Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2018 - Dabara-şowhunlar we "ölçeýjileri oturtmak talaby bilen aljyradan" ýyl


Türkmen tsançylary

“Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçen 2018-nji ýylda Türkmenistanda nähili ýatda galan we halkyň durmuşyna täsir ýetiren wakalar boldy?

Diňleýjilerimiziň biri bu ýylyň hakykatda “Ölçeýjileri oturtmak” şygary ýa talaby bilen aljyradandygyny aýtdy. Mugt ýa ýeňillikli harytlardan doly el çekilmeginiň daşyndan,suw ýetmezçiligi, benzin gymmatlamasy, bahalaryň yzygiderli ýokarlanmagy we azyk gytçylygy, nobatlar hem taryha gidýän ýylyň esasy aýratynlygy boldy.

Elbetde, ösüş sanlaryny tassyklaýan hökümet mejlisleri, diňleýjilerimiziň biriniň sözi bilen aýtsak, bedew badyndaky döwlet propagandasy, uludan tutulan dabara-şowhunly çäreler, gymmatbaha gurluşyklar,adat bolan kadr çalyşmalary hem doly güýjünde dowam etdi.

Has anygy, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň birinji aýynda birbada üç wise-premýerini täzeledi, alty sany täze ministr belledi. Mysal üçin, “Muhammetmyrat Aýdogdyýew tejribeli hem sowatly ýolbaşçy, şoňa görä-de sizi, başga işe geçýänligiňiz sebäpli, Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak we Garlykdaky kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumynyň baş direktorlygyna bellemek barada karara geldim” diýip, prezident aýtdy.

Sosial mediada peýda bolan maglumatlara görä, Garlykdaky kombinat häzirlikçe doly güýjünde önüm bererden juda uzakda we prezident bu fakty gytaklaýyn birnäçe gezek tassyk etdi. Ýogsa bir milliard dollardan hem gowrak serişdä gurlan Garlyk kombinatynyň öndüren dökünleriniň Hytaýa, Hindistana eksport ediljekdigi aýdylypdy. Şeýle-de, hökümet mejlisinden "gidip bilersiňiz" diýip çykarylan Aýdogdyýewiň ýerine bellenen täze wise-premýer – Kerim Durdymyradow hem bir ýyla ýetmän "gidiberiň" diýlenleriň uzyn sanawyna goşuldy.

2018-nji ýylda “bedew bady bilen öňe giden” ýene bir zat bolsa, çärelerden soň, resmilere berlen käýinçler we berk käýinçler, soňky duýduryşlar boldy diýsek, nädogry bolmaz. Elbetde, ýylyň başyndan bäri käýinç alanlarysanasak, kän wagt alar. Ýöne 2018-nji ýylda iň kän käýinç alanlaryň biriniň içeri işler ministri Isgender Mulikow bolandygyny, emma onuň wezipede saklanmagy başarandygyny bellemek gerek. Ýöne öňki senagat ministri, öňki dokma senagaty ministri 2018-nji ýylyň agyr gelen dekabryndan geçip bilmediler we, parahorluk aýyplamalary sebäpli, olaryň 2019-njy ýyldaky ykbaly belli bolman galýar.

S.Nyýazow döwründen tapawutlylykda, soňky on ýylda korrupsiýada aýyplanan ozalky resmileriň soňky ykbaly köplenç aýdyň bolman galýar. Bu şu ýyl wezipesinden boşadylan baş prokuror, milli howpsuzlyk ministri babatda hem şeýle boldy.

Azatlyk radiosy ozalky we häzirki resmileriň özleri bilen gürleşip bilmese-de, olaryň birnäçesiniň ýakyn garyndaşlary bilen gürleşip, Täze ýylda esasy nämäni arzuw edýändiklerini sorady. Şonda olaryň birnäçesi kadrlary işe bellemek, işden aýyrmak meselesinde aýdyňlyk bolsa, käýinçler, korrupsiýa oýny bes edilse, ýurtdaky häzirki sosial-ykdysady problemalaryň köpüsi bolmazdy diýen pikiri öňe sürdi.

Türkmenistan taryha gidýän 2018-nji ýylda soňky onýyllykda alnyp barlan oba hojalyk syýasatynyň netijesiz bolup çykandygyny bölekleýin boýun aldy we käbir oba hojalyk reformalaryny öňe sürdi -2019-njy ýyldan döwletiň pagta we bugdaý satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrjakdygyny, ýeri uzak möhletli ulanmaga berip, onuň 30 prosentine gowaçadan we bugdaýdan başga ekin ekmek ygtyýaryny eçiljekdigini, daýhanlaryň käbir harajatlaryny paýlaşyp, tehnika satyn almak üçin ýeňillikli karz berjekdigini aýtdy.

Emma entek ýeriň we karzlaryň, şeýle-de beýleki mümkinçilikleriň deň hukuklylyk şertlerinde beriljegi aýdyň bolman galýar. Bellemeli ýeri, Türkmenistan häzirki yglan edilen oba hojalyk reformasyndan öňem iki reforma yglan etdi, emma olar netijesiz çykdy.

2018-nji ýylyň ýene bir oňyn täzeligi bolsa, türkmen-rus gaz dawalarynyň ahyrynda sud-soragsyz çözülmek ähtimallygy, türkmen we rus resmileriniň 2019-njy ýyldan gaz söwdasyny dikeltmek ylalaşygyna gelmegibilen bagly, emma entek Aşgabadyň gazy näçeden we näçe möçberde satjagy anyklaşdyrylmaýar. Şol bir wagtda, Eýran bilen aradaky gaz dawalary çözülmän galdy, Aşgabat bilen Tähran bu dawany halkara arbitraž sudunda çözmekçi bolýar.

Türkmenistanyň gaz söwdasy agzalanda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlaryna millionlap dollardan ybarat bergisiniň bardygyny, üstesine, türkmen hökümetiniň Garlykda gurlan dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň gurluşygy üçin hem bergisiniň bardygyny bellemek gerek.

2018-nji ýyl bir tarapdan bergiler ýyly ýa-da bergileriň ýüze çykan ýyly boldy. Şol bir wagtda bu ýyl ýurtdaky ýiti suw meselelerini hem öňki ýyllara garanda has görnetin ýüze çykardy. 2018-nji ýylda Garagum kanalyny gyrmança basmagy, suw howdanlarynyň, zeýkanallaryň arassalanmazlygy bilen baglylykda, daýhanlaryň ýerlere ýuwuş suwuny tutmak, netijede öňki ýyllardaky ýaly ortaça hasyl almak mümkinçilikleri hem görnetin azaldy diýip, Azatlygyň ýurduň çar künjegindäki habarçylary ýyl başyndan habar berdiler.

Täze ýylda arzuw etmek kada, Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan daýhanlar döwlet baştutanynyň geljek ýyl “döwlet daýhanlar üçin ähli şerti döredýär” diýmesini goýup, hakykatda ýer-suwa, ekjek ekinine we öndüren önümineygtyýarly, iş ýüzünde azat-erkin daýhanlaryň we kärendeçileriň emele gelmegine ýol açmagyny arzuw edýärler.

"Döwlet daýhanlaryň ýakasyndan elini goýberse, bazarlar önümden dolar, häzirki ýaly, azyk howpsuzlygy komissiýasyny döredip, bahalara kontrollyk edip, emeli bolçulyk döretmeli bolmaz" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran türkmen raýaty, 65 ýaşly aşgabatly mugallym Azatlygyň ýerli habarçysyna aýtdy.

Azatlyk bilen gürleşýän diňleýjiler 2018-nji ýylda Türkmenistanda çörekden we börekden çäräniň köp bolandygyny aýdýarlar. Käbirleri bu meselede Ginnesiň rekordlar kitabynyň Türkmenistandaky täsinlikleri ýakyndan yzarlaýan wekillerinden hem nägile bolýarlar.

"Näme üçin Türkmenistanyň köpçülik çäresini geçirmekde dünýäde iň öňde barýan ýurtlaryň biridigi ykrar edilip, ýörite sertifikat berilmeýär?" diýip, bu ýagdaýa gahar edýänler hem bar.

Elbetde, bu nägilelik içi ýananyň gülküsi ýaly bir zat. Hakykatda Azatlygyň diňleýjileriniň köpüsi türkmen hökümetiniň 2019-njy ýylda çärelerden el çekmegini, raýatlaryň çäreçilik çäresizliginden gutulmagyny arzuw edýärler.

2018-nji ýylda türkmenistanlylary çäreden-de beter aljyradan zatlar ýangyjyň gymmatlamagy, manadyň hümmetiniň gaçyp, dollaryň gara bazarynyň güýçlenmegi bilen bagly boldy diýip, ýerli ýaşaýjylar Azatlyga gürrüň berdiler.

Türkmenistanda ozallar juda arzan bolan, üstesine belli bir mukdarda mugt berlen ýangyç, benzin 2018-nji ýylyň 1-nji fewaralynda birden, aýtman-diýmän 50% gymmatladyldy.

Prezident Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende, S.Nyýazowyň "mugt" bermeksyýasatyna öýkünip, awtoulagly adamlara belli bir möçberde mugt benzin eçildi. Ýöne benzin mugtlugy 2008-nji ýylda, şol wagta çenli bir bulgur gazly suwdan hem arzan bolan benziniň 8 essä golaý gymmatlamagy bilen utgaşdyryldy.

Dogry, bu elpe-şelpelik uzak dowam etmedi, 2014-nji ýylyň aprelinde mugt benzin ýatyryldy, 2015-nji ýylyň başyndan bolsa benziniň bahasy 60 prosent çemesi gymmatlap, A-95 markaly ýangyç 1 manat, A-92 bolsa - 94 teňňe bahalanmaly edildi.

Hökümet Nyýazowyň "mugt" bermek syýasatyny ýatyranda ýaşululary öňe sürüp, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň indi "has gowulanandygyny" ynandyrmaga çalşan bolsa,benzini gaýta-gaýta gymmatladanda hiç hili düşündiriş ýa maglumat bermegi zerur bilmedi.

Ekspertler Türkmenistanyň iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýändigini aýdýarlar, Halkara walýuta fondunyň ekspertleri resmi Aşgabada döwlet harajatlaryny azaltmagy maslahat berdiler. Türkmen hökümetiň bugt ýa ýeňillikli bahadan berilýän harytlary we hyzmatlary azaltmagy şu ýagdaýlar bilen bagly hasaplanylýar.

Emma Berdimuhamedow parlamente ýa halka geňeşmän gymmatbaha gurluşyklara millionlap we milliardlap serişde goýbermek gylygyndan 2018-nji ýylda hem el çekmedi. Mysal üçin, prezident fewral aýynda bir zaman özüne sport maşynyny 'eçilen' firma birden birnäçe proýekt ynandy, Aşgabat şäher häkimligine weprezident diwanyna Fransiýanyň “Bouygues Batiment International” kompaniýasy bilen gurluşyk şertnamalaryny baglaşmaga rugsat berdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, ozal biraz türkmen bazaryndan çetleşdirilen ýaly görnen fransuz kompaniýasyna Köpetdag şaýolunyň ugrunda gurulmaly Hökümet münberi,Türkmenistanyň Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumy, Çandybil şaýolunyň ugrunda gurulmaly kaşaň myhmanhana ynanyldy. Bulardan başga, bu kompaniýa Aşgabatda bir ýyl içinde “Türkmenbaşy” we “Senagat” banklarynyň edara binalaryny hem gurar.

Emma TDH türkmen ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýynda planlaşdyrylýan täze binalaryň döwlet býujetinde sosial maksatlar üçin goýberilýän serişdäniň näçe prosentini alýandygyny we türkmen gaznasyna näçe serişdä düşýändigini anyklaşdyrmaýar. Şol bir wagtda ýerli synçylar soňky on ýylda ministrlikler üçin gurlan edara jaýlarynyň köp otagynyň boş durandygyny, ol ministrlikleriň käbiriniň soň ýapylandygyny ýa birikdirilendigini belleýärler.

Şeýle-de, Türkmenistanda soňky on ýylda ençeme kongres zaly guruldy, prezident köşgünden başga Ministrler kabineti üçin aýratynbina guruldy, "Awazada" we Aşgabatda gurlan myhmanhanalaryň köplenç boş durandygy aýdylýar. Bularyň üstesine, şu ýyl galan üç welaýatda hem Maryda we Ahalda gurlan "Ak öý binalarynyň" gurulmagy tabşyryldy.

