Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda howp abanýandygyny aýdýan türkmen Türkiýeden deportasiýa edilýär


Rüstem Ýusubow

Türkmenistandan janyna howp abanýandygy sebäpli gaýdandygyny aýdýan, soňra Türkiýeden Azatlyk Radiosyna maglumatlary beren türkmen raýatyna häzir Stambuldan Aşgabada deportasiýa edilmek howpy abanýar.

1986-njy ýylda Mary welaýatynda doglan Rüstem Ýusubow 23-nji ýanwarda Stambulyň Immigrasiýa edarasynda tussag edildi.

Ýusubow Türkiýäniň Düzje welaýatynyň Polisiýa merkezindäki deslapky tussaghanadan Azatlyk Radiosyna ýörite wideo ýazgy ugratdy. 23-nji ýanwarda iberilen wideoda Ýusubow türk häkimiýetleriniň özüni Türkmenistana ugratjak bolýandygyny, ýurda dolansa öz janyna howp abanýandygyny aýdyp, kömek soraýar.

15-nji ýanwarda Ýusubow Azatlyk Radiosyna interwýu berip, özüniň 2016-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkiýedäki edarasyna bosgun hökmünde kabul edilendigini, ýöne 2019-njy ýylyň ýanwar aýynyň birinji ongünlüginde geçirilen soňky sud diňlenişiginde Türkiýäniň Konstitusion sudunyň muny ret edendigini gürrüň berdi.

Ýusubow halaşýan gyzynyň maşgalasy olaryň durmuş gurmagyna garşylyk görkezenden soňra, 2007-nji ýylda gelini bilen Türkiýä gaçyp gelýär. Onuň sözlerine görä, olaryň ýurtdan gaýtmagyna aýalynyň doganlary tarapyndan yzygiderli atylan haýbatlar we edilen basyşlar sebäp bolupdyr.

Ol özüne kömek etmegi sorap, Tagtabazaryň ýerli häkimiýetlerine birnäçe gezek ýüzlenendigini, ýöne ýeterlik derejede ýardam alyp bilmändigini hem belledi.

Şondan soňra 2007-nji ýylda aýaly bilen Türkiýä gelen Rüstem aradan 10 ýyl çemesi wagt geçensoň, 2016-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkiýedäki edarasyna bosgunlyk statusyny almak üçin ýüzlenendigini we oňa kabul edilendigini aýtdy.

Ýusubow 2017-nji ýylyň mart aýynda Azatlyk Radiosynda “Arslan” lakamy bilen çykyş edip başlaýar. Şondan soňra onuň Marydaky ene-atasynyň öýüne Türkmenistanyň howpsuzlyk işgärleri gelip, “Rüstem haçan gelýär? Nirede işleýär? Näme edýär? Rüstemi getiriň” diýip, basyş edip başlaýarlar.

32 ýaşyndaky Rüstemiň aýtmagyna görä, 2017-nji ýylyň ahyrynda Stambulyň Immigrasiýa edarasy özüniň we maşgalasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Türkiýedäki edarasyndan berlen bosgunlyk statusynyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwürýär. Ol bu karary şikaýat edip, iki gezek suda ýüzlenýär we olaryň ikisinde hem onuň şikaýaty ret edilýär. Ýanwaryň birinji ongünlüginde Türkiýäniň Konstitusion sudy Ýusubowyň şikaýatyny doly ret edýär.

Ol türk häkimiýetleri tarapyndan şeýle kararyň çykarylmagyna özüniň Azatlyk Radiosynda eden çykyşlary sebäpli türkmen hökümetiniň täsir edendigine ynanýar.

“99% Türkmenistan ugradyň diýýär. Häzirki wagta çenli meniň meseläme Türkiýäniň Bosgunlaryň hukuklary baradaky merkezi seretdi. Olar hem maňa “Rüstem bu seniň gan dawaň bilen ilteşikli däl, syýasy ýagdaýlar sebäpli Türkmenistan seni isleýär. Şol sebäpli hem bular seni ugratjak bolýar” diýýärler” diýip, Rüstem gürrüň berdi.

Bu aralykda, 24-nji ýanwarda Ýusubowyň aýaly hem Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, Türkiýede saklanýan adamsynyň Türkmenistana ugradylmazlygy üçin ýardam etmegi sorady.

“Men iki çagam bilen Türkiýede ýeke galdym. Hiç kimim ýok. Rüstemi Türkmenistana ugratsalar, oňa watana dönüklik etdi diýlip, näme etjekleri belli däl. Çagalaryma hem näme boljagy belli däl. Näme edeýin? Nirä gideýin? Maňa kömek ediň!” diýip, Rüstemiň aýaly aýtdy.

Azatlyk Radiosy Rüstemiň häzirki ykbaly bilen gyzyklanyp, Türkiýäniň Düzje welaýatynyň Polisiýa departamenti bilen habarlaşdy. Bu departamentiň anonim şertde maglumat beren polisiýa resmisi häzirki wagt Ýusubowyň administratiw gözegçilikde saklanýandygyny aýtdy. Şeýle-de, ol Ýusubowyň ähli maşgalasy bilen bilelikde däl-de, ýeke özüniň Türkmenistana ugradylmagynyň mümkindigini hem belledi.

Mundan başga, bu iş bilen içginden gyzyklanýan polisiýa resmisi bu iş bilen bagly köp aýdyňsyzlygyň we adaty proseduralardan bärden gaýtmalaryň bardygyny hem aýtdy.

“Adatça bir maşgala arza tabşyranda olaryň ählisiniň arzasy bilelikde kabul edilýär we bu maşgalanyň arzasy ret edilende, olaryň ählisiniňki goýbolsun edilýär. Şeýdip olaryň ählisi bilelikde ýurtdan çykarylýar. Galyberse-de, maşgala bitewüligi diýen ýagdaý hem bar. Ýöne häzir diňe Rüstemi yzyna ugratmak barada karar kabul edilipdir. Bu täsin ýagdaý” diýip, polisiýa resmisi 24-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna telefon arkaly gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagt Düzje welaýatynyň Polisiýa departamenti Ýusubowyň Türkmenistana deportasiýa edilmegi ýa-da Türkiýäniň Yzyna gaýtarma merkezine geçirilmegi baradaky kararyň 24-nji ýanwarda ýa-da anna güni özlerine gowşurylmagyna garaşýar.

Geçen ýylyň ýanwar aýynda Türkiýede türkmen studentleriniň jemgyýetini döreden türkmenistanly ýaş aktiwist Azatlyk Radiosynda çykyş edip, öz döreden guramasynyň işine Türkmenistanyň ilçihanasynyň gyzyklanma bildirip, goldaw hödürländigini buýsanç bilen gürrüň beripdi.

Emma yzýany, ýagny 14-nji fewralda Türkmenistanyň ilçihanasynyň howandarlygynda Türkmenistana barandan soňra Ömruzak ýurtdan gaýdyp çykarylmady. Ömruzak bu barada Azatlyk Radiosyna mart aýynda habar ýetirdi.

Şondan soň türkmenistanly ýaş aktiwistden hiç hili habar bolman, üç aýa golaý wagtdan soň onuň tussaglykda saklanýandygy belli boldy. Birnäçe çeşmelerden gowşan maglumatlara görä, Ömruzak Omarkulyýew ýapyk suduň netijesine 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edilip, Owadandepe türmesinde saklanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG