ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tährana basyşy güýçlendirip, Döwlet departamentine Eýranyň ýokary derejeli resmileriniň we olaryň maşgala agzalarynyň Birleşen Ştatlara immigrant ýa-da immigrant däl görnüşde girmegine gadaganlyk girizmeklige ygtyýar berdi.
Ak tamyň 25-nji sentýabrda yglan eden beýanatynda Trampyň aýdan sözleri sitirlenýär: “ [bu adamlaryň] Birleşen Ştatlara çäklendirilmedik immigrant we immigrant däl girişi Birleşen Ştatlaryň bähbitlerine zyýan bolar, şu sebäpden olaryň girişi belli bir çäklendirmelere, çäkliliklere we kadadan çykmalara sezewar edilmeli”.
Tramp ol beýanatda eýran hökümetiniň bolşunyň “Ýakyn Gündogarda we ondan daşarda parahatçylyga we durnuklylyga wehim salýandygyny” aýtdy.
“Men, Birleşen Ştatlaryň bähbitlerinden ugur alyp, Eýranyň ýokary derejeli hökümet resmileriniň we olaryň ýakyn garyndaşlarynyň immigrant we immigrant däl görnüşinde Birleşen Ştatlara girmegine çäklendirme girizmek we olaryň gelmegini togtamak üçin çäre görmek kararyna geldim” diýip, Tramp aýtdy.
Eýran resmileri bu gadaganlyga bada-bar düşündiriş bermediler.
Iki ýurduň arasyndaky dartgynlyklar Tramp ABŞ-ny 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyndan çykaraly bäri ýokarlandy. Eýran dünýä döwletleri bilen şertnama baglaşyp, ýadro programmasyny jylawlamagynyň deregine sanksiýalardan boşamak mümkinçiligini aldy. Emma Tramp Tährana garşy sanksiýalary gaýtadan girizdi.
Bu çäre Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň BMG-niň Baş Assambleýasynda Tähran sanksiýalar astynda galýan wagtynda öz ýadro programmasy barada gepleşik geçirmez diýip,Birleşen Ştatlary “rehimsiz ykdysady terrorda” aýyplanyndan birnäçe sagat soň görüldi.
Şeýle-de bu çäre Eýranyň 80-den gowrak diplomatynyň we olaryň kömekçileriniň Nýu-Ýurka, Baş Assambleýanyň mejlisine gatnaşmak üçin baran wagtyna gabat geldi.
“The New York Times” syýahat gadagnlygynyň bu adamlary derhal ýurtdan çykmaga mejbur etmegine garaşylmaýandygyny habar berdi. Birleşen Ştatlar, BMG şertnamasy astynda, daşary ýurt liderleriniň ählisine BMG-niň edarasyna gelmekleri üçin wiza berýär, emma olaryň Nýu-Ýorkda bolan wagtlaryndaky hereketlerini çäklendirip bilýär.
Bu dokumentde anyk adam atlary getirilmedi” diňe “Eýran hökümetiniň uly derejeli resmileri... we Eýran hökümetiniň uly resmileriniň göni maşgala agzalary” diýmek bilen çäklenildi.
Şeýle-de dokumentde bu çärä degişli edilip biljek adamlaryň döwlet sekretary tarapyndan, onuň öz meýline görä kesgitlenip bilinjekdigi bellenildi.
“Roýters” Döwlet departamentiniň sözçüsine salgylanyp, onuň “Eýranyň hökümeti terrorçylyga howandarlygyň öňüni çekýän döwlet, bu režim nebit we ýük daşamak ulgamyna hüjüm etmek bilen Pars aýlagy sebitini durnuksyzlaşdyrdy ” diýendigini habar berdi.
"Eýran režiminiň resmilerine ýa-da olaryň maşgala agzalaryna Birleşen Ştatlara syýahat etmegi dowam etdirmek rugsadyny bermek biziň bähbitlerimize ters geler we Eýranyň hereketlerine göz ýummak bolar” diýip, ol aýtdy we bu sözüni Tähranyň Ýemendäki huti gozgalaňçylaryna, Yrakdaky we Siriýadaky şaýy milisiýalaryna goldaw bermegi bilen delillendirdi.
Trampyň buýrugy bu gadaganlykda käbir kadadan çykmalara hem ýer goýýar, ýagny gadaganlygyň kanun esasynda ABŞ-nyň hemişelik oturym alanlara, gaçybatalga berlenlere, ýa-da Birleşen Ştatlarda eýýäm kabul edilen bosgunlara degişli bolmajakdygyny aýdýar.
Mundan başga, “hukuk goraýjy organlaryň wajyp maksatlara ýetmegine ýardam berjek” adamlar babatynda hem goşmaça kadadan çykmalaryň bolmagy mümkin.
Biraz öň ABŞ-nyň Gazna departamenti 11 hytaýlynyň we kärhananyň gadaganlyga salnandygyny, olaryň bile-göre, ABŞ sanksiýalaryny bozup, Eýrandan nebit geçirmekde aýyplanandygyny aýtdy.