Uly gurluşyklar ýa-da prezidentiň bir özüniň karar bermeginde tassyklanýan proýektleriň köpüsi türkmen ykdysadyýetine girdeji getirmän, tersine ýük bolýar diýen pikir soňky döwürde barha kän eşidilýär. Mysal üçin, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew ýurtda gurlan täze demir ýollaryň 2018-nji ýylda hem wada berlen girdejileri getirmändigini aýdýar. Bu pikiri golaýda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýolynyň netijeliligini sorag astyna alan gazagystanly deputat hem tassyklady.

Türkmenistan o diýen oýlanyşykly görünmeýän gurluşyklar bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen hem dürli problemalara, algy-bergi dawalaryna uçraýar. Bu Berdimuhamedow bilen iň uzak işleşen Erol Tabança ýa-da“Polimeks" türk kompaniýasy babatda hem şeýle boldy.

Aşgabatda Olimpiýa şäherçesini guran "Polimeksiň" ozaly Aşgabatda öňki täze aeroporty ýykyp, ýerine gurlan täze aeroportyň gurluşygynda eden işleriniň hakyny doly alyp bilmändigi barada maglumatlar çykdy, soň bu daşary ýurt kompaniýasy Aşgabat-Türkmenbaşy ýolunyň gurluşygyny taşlap, ýurtdan çykdy.

Emma mukaddes ýer boş galmaýar diýleni. Aşgabat-Türkmenbaşy, Aşgabat-Türkmenabat awtobanlaryny, şeýle-de ýurtdaky ikinji kaliý dökünleri kärhanasyny gurmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine ynanyldy,bu indi millardlarça dollaryň ýerli firmalar tarapyndan "özleşdiriljegini" aňladýar.

Mundan başga, 2018-nji ýylda ýene bir uly proýektiň - Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň düýbi tutuldy, emma täze şäheriň türkmen gaznasyna näçe serişdä düşjegi anyklaşdyrylmasa-da, onuň ady barada dürli çaklamalar bar.

Taryha gidýän ýyl Türkmenistanda 90-njy ýyllaryň başyndan soň görülmedik un gytçylygy bilen tapawutlandy. Un, çörek meselesi ýylyň aýagynda paýtagt Aşgabada hem gelip ýetdi we garaşsyz neşirlerde çörek getirýän maşynyň töweregindäki nobatlary görkezýän wideolar peýda boldy. Resmi Aşgabat ozal towuk eti, towuk ýumurtgasy, ösümlik ýagy, çilim söwdasy bilen bagly başagaýlyklary ýalana çykarmaga çalşan bolsa, şondan soň çörek bişirilýän kärhanalardaky işiň gidişini telewizorda görkezip, azyk gytçylygyny ýuwmarlamaga çalyşdy.

Bir tarapdan daşary ýurt kompaniýalary bilen gymmatbaha gurluşyk proýektlerine gol çekilýän, ikinji tarapdan sudlaşylýan wagtynda, Mary welaýatynda un nobatyna duran adamlara “Häzirlikçe gelen un gutardy, size ýetmedi, indi gelse - bereris” diýlende, gazaba çykan obalylar hem boldy. "Olar oba geňeşiniň başlygyny urup, dükana kürsäp girseler, onuň içinde un bar eken” diýip, Azatlygyň çeşmesi habar berdi.

2018-njiýyl diňe un, çörek gytçylygy bilen däl, eýsem mal iýmleriniň, kepegiň we arpanyň, samanyň gytçylygy bilen hem tapawutlandy. Azatlygyň habarçylary ýurtdaky mallaryň gyşdan çykmagynyň uly alada bolup durýandygyny hem habar berdiler.

2018-nji ýylyň ýene bir bellenmeli wakasy ýurtda 25-nji martda geçirilen parlament saýlawlary boldy, türkmen metbugaty bu saýlawlaryň halkara ölçeglerine laýyklykda geçirilendigini aýtdy. Emma halkara guramalary Türkmenistanda şu wagta çenli azat we adalatly diýlen saýlawlaryň bolmandygyny aýdýarlar.

Ýöne bu ýagdaý parlament saýlawlarynda prezidentiň ogly Serdar Berdmuhamedowyň ikinji gezek deputat saýlanmagyna zyýan bermedi, şol bir wagtda-da ol kakasy tarapyndan daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi, atasynyň adyny göterýän medal bilen sylaglandy.

