Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň hassahanasynda bolan lift betbagtçylygynda bir adam öldi


Hassahana koridory. Arhiwden alnan surat
Hassahana koridory. Arhiwden alnan surat

Aşgabadyň S.A.Nyýazow adyndaky hassahanasynyň liftinde bolan betbagtçylygyň netijesinde bir adam öldi. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän aşgabatly habarçysy 24-nji noýabrda bolan wakada hassahananyň liftini dolandyrýan işgäriň heläk bolandygyny aýdýar.

“Keselhananyň kabul ediş bölüminde dördünji gatdan lift tarsa aşak gaçdy. Bu waka dördünji gatda şepagat uýasy näsagy liftden çykaran dessine bolupdyr. Wakada lifti dolandyrýan oglan aradan çykypdyr. Lift aşak gitmeli wagty tarsa gopup, işgäri öldüren bolana çemeli” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy hassahanada saglyk bejergisini alýan näsaglaryň ençemesine salgylanyp, 26-njy noýabrda gürrüň berdi.

Betbagtçylyk barada ilkinji bolup, 25-nji noýabrda habar beren “Türkmen.news” neşiri wakada keselhananyň liftini dolandyrýan işgäriň däl-de, şepagat uýasynyň ölendigini aýtdy.

“Wakanyň bolan wagty ýaş zenan näsagy ýörite arabada liftde ýokary çykarýar. Olar barmaly gatyna baranda, arabany çykaryp başlaýarlar. Şonda liftiň gapysy duýdansyz ýapylýar we ol şepagat uýasy bilen bilelikde aşak gidýär. Netijede liftiň ýüpi çydaman, kabina şepagat uýasy bilen bile şahta gaçýar” diýip, neşir betbagtçylyga liftdäki näsazlygyň sebäp bolandygyny hem belleýär.

Waka şaýat bolan tiz kömek gullugynyň işgärleri betbagtçylygyň bolan wagty keselhananyň koridorynda onlarça näsagyň bolandygyny aýdýarlar diýip, habarda nygtalýar.

“Liftiň kabinasy çym-pytrak bolupdyr. Şahtadan şepagat uýasy bölekleýin çykaryldy. Onuň üç çagasy bardy” diýip, neşir ýazýar.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçysy hem wakada şepagat uýasynyň heläk bolandygy baradaky ähtimallygy aradan aýyrmaýar.

“Wakadan soň keselhananyň saglyk işgärlerine bu barada geplemezlik berk tabşyrylypdyr. Işgärler waka barada özaralarynda gepleşmäge hem gorkýarlar. Şol sebäpli bu barada keselhana işgärlerinden maglumat alyp bolmady. Betbagtçylykda şepagat uýasynyň ölen bolmagy hem mümkin” diýip, Azatlygyň habarçysy sözüniň üstüne goşdy.

Aýdylmagyna görä, 25-nji noýabrda hassahananyň liftinde gyssagly abatlaýyş işleri geçirildi. Bejeriş işlerini geçiren işgärlere polisiýa gözegçilik etdi.

Azatlyk Radiosy waka barada hassahananyň resmileri bilen telefon arkaly habarlaşyp, kommentariý alyp bilmedi. Bu barada döwlet mediasynda hem häzirlikçe maglumat göze ilmeýär.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri adatça ýurtda bolýan tehniki ýa-da tebigy betbagtçylyklar, ýol hadysalary we beýlekiler barada ilat köpçüligine maglumat bermeýär.

Soňky ýyllarda ýurt resmileri Türkmenistanda millionlarça amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesi harçlanyp, döwrebap lukmançylyk merkezleriniň we hassahanalaryň gurulýandygyny habar berýär.

13-nji noýabrda “Türkmenistan Altyn Asyr” websaýtynda çap edilen makalada bu merkezlerde ilat üçin dünýä ülňüleriniň derejesindäki lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterlidigi aýdylýar.

Şol bir wagtda, Aşgabatdaky iň gadymy saglyk merkezleriniň biri hasaplanýan S.A.Nyýazow adyndaky hassahanada şertleriň gözgyny ýagdaýdadygyny, adaty abatlaýyş işleriniň-de ençeme ýyl bäri göwnejaý geçirilmeýändigini, Azatlygyň habarçylary habar beripdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG