Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilatda pul ýok, bergilileri prokuratura çagyrýar, kadrlaryň çalşylmagy üýtgeşiklik getirmeýär


Aşgabat, Garaşsyzlyk parkynyň ýanyndan geçip barýan ýaşuly. Aprel, 2019.
Aşgabat, Garaşsyzlyk parkynyň ýanyndan geçip barýan ýaşuly. Aprel, 2019.

“Turkmen.news” 23-nji aprelde Balkanabat şäheriniň prokuratura işgärleriniň ýyl başyndan bäri ulanan elektrik energiýasynyň, gazynyň we agyz suwunyň bahasyny tölemedik adamlar bilen meşgullanýandygyny habar berdi, synçylar ýurtda ýalňyş syýasat ýöredilýändigini aýdýarlar.

Neşiriň öz çeşmelerine salgylanyp tassyklamagyna görä, Balkanabadyň ýaşaýjylarynyň köpüsiniň öýünde şindi hem ölçeýiler ýok, bolan ölçeýjiler bolsa, dürli sebäplere görä, şu wagta çenli işe girizilmeýär.

Bu habar Aşgabatda suw üçin tölegleriň internet arkaly tölenip biljegi barada çykan resmi maglumatyň yz ýanyna gabat geldi. TDH 19-njy aprelde Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň suw üçin töleglerini mobil telefonlary, internet we töleg terminallary arkaly töläp biljekdiklerini habar berdi.

Ýöne “Azatlyk” 8-nji aprelde “Aşgabatagyzsuw” döwlet kärhanasynyň işgärleriniň mart aýynyň aýlygyny almak üçin hasap bölümine 50 manatdan pul tabşyrmaly edilendigini habar berdi. Radionyň habarçysynyň 13-nji aprelde beren maglumatyna görä, işgärler talap edilýän möçberdäki puly tölänlerinden soň hem aýlyklaryny alyp bilmediler.

“Azatlyk” radiosy bilen gürleşen synçylaryň käbiri Türkmenistanda manadynyň dollaryň garşylygyndaky hümmetiniň peselmegi, aýlyklaryň wagtynda berilmezligi we durmuşyň gymmatlamagy bilen baglylykda, gaz, suw we elektrik töleglerini wagtynda töläp bilmeýän raýatlaryň barha köpelmek we bu ýagdaýyň kanun esasynda çäre görülmeli adamlaryň sanyny öňki ýyllardaka garanda hem artdyrmak ähtimallygyny duýdurýarlar.

Türkmenistanda garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri ilata mugt diýen ýaly berlen gaz, suw, elektrik üçin tölegler şu ýylyň başyndan girizildi, ýöne “Azatlygyň” Aşgabatdaky habarçylary paýtagtyň ýaşaýjylarynyň mundan öňki ýyllarda ulanan suwlary üçin hem jerime tölemäge mejbur edilendigini habar berdiler.

Ilaty sosial taýdan goramak üçin girizilen we 2030-njy ýyla çenli saklanjagy wada berlen mugt jemagat hojalygy hyzmatlarynyň ýatyrylmagy adamlaryň durmuş derejesiniň gowulanmagy bilen düşündirildi, emma ýerli synçylar ýurtdaky ortaça aýlygyň dollaryň resmi kursunda hasaplananda $228 dollara golaý bolýandygyny habar berýärler.

Mundan başga, ýurtda işsizligiň derejesiniň ýokary galmasa, peselmeýändigi, öňki işsizleriň üstüne Türkiýeden deportasiýa edilen zähmet migrantlarynyň hem goşulýandygy aýdylýar.

Ekspertler Türkmenistanda emele gelen ykdysady kynçylyklary energiýa bahalarynyň global arzanlamagy, türkmen hökümetiniň milliardlarça dollara durýan oýlanyşyksyz taslamalary bilen baglanyşdyrýarlar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň nebit-gaz girdejilerini ýitirýändigini baryp 2014-nji ýylyň başynda boýun aldy we “gazyň mugt sarp edilýän möçberiniň ýyl-ýyldan artmagyndan, döwletiň almaly girdejisini ýitirmeginden” nägileligini daşyna çykaryp, nobatdaky kadr çalşygyny geçirdi we kadr çalyşmalary şondan soň hem yzygiderli dowam etdirildi.

Ýerli synçylar, şol sanda ykdysatçy Hudaýberdi Orazow bu kadr çalyşmalarynyň "ýurduň ilatynyň gün-güzeran kynçylyklaryny ýeňletmeýändigini, adamlaryň ýyl-ýyldan garyp düşýändigini, sebäbi ýurtda ýalňyş syýasat ýöredilýändigini we prezidentiň başgalary günäläp, özüni aklamakdan başga çäre tapmaýandygyny belleýärler.

XS
SM
MD
LG