Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“FlyDubai” kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasynyň öňünde gazanç etmek üçin ýüzlerçe adam nobata durýar


“FlyDubai” kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasy. Arhiwden alnan surat

Şu günler “FlyDubai” kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasynyň öňünde ýüzlerçe adam nobata durýar.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän habarçysy adamlaryň bu ýere, ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň we walýuta çäklendirmeleriniň fonunda, Visa kartlar arkaly gazanç etmegiň gözleginde barýandygyny aýdýar.

“Ýurt raýatlary Visa kartlaryndan her aý 120 amerikan dollaryny nagt däl söwdada ulanyp bilýärler. Adamlar bu ýere üýşüp, öz kartlaryny berýärler we bilet satyn almak üçin 120 amerikan dollaryny çekdirýärler. Soňra olar her 1 amerikan dollaryny 6 manatdan nagt görnüşde hasaplaşýarlar. Ýagny Visa karta salnan her 3,5 manat soňra 6 manada deň bolýar. Şeýlelikde olar her 120 dollardan 400 manat peýda görýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 14-nji fewralda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, agzalýan edaranyň işgäri takmynan her ýarym sagatdan binadan çykýar we 10 adamyň pasportlaryny hem-de Visa kartlaryny ýygnap alýar. Kart eýeleri daşarda garaşýar.

“Aradan 20 minut çemesi wagt geçensoň, binanyň daşyna ýene iki işgär çykýar. Olaryň biri pasportlary we Visa kartlary ýygnalyp alnan adamlaryň familiýalaryny okaýar. Beýleki işgär Visa karty we içine pul salnan pasporty yzyna gowşurýar” diýip, habarçy aýtdy.

Habarçy raýatlaryň “bu hyzmatdan” indi iki ýyla golaý wagt bäri peýdalanýandygyny, ýöne soňky hepdelerde bu ýere üýşýän adamlaryň sanynyň göz görtele artandygyny belleýär. Ol muňa ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň sebäp bolýandygyny aýdýar.


“Azyk, senagat harytlary we beýleki hyzmatlar yzygiderli gymmatlaýar. Adamlaryň alýan aýlygy köplenç maşgalany eklemäge ýetmeýär. Işsiz adamlar hem köp. Onsoň has köp adam goşmaça gazanjyň gözlegine çykýar. Şol sebäpden bu ýerde raýatlar hemişe nobatçylyk çekýär. Bu işe döwletiň kanun goraýjy edaralary tarapyndan gözegçilik edilýäne meňzemeýär” diýip, habarçy munuň sebäpleriniň nämälim bolmagynda galýandygyny hem belledi.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda aýdylanlar barada “FlyDubai” kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasyndan kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Türkmen häkimiýetleri 2016-njy ýylyň ýanwarynda dollaryň nagt söwdasyny ýatyrdy. Şondan bäri 1 amerikan dollarynyň resmi kursdaky bahasy 3,5 manat görnüşinde saklanýarka, onuň “gara bazardaky” nyrhy tas alty esse gymmatlap, 20 manada ýetdi.

Dollar çäklendirmesiniň we gymmatçylygynyň fonunda, Visa kartlar - ýurt raýatlarynyň resmi kursdan belli bir möçberde dollar satyn almagynyň ýeke-täk çeşmeleriniň biri bolup durýar.

Olar bu kartlardaky pul serişdesini daşary ýurtlarda dollarda nagtlaşdyryp ýa-da ýurduň içinde nagt bolmadyk tölegler üçin ulanyp bilýärler. Ýöne ýurt raýatlary ony nagtlaşdyrmak we nagt däl bank amallary üçin ulanmak bilen bagly hem yzygiderli çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Azatlyk Radiosy ýurt raýatlarynyň goşmaça gazanç etmek üçin “FlyDubai” kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasynyň öňünde üýşýändigi barada mundan ozal hem habar beripdi.

Geçen ýylyň oktýabrynda bolsa, “FlyDubai” kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasynyň öňünde nobata duran aýallaryň arasynda ýakalaşygyň bolandygy, onda iki sany zenanyň ejir çekendigi mälim boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG