Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandan çykmak näçä durýar?


Aşgabadyň halkara aeroporty

Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurduň daşyna çykmagyna döredilýän bökdençlikleriň we olaryň halkara reýslerden köpçülikleýin düşürilmeginiň fonunda ilatyň ýurduň daşyna çykmagyna ýardam bermek boýunça hyzmatlar köpelýär.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň maglumatyna görä, häzirki wagtda gadagançylyk problemasyny aradan aýyrmak 2-5 müň amerikan dollaryna düşýär.

Eger adamy bir ýa-da iki gezek Türkmenistandan goýbermedik bolsalar, meseläni araçynyň üsti bilen 2000 dollara çözüp bolýar. Eger-de, adam öň deportasiýa edilen bolsa baha 5000 ýetýär, diýip neşir belleýär.

Mundan öň Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary türkmen raýatlarynyň Aşgabatdan Demirgazyk Kipre uçmak üçin araçylara 2750 dollar möçberinde para bermäge mejbur bolmagyna degişli wakalar barada habar beripdi.

Şeýle, kanuna doly gabat gelmeýän gadagançylyklaryň bar bolan ýerinde olaryň daşyndan aýlanyp, geçmegiň ýollary hem bolýar diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" belleýär we "gara sanawlara" düşen adamyň ýurduň daşyna çykarylmagynyň nyrhynyň hem onuň sanawa düşmeginiň sebäplerine, ýagny onuň özüniň eden hereketine ýa-da şeýle adamyň garyndaşy bolmagyna bagly bolýandygyny aýdýar. Şol bir wagtda-da, Türkmenistanda pul bilen hem ýurduň daşyna çykyp bilmeýänleriň sanawy hem bar.

"Türkmenistanyň Hronikasy" ýurduň daşyna çykmaga ýardam bermek boýunça hyzmatlaryň üpjün edilişine degişli jikme-jik maglumatlary berýär.

​"Şeýle meseleleriň çözgüdi bilen meşgullanýanlaryň we ýygy-ýygydan Stambula gatnaýanlaryň biri paýtagtyň ýaşaýjysy Maral (redaksiýa onuň hakyky adyny bilýär). Onuň ýakyn garyndaşy Migrasiýa gullugynyň ýurduň daşyna gidip-gelýänler barada maglumat toplamak we analiz etmek boýunça bölüminde işleýär. Türkmenistanyň daşyna we ýurduň içine goýberilmedikler, şeýle-de ýurduň içine we daşyna goýberilmeli däl adamlar hakynda kanun goraýjy organlaryň berýän maglumatlary hut şu gullukda toplanýar. Şu bölümde adamyň adyny gadagançylyga düşenleriň sanawyndan aýryp bolýar. Maral müşderi tapyp, öz garyndaşynyň kömegi bilen olara ýurduň daşyna çykmaga ýardam berýär. Ýaňy-ýakynda onuň kömegi bilen Stambula üç adam bardy, olary mundan öň iki gezek ýurtdan çykarmandylar" diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri ýazýar.

Türkmenistanyň ilaty soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurduň daşyna çykmakda dürli päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Ýurduň migrasion häkimiýetleri raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagyna gadagançylygyň bolmagyny resmi taýdan boýun almaýar, döredýän päsgelçilikleriniň sebäplerini düşündirmeýär. Soňky ýyllarda ýurduň daşyna çykmak gadagançylygyna ilkinji nobatda ýaşy 35 çenli zenanlar, 40 ýaşyna çenli erkekler, daşary ýurtlarda bilim alýan studentler we goşun gullugynda bolmadyk ýaşlar duçar bolýarlar.

Köplenç raýatlar özleriniň ýurduň daşyna çykarylmajagyny aeroportda uçjak bolanda bilip galýarlar. Ýolagçylaryň uçar biletleriniň bahasy köplenç gaýdyp berilmeýär.

Azatlygyň habarçylarynyň noýabryň başynda habar bermegine görä, "Türkmen howaýollarynyň" Stambula günde iki gezek amala aşyrýan reýslerine günde 20-30 adamdan goýberilmändir. Sentýabrda bolsa Aşgabat-Stambul reýslerinden ýolagçylaryň ýarsyna golaýyny alyp galypdyrlar.

Mundan öň uçara goýberilmedik ýolagçylaryň pajygaly wakalara sezewar bolmagyna degişli birnäçe waka boldy. Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, 2018-nji ýylyň tomsunda Daşoguzyň ýaşaýjysy üç gezek uçara goýberilmän uly maddy zyýana galyp, öz janyna kast edipdir. Şol ýylyň maý aýynda uçara goýberilmedik zenan ýüreginden tutup heläk bolupdyr.

Türkmenistanyň ilatynyň ýurduň daşyna çykmagyna döredilýän päsgelçilikler ýurt ilatynyň migrasiýanyň derejesiniň öň görlüp eşidilmedik möçbere ýeten döwrüne gabat gelýär.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ygtybarly çeşmelerine görä, soňky 10 ýylyň dowamynda Türkmenistany 1 million 879 müň adam terk edipdir.

Türkmenistan on ýyldan gowrak wagt bäri resmi statistikany, şol sanda ilat sanyny çap etmän gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG