçilik gazanarlar. Olaryň ähli ýol çykdajylary, ABŞ-daky ýaşaýyş jaý üpjünçiligi hem gürrüňi edilýän programma tarapyndan tölenýär.

“FLEX” programmasy boýunça goşmaça maglumatlary Halkara Bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleriniň ýerli edaralaryndan, şeýle-de 36-90-16 we 36-90-21 telefon belgilerinden alyp boljakdygy bellenilýär.

Amerikanyň Halkara bilim boýunça Türkmenistandaky geňeşiniň bildirişinde “bäsleşige gatnaşyjylar amerikan maşgalasynda ýaşamak, mekdeplerinde okamak we sapakdan daşary işlere gatnaşmak bilen ABŞ hakynda giňişleýin öwrenerler” diýilýär.

Gepiň gerdişine ýatlatsak, geçen ýyl türkmen häkimiýetleri bir aý çemesi wagt synaglary geçirmäge rugsat bermändiler. Netijede, degişli rugsat berilse-de, synag ähli türkmenistanly okuwçylar üçin diňe Aşgabatda geçirilipdi.

Galyberse-de, türkmen häkimiýetleriniň ýurduň ýokary okuw jaýlaryna kabul edilip bilinýän raýatlaryna girizen çäkleri we giňden ýaýrandygy aýdylýan para-berim sebäpli müňlerçe uçurum türkmen ÝOJ-laryna girip bilmeýärler.

Iýulda geçirilen hökümet maslahatlarynyň birinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow diňe şu ýylyň özünde ýurduň orta mekdeplerini 85 müň ýaşlaryň tamamlandygyny, emma ýokary okuw mekdeplerine bolsa, diňe 10 müňe golaý adamyň kabul edilýändigini aýdypdy.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG