Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Waşington tarapyndan giriziljek islendik sanksiýa garşy jogap berjekdigini aýtdy


Türk daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu
Türk daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu

Türk daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Türkiýäniň Russiýadan S-400 raketa goranyş sistemasyny satyn almak baradaky ylalaşygy bilen bagly Waşington tarapyndan girizilmegi mümkin islendik sanksiýalara garşy Ankaranyň jogap berjekdigini aýtdy.

14-nji iýunda Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar agentligine beren maglumatynda Çawuşoglu Türkiýäniň “garaşsyz we erkin” ýurt hökmünde özüniň goranyşyna degişli satyn almalar barada karar kabul etmäge hukugynyň bardygyny hem belledi.

Ankaranyň Russiýa bilen bu ylalaşygy iki NATO ýarany ýurduň arasyndaky gatnaşyklara zeper ýetirdi.

Birleşen Ştatlar Türkiýä Russiýada ýasalan S-400 raketa goranyş sistemasyny satyn almak baradaky ylalaşygyndan el çekmegi üçin 31-nji iýula çenli wagt berdi ýa-da onuň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky F-35 söweş uçarlary taslamasyndan çykmaly boljakdygyny aýdypdy.

Şeýle-de, Waşington eger Ankara rus raketa goranyş sistemasyny kabul etse, onda Türkiýä garşy sanksiýalary girizmek ähtimallygyny hem duýdurypdyr.

14-nji iýunda türk daşary işler ministri Çawuşoglu eger Waşington sanksiýalary güýje girizse, onda Türkiýäniň “muňa garşy çäre görjekdigini” aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG