Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň azyk bolçulygy: bazarlarda apelsin, dükanlarda un satylýar, ýumurtga gytçylygy saklanýar.


Aşgabadyň "Parahat" etrapçasyndaky bazar, ýanwar, 2018
Aşgabadyň "Parahat" etrapçasyndaky bazar, ýanwar, 2018

Aşgabadyň azyk bazarlarynda baýramçylygyň öňýanyndaky hereket göze ilýär, alyjylara hödürlenýän azyk önümleriniň görnüşleri köpelip, köpden bäri satuwda bolmadyk önümler peýda bolupdyr.

Azatlygyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär:

- Sitrus miweleri, möwsümleýin apelsin, greýpfrut, bananlar peýda boldy. Olara talap bar, bazarlarda käbir ýerlerde uly bolmadyk nobatlar döreýär, emma gytçylyk ýok. Kakadylan miweler, süýji önümler kökeler, kemput köp getirildi, ählisi Orsýetden, Türkiýeden, Ukrainadan we Belarusdan getirilen daşary ýurt önümleri. Daşary ýurtly mesge ýagynyň görnüşleri köpeldi. Gant bar, hatda mele gant satylýar, kakao, kofeniň täze sortlary bar, käbirleri arzanlandyrylypdyr. Tort, köke bişirmekde ulanylýan wanil we korisa ýaly dürli önümler peýda boldy, olar öň gytdy. Gök önüm, ot, sogan, sarymsak, hyýar köp, ählisi ýerli önümler. Emma mango, ananas, kiwi, armyt, garaly ýaly Eýrandan we Türkiýeden getirlen ekzotiki önümler hem bar. Öň gyt bolan peýnirler Belarusdan, Eýrandan, Orsýetden getirilipdir.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, bazar bahalaryndan azyk önümleri döwlet dükanlarynda hem satylýar. Emma muňa harydar köp däl. Döwlet dükanlaryna barýanlaryň köpüsi kesgitli bahadan satylýan we köplenç satuwda bolmaýan un ýumurtga, ýag we şeker ýaly azyk önümleriniň gözleginde bolýarlar.

Azatlygyň habarçysy paýtagtyň Türkmenbaşy şaýolunda ýerleşýän №22 döwlet dükanyna baryp gördi we şeýle habar berdi:

- Bu "Parahat" etrapçalarynda iň gadymy dükandyr, emma bu ýerdäki ýagdaý beýlekilerden tapawutlanmaýar. Bu ýerdäki harytlaryň esasy bölegini hususy dükanlarda satylýan harytlar emele getirýär. Üstesine, arzan bahaly emma geçmeýän süýji we köke ýaly önümler bar. Olary hususy dükanlar geçmeýär diýip, hatda satmak üçin hem almaýarlar. Ýurtda öndürlen alkogol önümleri bar, ýerli we daşar ýurtly konserwalar, däne, arassalaýjy serişdeler, bar zat bazar bahasyndan.

Habarçymyzyň sözlerine görä, döwlet dükanlarynda alyjylar tarapyndan islenilýän käbir gyt harytlar hem bar, emma olary satyn almak boýunça girizilen çäklendirmeler saklanýar.

- Döwletiň kesgitlän nyrhyndan satylýan harytlaryň arasynda şeker bar bir kilogramy 7 manatdan. Ony rugsat berlen möçberde satmak üçin her haltajygyny iki kilogramdan bölüp goýupdyrlar. Kassanyň ýanynda bir haltasy goýlupdyr. Nobat ýok. Tüwi, un hem bar. Un bir kilogramy 2 manatdan, emma onuň hili aýylganç. Günebakar ýagy hem bar, gaba goýlup satylýar" diýip, habarçymyz aýtdy.

Türkmenistanda un, şeker, ösümlik ýagy ýaly önümleriň gytçylygy iki ýyldan gowrak wagt bäri saklanyp gelýär, bu önümler ýygy-ýygydan satuwdan aýrylýar, satylanda uly nobatlar döreýär.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, şu günler ýumurtga gyt haryt bolmagynda galýar.

- Dükanda arka tarapyndan bir tekje goýlupdyr, gyt harydy alyjylaryň köp bolan wagtynda satmak üçin. Bu ýumurtga üçin bolmaly, edil şol pursatda ýumurtga ýokdy - diýip, aşgabatdaky habarçymyz paýtagtdaky ýagdaý barada gürrüň berýär.

Şu günler ýumurtga Maryda hem ýok.

- Maryda hiç bir dükanda ýumurtga ýok. Munuň sebäbini hiç kim düşündirmeýär. Şu gün döwlet dükanlarynyň hiç birinde we bazarlarda ýumurtga bolmandy. Käbir hususy dükanlarda ýumurtgany gizlinlik bilen her birini 1,5 manatdan satdylar - diýip Azatlygyň Marydaky habarçysy aýdýar.

Türkmenistanda ýumurtganyň döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasyna görä, her biri 45 teňňeden.

Marydaky habarçymyzyň sözlerine görä, şu günki gün bu regionda bir kilogram mandarin 10 manada, bir kilogram banan 18 manada satylýar.

Ýurtdaky agyr ykdysady ýagdaý, işsizlik we ilatyň aglaba böleginiň maddy mümkinçiliginiň agyrlygy sebäpli, kesgitli nyrhly döwlet dükanlarynda hödürlenýän azyk ilat köpçüliginiň güzeran görmeginiň esasy çeşmesi bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG