Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus mekdebiniň açyk 'syry' we türkmen emeldarlarynyň çärä garşy tapan çäresi


Okuwçy

Orsýetden Türkmenistana gelýän ýokary derejeli resmiler bu ýurtda rus diline uly üns berilýändigini aýdyp, Aşgabatda ýerleşýän A.S.Puşkin adyndaky mekdebi tutuş sebit üçin görelde edip görkezýärler. Bu Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Aşgabada eden soňky saparynda hem şeýle boldy.

Emma ýerli synçylar bu meselede doly hakykatyň aýdylmaýandygyny, Türkmenistanda rus dilinde bilim almagyň görülmedik derejede çäklendirilendigini, beýleki etniki azlyklaryň dillerinde sapak berlen mekdepleriň bolsa doly ýapylandygyny habar berýärler.

A.S.Puşkin adyndaky mekdep barada aýdylanda, Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä, bu mekdep Türkmenistanyň däl-de, Orsýetiň maliýe serişdeleriniň hasabyna guruldy, mekdebiň 250 çemesi işgäri Orsýetden daşary ýurt walýutasynda aýlyk alýar, ýagny olaryň aýlyklary her aýda bank hasaplaryna ABŞ dollarynda gelip gowuşýar.

Aşgabatdaky rus mekdebi barada gürrüň edilende ýene bir agzalmaýan zat bolsa, ol ýerde esasan wezipeli adamlaryň çagalary okaýar, okuwçylaryň60-65 prosentini türkmen emeldarlarynyň ogul-gyzlary düşýär diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen bilim resmisi aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, bu mekdepde okuwlar Orsýetiň Bilim ministrliginiň tassyklanmekdep programmasy esasynda alnyp barylýar, okuwçylardan edilýän talap ýokary, bilim berlişiniň derejesi türkmen mekdepleri bilen deňeşdirilende kän esse gowy we, üstesine, çagalar rus dilinden başga, iňlis dilini hem gowy öwrenýärler. Şu ýagdaýlar hem türkmen emeldarlarynyň öz çagalaryny türkmen mekdeplerinden, üstesine çärelerden halas edip, Aşgabatdaky ýeke-täk rus mekdebinde okatjak bolmagyna sebäp bolýar.

Rus mekdebinde çagalaryň okajak wagty köpçülikleýin çäreler, dabara-şowhun, prezidentiň kitaplary bilen ogurlanmaýar, bu häzirki şertlerde ýagdaýy bar adamlaryňçagasyna edip biljek iň uly sowgady” diýip, bu mekdepde gyzy okaýan aşgabatly ene Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şol bir wagtda ýerli çeşmeler bu mekdebe Aşgabatda ýaşaýan rus dillileriň, etniki azlyklaryň hemmesiniň çagasyny ýerleşdirip bilmeýändigini, sebäbi ol ýere çaga ýerleşdirmegiň goşmaça çykdajylarynyň bardygyny habar berýärler.

Rus mekdebine okuwçy ýerleşdirmek üçin berilýän paranyň möçberi ýylda ýokarlanýar, özem olar parany diňe dollarda kabul edýärler” diýip, anonimlik şertinde gürleşen bilim resmisi Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bar bolan maglumata görä, Türkmenistanda rus dilinde diňe A.S.Puşkin adyndaky mekdepde sapak berilmeýär, milleti rus bolan ýa öýlerinde rusça gürleşýän çagalara çalarak eglişik edilýär, ýagny olara türkmen mekdepleriniň rus klaslarynda okamak mümkinçiligi döredilýär.

Emma olar Türkmenistanyň mekdep programmasy esasynda okadylýar we çärelerden, ideologiýa ýugrulan sapaklardan, mejbury geýdirilýän türkmen eşiklerinden halas bolup bilmeýär diýip, çagasy şeýle klaslaryň birinde okaýan ýerli žurnalist Azatlygyň habarçy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu klaslarda hem ýerli türkmenleriň çagalary agdyklyk edýär.

Rus dilinden tapawutlylykda, Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda beýleki etniki azlyklaryň dillerindäki mekdepleriň ählisi ýapyldy. Türkmenbaşy etrabynyň Goşa obasynda, ýerli gazaklaryň köplük bolup ýaşan ýerinde 600 okuwça niýetlenip gurlan mekdep muňa anyk mysal bolup biler.

“Gazaklar işsizlik zerarly köpçülikleýin göçüp gitmezlerinden öň bu mekdepde 600 çaga okaýardy, sapaklar gazak dilinde berilýärdi, indi bu türkmen mekdebi, onda 12 okuwçy okaýar” diýip Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG