Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow 'adamlary gorkuzan un nobatlary ýylynda' 6.2% ösüş bolandygyny aýdýar


Un nobaty

2018-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6.2 prosent boldy diýip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji fewralda geçiren hökümet maslahatynda aýtdy.

Bu beýanat prezidentiň hökümeti kiçeldip, ylmy-barlaglara goýberilýän döwlet serişdelerini kesmeginiň yz ýanyna gabat geldi we ýerli synçylar geçen ýylyň "un, kepek nobatlary bilen adamlary gorkuzandygyny' aýdýarlar.

Ministrler kabinetiniň geçen ýylda bitirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde berlen hasabata laýyklykda, 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2018-nji ýylda “jemi öndürilen önüm 5 göterim artdy”.

Döwlet baştutanynyň tassyklamagyna görä, “geçen ýyl göz öňünde tutulan meýilnamalaryň ählisi diýen ýaly durmuşa geçirildi, pudaklaryň tas ählisinde önüm öndürmegiň möçberi artdy, täze, ýokary tehnologiýaly kärhanalar işe girizildi”.

Mundan başga, “daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberi 11 milliard 200 million amerikan dollaryndan geçdi, bahasy 10 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 1704 sany desga gurlup, ulanmaga berildi” diýip, TDH habar berýär. Emma döwlet eýeçiligindäki neşir daşary ýurtlara anyk nähili önümleriň eksport edilendigini anyklaşdyrmaýar.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti esasan daşary ýurtlara eksport edýän energiýa serişdelerinden gelýän girdejä daýanýar. Nebit bahalarynyň global arzanlamagy, Orsýet, Eýran ýaly gaz alyjylaryny ýitirmegi bilen bir hatarda ýakyn geljekde girdeji bermejek gymmatbaha proýektlere milliardlarça dollar harçlamagy resmi Aşgabady soňky 26 ýyldaky iň agyr ykdysady krizisi bilen ýüzbe-ýüz goýdy diýip, ekspertler aýdýar.

Munuň üstesine, 1-nji fewralda ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Myratgeldi Meredowa, “gözegçilik edýän toplumynda bellenen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin” berlen berk käýinji nazara alsaň, iň girdejili pudagyň ýagdaýy boýunça hem bir topar sorag döreýär.

Bellemeli ýeri, Meredowa geçen ýylyň dekabrynda hem, nebit-gaz toplumyndaky problemalar sebäpli käýinç berildi. Şol bir wagtda, käýinçlere we kadr çalyşmalaryna, her ýylda berilýän ösüş sanlaryna garamazdan, ýanwarda görlen serişde tygşytlama çärlerinden çen tutulsa, önümçilik kärhanalaryndaky ýagdaýlar çylşyrymly bolup galýana meňzeýär.

Türkmen hökümeti bu çylşyrymly ýagdaýy açyk boýun almasa-da, geçen ýylyň dowamynda importy azaldyp, ýurt içinde daşardan getirilýän harytlaryň önümçiligini giňeltmek, eksport edilýän harytlary artdyrmak syýasatyny dilde yzygiderli öňe sürdi.

Şu syýasatyň çäginde geçen ýyl, 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende, eksporta niýetlenen we importyň ornuny tutýan döwrebap önümleri ösdürmek üçin ýurduň banklary tarapyndan berlen karzlaryň mukdary 10,2% ýokarlandy, döwlete degişli bolmadyk bölege berlen karzlaryň mukdary 20,4% artdy diýip, hökümet maslahatynda habar berildi.

Şeýle-de Berdimuhamedow zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleriniň köpeldilendigini belledi, emma ol köpeldilendigi aýdylýan aýlyklar bilen geçen bir ýylyň dowamynda ýokarlanan nyrhlaryň, durmuş gymmatlamasynyň arasyndaky tapawudy anyklaşdyrmakdan saklandy.

Şol bir wagtda “özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberiniň 40,3 milliard manada deň bolandygy bellenilýär.

Önümçilikde gazanylandygy aýdylýan üstünlikler barada gürrüň edilende, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni hem agzalyp geçilýär. Bu konserniň kärhanalary tarapyndan “mineral dökünleriň önümçiligi boýunça ösüş depgini 108,5 göterim derejede üpjün edildi, ýoduň we tehniki uglerodyň önümçilik meýilnamasy degişlilikde 112,1 göterim hem-de 101,3 göterim ýerine ýetirildi”.

Emma şu aralykda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Belarusyň “Belgorhimprom” kompaniýasyna Garlyk kombinatynyň gurluşygy üçin $150 mln bergisini berip bilmeýändigi barada maglumat çap edildi.

Ýöne muňa garamazdan, geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan hökümet mejlisinde edilen işler üçin hakyny alyp bilmeýändigini aýdýan daşary ýurt kompaniýalary, şonuň bilen bir wagtda Türkmenistanyň Orsýet, Eýran bilen aradaky gaz we töleg dawalary hakynda maglumat berilmeýär.

Ikinji tarapdan,Türkmenistanyň 1 milliard dollardan gowrak serişdä gurduran Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyndaky problemalar geçen ýyl Berdimuhamedowyň senagat boýunça wise-premýer Kerim Durdymyradowy wezipesinden boşatmagyna alyp geldi.

Synçylaryň hasaplamalaryna görä, K.Durdymyradow 26 ýylda wezipesinden boşadylan 104-nji wise-premýer boldy we Türkmenistanda ýokary döwlet işlerinden boşadylan adamlaryň onlarçasynyň soň korrupsiýada, artdyryp ýazmalarda we beýleki bidüzgünçiliklerde aýyplanyp, jogapkärçilige çekilendigi aýdylýar.

Berdimuhamowyň ähli ugurda ösüş gazanylandygyny aýdan mejlisi ýanwar aýynda, netijeliligi artdyramk we döwlet harajatlaryny azaltmak maksady bilen, bir topar ministrligiň we pudak edarasynyň birleşdirilen, şol sanda Ylmy-barlag institutlarynyň, bazara geçmegiň çäginde, býujet maliýeleşdirmesinden çetleşdirilen wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG