Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wise-premýer sergide ekologiýa innowasiýalaryny görkezendigini aýdýar, daýhanlar hasyly ot ýakyp ‘halas edýär’


Wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berýär. 16-njy awgust, 2019.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy awgustda Ministrler kabinetiniň mejlisini geçirip, başga meseleleriň arasynda, “obasenagat toplumynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy” babatda hem anyk tabşyryklary berdi.

Bu tabşyryklar Mary welaýatyndan gowaçalaryň köpçülikleýin gül-gunçasyny, gozalaryny dökýändigi barada, Daşoguzdan we Lebapdan gowaça suwarmaga suw ýetmeýändigi barada gelýän maglumatlaryň yz ýanyndan berildi.

Emma muňa garamazdan, döwlet eýeçiligindäki media kärendeçileriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryň ýylyň pagta hasylynyň ýitirilmek ähtimallygy, kärendeçileriň bergili çykmak aladalary barada hiç bir maglumat bermeýär.

Azatlyga 17-nji awgustda gelen maglumata görä, Mary şäheriniň jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri şu günler el-aýak bolup, welaýat paýtagtynyň içinde we onuň ýakalarynda arassaçylyk işlerini geçirýärler, suw sepip, arça agaçlaryny ýuwýarlar.

Bu maglumat welaýatyň gowaça meýdanlarynda gowaçalaryň köpçülikleýin gunça dökýändigi barada gelen maglumatyň yz ýanyndan gowuşdy. Şeýle-de habarçylarymyz şu gün gowaçalaryň gunçalaryny döküşini görkezýän wideolary iberdiler.

Arça agaçlaryny iki gün mundan öň hem suw sepip ýuwdular, emma bu gün arça ýuwlan suwuň içine awuly himikatlary hem goşdular” diýip, habarçy jemagaty hojalygy işgärlerine özüne beren maglumatyna esaslanyp aýtdy. Onuň sözlerine görä, suw sepilip ýuwlan arça agaçlarynyň ýanyndan geçseň, burnuňa örän ýakymsyz ys urýar.

Radionyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen jemagat hojalygy işgäri arçalara sepilen “dermanly suwlaryň” himiki düzümini bilmeýändigini, emma şeýle suw sepilenden soň baglaryň aşagyndaky beýleki ösümlikleriň uzak galman süllerýändiginigürrüň berdi. Şeýle-de ol arçalara aldygyna “awuly suw sepmekleriniň sebäbini “akja möjeklere” we “şireje ýagmagyna” garşy göreş çäreleri bilen düşündirdi.

Mary şäheriniň içinde we töwereginde geçirilen arassaçylyk çärelerine çalymdaş çäreler, mör-möjekleri ýok etmek tagallalary Mary-Baýramaly arasyndaky uly ýoluň ugrunda hem geçirildi.

Aýdylmagyna görä, bu arassaçylyk çäreleri gowaçalaryň gunçalarynyň, gozalarynyň gurap, köpçülikleýin ýere dökülmegine “sebäp bolýan” mör-möjeklere garşy alnyp barylýan göreş bilen baglanyşykly.

Düýn, 16-njy iýulda, gün ýaşyp, garaňky düşende Mary-Baýramaly şaýolunyň ugrunda kärende ýeri bolan adamlaryň ählisini toplap, olara gowaça meýdanlarynyň gyrasynda birnäçe ýerde ot ýakdyrdylar” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen duşuşan kärendeçi gürrüň berdi.

Arçynyň kärendeçilere düşündirmegine görä, eger daýhanlar öz gowaça meýdanlarynyň gyrasynda birnäçe ýerde uludan ok ýaksalar, gowaça zyýan berýän, baldak iýýän, gül-gunçalaryň köpçülikleýin dökülmegine, ýetişip gelýän gozalaryň gurap gaçmagyna sebäp bolýan mör-möjekler gelip, özlerini oda urup ölerler we şeýlelikde geljekki hasyl halas ediler.

Oba arçynynyň “bu işi hökman etmek” barada beren görkezmesinden soň, öten agşam köp kärendeçi öz gowaça meýdanlarynda uludan ot ýakdy, odun tapmadyklar awtoulaglaryň taşlanan tekerlerini otladylar diýip, adynyň agzalmazlygyny soran ýerli agronomhem bu maglumaty tassyk etdi.

Onuň sözlerine görä, 17-nji awgustda welaýatyň oba arçynlarynyň köpüsi oba adamlary bilen ýygnak geçirip, kärendeçilere öz gowaça meýdanlarynda agşamlaryna ot ýakmagy maslahat berdi.

Azatlyk 16-njy awgustda Mary welaýatynda gowaçalara “bit degmesine” garşy göreş alnyp barylýandygyny habar berdi. Emma ýerli agronomyň radionyň habarçysyna aýtmagyna görä, gül-gunçalaryny dökýän gowaçalaryň uçran keseli barada häzir anyk bir zat aýtmak kyn.

Ýere gaçan gunçalary ýeke-ýeke elime alyp, barlap gördüm. Ýöne ol gunçalaryň hiç birinde iýlen ýa deşilen ýerine gözüm düşmedi” diýip, maryly hünärmen Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Türkmenistanyň beýleki welaýatlarynda hem gowaça eken kärendeçileriň bergili çykmakdan howatyr edýändikleri habar berilýär. Emma Marydakydan tapawutlylykda, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň kärendeçileri gowaçany wagtly-wagtynda suwarmak üçin suw ýetmeýändigini, muňa esasan suw desgalaryna ideg edilmezliginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Emma muňa garamazdan, 16-njy awgustda geçirilen hökümet maslahatynda ýylyň gowaça hasylyna abanýandygy aýdylýan howp barada hiç bir gürrüň edilmedi.

Wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewiň prezident Berdimuhamedowa beren hasabatynda aýdylmagyna görä, “häzirki döwürde welaýatlarda gowaçanyň hatarara bejergisi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede ýerine ýetirilýär”.

Şeýle-de Orazgeldiýew Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisinde ýurduň daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetirýän işleriniň görkezilendigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG