Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan ýene bir gezek azyk kartlaryny girizmek bilen 'ýüzbe-ýüz bolýar'


Türkmenabat. Un nobatyna duran adamlar

Türkmenistanda üç onýyllyga golaý gijikdirilen azat bazar reformalary hökümetiň öňünde biri-birinden beter kyn soraglary goýýar.

Türkmenistanda dowam edýän azyk ýetmezçiliginiň fonunda un korrupsiýasynyň güýçlenýändigi, döwlet bahasyndan satylýan arzan unuň arkasyndan pul ýasaýan adamlaryň köpelmegi netijesinde ýurduň 27 ýylda ikinji gezek azyk kartlary düzgünine geçmek ähtimallygy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Bu maglumatlar bir tarapdan ýurduň gowy bugdaý hasylyny alandygyny aýdan, ikinji tarapdan oba hojalygynda düýpli problemalaryň, senagatda artdyryp ýazmalaryň bardygyny boýun alýan wagtyna gabat gelýär.

Aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew unuň we çöregiň töwereginde döreýän meseleler bilen gyzyklanyp, hökümetde jogapkär wezipeleri eýeleýän we ýagdaýdan habarly adamlaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş boldy.

Atlarynyň aýdylmagyny islemedik resmileriň birnäçesiniň tassyklamagynagörä, Aşgabat şäheriniň ilatyna her aýda 80 müň tonna un goýberilse, çörek we un nobatlarynyň döremegi mümkin däl we şeýle möçberdäki un hakykatda goýberilýär.

Ýöne goýberilýän un doly möçberinde döwlet dükanlaryna barmaýar, onuň belli bir bölegi alyp-satarlaryň eline düşýär we bu ýagdaý emeli un, çörek gytçylygyna sebäp bolýar” diýip, ýagdaýdan habarly resmi Amanmyrat Bugaýewe aýtdy.

Aýdylmagyna görä, Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri dowam edýän un korrupsiýasy ýokary derejeli resmileriň goldamagynda, döwletiň galla öndürijilerden arzan bahadan satyn alan bugdaýyndan öndürýän ununyň bahasyny üýtgewsiz saklamagy netijesinde amala aşyrylýar.

Häzir, meselem, ýokary sort unuň 1 kilogramy 1 manatdan, birinji sort unuň 1 kilogramy 90 teňňeden, ikinji sort unuň kilogramy 80 teňňeden satylýar” diýip, Bugaýew aýdýar. Bu ýagdaý mal saklaýan adamlaryň ýerli uny mal iými hökmünde ulanmagyna sebäp bolýar, çünki ol olara bazardan iým alanyndan gymmat düşmeýär.

Azatlygyň habarçylarynyň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda häzir Gazagystandan, Orsýetden getirilýän un tonnalap alsaň-da tapdyrýar, olar üçin nobata durmak gerek däl. Ýöne olaryň kilogramy 10-12 manatdan satylýar.

Türkmen telewideniýesiniň wagtal-wagtal jenaýatda tutulanlar we “toba edýänler” barada efire berýän reportažlaryndan görnüşine görä, soňky on ýylda döwletiň korrupsiýa garşy göreşi köplenç has aşakdaky düzgün bozujylara gönükdiriline meňzeýär.

Un meselesine gezek gelende bolsa, häkimiýetler esasan bazarda tamdyr çöreklerini satýan aýallara garşy göreşýärler diýip, Amanmyrat Bugaýew Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Eýsem bu ýagdaý ýurtda daýhanlardan arzan alynýan bugdaýdan öndürilýän unuň bahasynyň gymmatladylmak ähtimallygyny aňladýarmy? Bugaýew munuň bolmajak zat däldigi bilen ylalaşýar, ýöne häzirlikçe bu çäreden saklanylsa gerek diýip pikir edýär.

Sebäbi unuň bahasynyň gymmatladylmagy ozalam mugt ýa ýeňillikli harytlardan we hyzmatlardan mahrum bolan ilat üçin goşmaça zarba bolar, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň iki esse ýokarlandyrylmagy manysyz bir zada aýlanar.

Bir tarapdan oba hojalygy agyr ýagdaýda, ikinji tarapdan korrupsiýa, bu ýerde çykalga näme?

Ýazyjy Bugaýew bu soraga ýurduň ilkinji prezidenti Saparmytat Nyýazowyň 90-njy ýyllaryň başynda şunuň ýaly agyr ýagdaýdan diňe azyk kartlary sistemasyna geçmek bilen çykandygyny aýdyp jogap berdi. Sebäbi, onuň pikiriçe, "kartoçka sistemasynda resmiler her adama aýratynlykda goýberilen azyk önümlerini görnetin ogurlap bilmeýärler".

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG