Gürjüstanda Salome Zurabişwili prezidentlik kasamyny edip, ýurduň ilkinji zenan prezidenti boldy. Oppozisiýa bolsa onuň bu wezipä saýlanmagynda galplyklaryň bolandygyny aýdyp, alyp barýan protestlerini dowam etdirýär.
Zurabişwili 16-njy dekabrda inagurasiýa dabarasynda ýurtdaky syýasy bölünişikleri aradan aýyrmagy, şeýle-de NATO we Ýewropa Bileleşigi bilen bolan gatnaşyklary güýçlendirmegi wada berdi.
“Men strategik ýaranlarymyz, Birleşen Ştatlar we ýewropaly dostlarymyz tarapyndan goldanylýan gürji prezidenti hökmünde ýurdumyzyň NATO we Ýewropa Bileleşigine integrirlenmegi baradaky prosesi ilerletmek ugrunda ähli tagallany ederin” diýip, Zurabişwili aýtdy.
Ol Orsýeti-de öz goňşulary bilen bolan gatnaşyklary kadalaşdyrmak isleýän bolsa, halkara hukugyny hormatlamaga çagyrdy.
“Orsýet muňa düşünmeli, ol halkara arkalaşygynyň doly agzasy bolup, regiondaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak isleýän bolsa, onda halkara kanuny normalary ykrar edýändigini aýdýan sözleri we edýän işleri bilen subut etmeli. Bu onuň goňşulary bilen deň hukukly we parahatçylykly gatnaşygy ornaşdyrmagy üçin hökmany” diýip, Zurabişwili aýtdy.
Ol soňra hem Orsýetiň Gürjüstanyň iki regionyny, Günorta Osetiýa bilen Abhaziýany eýelemegi dowam etdirmegi “kabul ederliksiz” diýip sözüniň üstüni ýetirdi.
2008-nji ýylda bolan uruşdan bäri Orsýet tarapdan goldalýan separatistler bu regionlary öz kontrollygynda saklaýar. Moskwa olary garaşsyz döwletler diýip ykrar etdi. Ýöne Orsýetiň bu göreldesine diňe sanlyja döwlet eýerdi.
Inagurasiýa dabarasy paýtagt Tbilisiniň takmynan 100 kilometr gündogarynda ýerleşýän Telawi şäherinde 18-nji asyra degişli bir köşkde geçirildi.
Bu çärä 1800-den agdyk gürji we daşary ýurtly myhman, şol sanda Ermenistanyň prezidenti Armen Sarkisian we Fransiýanyň öňki prezidenti Nikolas Sarkozy dagy gatnaşdylar.
Fransiýada doglan we Gürjüstanyň öňki daşary işler ministri bolup işlän 66 ýaşly Zurabişwili 28-nji noýabrda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda sesleriň 59.5%-ni aldy. Ony häkimiýet başyndaky “Gürji Arzuwy” partiýasy goldady.
Zurabişwiliniň garşydaşy, “Birleşen Milli Hereket” partiýasyna degişli Grigol Waşadze bolsa sesleriň 40.5%-nji aldy.
Ýöne oppozision partiýalar ikinji tapgyrda boldy diýilýän galplyklara salgylanyp, saýlawyň netijelerini kabul etmediler.
Oppozisiýanyň tarapdarlary 16-njy dekabrda Telawi şäherinde demonstrasiýa geçirmäge synanyşdylar, emma polisiýa olaryň awtoulaglaryny we awtobuslaryny Tbilisiden Telawä gelinýan ýolda togtady.
Aýdylşyna görä, protestçiler polisiýanyň hataryny böwsüp geçjek bolanda, olar bilen polisiýa güýçleriniň arasynda çaknyşyk bolupdyr.
Waşadze soňra: “Gürji Arzuwy biziň konstitusiýamyzy, döwlet guramalarymyzy, söz erkinligimizi elimizden aldy” diýip, žurnalistlere aýtdy.
Halkara synçylar saýlaw “bäsleşikli” geçdi, ýöne Zurabişwili “aşa köp artykmaçlykdan peýdalandy” diýdiler . Olar muňa mysal edip, “partiýa bilen döwlet arasyndaky araçäk garym-gatym edilip”, administrasiýanyň serişdelerinden galp peýdalanylandygyny aýtdylar.