Bu saýlawlaryň başga-da bir tapawudy boldy: Merkezi saýlaw komissiýasy tarapyndan Türkiýeden synçy bol diýip çagyrylan student Omruzak Omarkulyýew Türkmenistanda türmä basyldy.

Lebaply Ömruzak Omarkulyýew Türkiýede türkmen studentleriniň jemgyýetini döreden ýaş aktiwistdi. Omruzak 21-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynda eden çykyşynda öz döreden guramasy barada gürrüň berip, bu guramasynyň işine Türkmenistanyň ilçihanasynyň gyzyklanma bildirýändigini we goldaw hödürländigini aýdypdy.

Ömruzak mart aýynyň başynda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, özüniň türkmen häkimiýetleri tarapyndan 14-nji fewralda Türkmenistana alnyp barlandygyny we şondan bäri ýurtdan çykyp bilmeýändiginigürrüň berdi. Gysgaça aýdylanda, Ömruzak Omarkulyýew daşary ýurtdan aldaw bilen getirilen ilkinji bilinýän türkmen studenti boldy we bu aldawda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy esasy rollaryň birini oýnady diýip, hukuk goraýjylar aýdýarlar.

Türkmenistanlylaryň söz, metbugat, ýygnanyşmak, din azatlyklarynyň çäklendirilişi ýaly, hereket azatlygynyň hem çäklendirilmegi 2018-nji ýylda-da dowam etdi we bu ýagdaý aprel aýynda Türkiýä goýberilmedik raýatlaryň aeroportda nägilelik bildirmegine alyp geldi.

Azatlyk radiosynyň redaksiýasyna gowşan wideoýazgydan görnüşine görä, Aşgabadyň aeroportynda onlarça ýolagçy Türkiýä goýberilmezlikleri sebäpli gazaply nägilelik bildirýärler. Ýolagçylaryň gep-gürrüňinden olara biletleriň satylandygyny, dokumentleriň ‘düzüwdigini’ aňsa bolýar.

Aeroportdaky hadysa şaýat bolan adamlaryň käbiriniň Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, bu wideo 3-nji aprelde düşürildi we gürrüňi edilýän waka 2018-nji ýylda bildirilen raýat protestleriniň biri hökmünde ýyl ýazgysyna girdi. Şol bir wagtda, protestde esasy talapkär bolup çykyş eden ýaş zenanyň soňky ykbaly bize belli bolman galdy.

2018-nji ýylyň maýynda Berdimuhamedow Türkmenbaşy portuny açdy, Türkiýänň GAP Inşaat kompaniýasy tarapyndan gurlan 1,5 milliard dollarlyk desga 2-nji maýda, merkezi aziýa ýurdunyň tebigy gaz eksportyna bagly bolan ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek synanyşygynyň fonunda açyldy. Emma ekspertler onuň halkara ähmiýetini sorag astyna alýar.

Türkmenistanda, resmi maglumatlardan belli bolşy ýaly, uly proýektler hem, uly wezipelere bellenilýän adamlar hem prezident tarapyndan tassyklanylýar, bu meselelere parlamentiň täsiri görünmeýär. Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili Ýazdursun Gurbannazarowa hem öz wezipesine geçen Berdimuhamedowyň hödürlemegi bilen bellendi we şu ýylyň iýunynda onuň ilkinji hasabaty çap edildi.

Emma bu hasabatda türkmen türmelerinde diri ýiten diýilýänler, jaýlary ýykylyp, kompensasiýa berilmedikler, türme şertleri, raýatlaryň hereket azatlygy, söz we informasiýa almak boýunça hukuklarynyň köpçülikleýin bozulmagy bilen bagly faktlar agzalmady. Munuň üstesine, garaşsyz neşirleriň käbiri türkmen ombudsmeniniň hasabatyny “plagiat, göçürme” diýip hem atlandyrdy.

"Dokumentiň uly bölegi - hakyky plagiat, göçürme. Başgaça aýdylanda, adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil başga biriniň işinden tutuş bölekleri göçürip alypdyr we öz işi ýaly edip görkezipdir" diýip, "Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri" atly neşir Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça wekiliniň hasabatyny "Gazagystan Respublikasynda adam hukuklary boýunça wekiliň işi" atly magistrlik diplom işiniň mazmuny bilen deňeşdirdi.

2018-nji ýylyň ýene bir esasy wakasy 12-nji awgustda Hazarýaka döwletleriniň V sammitinde Hazaryň hukuk derejesini kesgitlemek boýunça Konwensiýa gol çekilmegi bilen bagly. Bu ylalaşygy amala aşyrmak üçin kenarýaka 5 döwletiň resmileri soňky 22 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda 50-den köp iş maslahatyny geçirdi. Emma bu Konwensiýanyň türkmen gaz söwdasynyň bazar ýollaryny diwersifikasiýa etmekde nähili mümkinçilikleri açýandygy belli bolman galýar.

2018-nji ýylyň sentýabry Berdimuhamedowyň ozal ýatyran Halk maslahatynyň ilkinji mejlisinde uly ösüş sanlaryny gaýtalap, şol bir wagtda-da öz oba hojalyk reformalarynyň netijesiz bolandygyny tassyk etmegi, garaşsyzlygyň başyndan bäri synag üstüne synagdan geçen daýhanlara täze reformalary - täze synagy teklip etmegi,üstesine, "halkyň indi gowy ýaşaýandygyny" aýdyp, S.Nyýazow döwründe ilata berlen gaz, suw, tok we jemagat hojalygy ýeňillikleriň doly ýatyryljagynyň yglan edilmegi bilen ýatda galdy.

Sentýabrda ýene bir waka - Awtoralli dabarasynda prezident Berdimuhamedowa art aýaklarynda ýörän atynyň Ginnes rekordynyň güwänamasynyň gowşurylmagy ýatda galdy. Ýogsa bu ýyl Berdimuhamedowyň öz çyzgysy esasynda täzeden guran sport maşynynda rallä gatnaşyp, ýeňiji bolmagyna garaşylypdy. Emma prezidentiň bu ýaryşa gören taýýarlyklary, näme üçindir, ozalky ýaryşlardaky ýaly, birinjilik getirmegi.

Mundan başga, oktýabr aýynda prezidentiň rallide süren “Mini Cooper” kysymly sport maşynynyň döwlet biržasy tarapyndan ýarym million ýewro pula satyn alnandygy hakynda maglumatlar çykdy. Döwlet biržasynyň bu söwdasy baradaky maglumatlar Berdimuhamedowyň 'indi zerur däl' diýip, ykdysady krisiz netijesinde Ykdysadyýet ministrligini Maliýe ministrligine birikdirmeginiň öň ýanynda mälim boldy.

2018-nji ýylda prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň syýasy arenadaky aktiwleşmesi hem dowam etdi, ol daşary ýurt saparlarynda boldy, ýurt içinde desgalaryň düýbüni tutmak, ulanmaga bermek dabaralaryna gatnaşdy.

2018-nji ýylyň dekabry Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklaryň has açyk görünmegi bilen häsiýetlendi. Mysal üçin, Belarusyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly studentleriň käbiri Azatlyk bilen habarlaşyp, öz plastik kartlaryndan iki hepdä golaý wagt bäri pul alyp bolmaýandygyny aýtdylar. Aşgabat şäheriniň häkimiýetleri bolsa, bazarlardaky we dükanlardaky bahalara polisiýa bilen jylaw salmaga synanyşdylar.

Bir ýyl öň uly umytlar bilen garşylanan it ýyly manat başagaýlyklary, dollaryň "gara bazar" nyrhlarynyň rekord derejelere galmagy, hökümet başlygynyň importyň ornuny tutýan harytlary öndürmegi yzygiderli talap edip, daşary ýurtlardan sermaýa gözlemegi, şol bir wagtda-da döwlet eýeçiligindäki metbugaty "gazanylan üstünlikleri ýeterlik beýan etmezlikde" tankytlamagy, garaşsyz neşirler bilen hyzmatdaşlyk edýän žurnalistleriň ýanalmagynyň dowam etdirilmegi bilen taryha gidýär.

Şeýle-de, işini dowam etdirip bilmese-de, bu ýyldagaraşsyz žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýew azatlyga çykdy. Nepesgulyýewden tapawutlylykda, prezident Berdimuhamedow kanunyň berýän döredijilik hukuklaryndan doly peýdalanmagyny dowam etdi we öz muşdaklaryny täzeden-täze, birbada üç dilde çykýan kitaplary, dünýä belli satiriki gepleşiklerde agzalmagy hem-de täze aýdym-sazlary bilen begendirdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG