Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nyýazow keselhanasynda heläkçilikden soň liftler bejerilmedi


Aşgabadyň S.Nyýazow adyndaky keselhanasy (arhiw suraty)

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň 18-nji fewralda habar bermegine görä, Nyýazow adyndaky keselhanada liftler şu günki güne çenli bejerilmän galýar. Bu ýagdaýda agyr hassalary we maýyplary basgançaklardan bir gatdan başgasyna göterip alyp barýarlar.

Noýabr aýynyň aýagynda paýtagtyň iň köp barylýan bu keselhanasynda heläkçilikli ýagdaý ýüze çykyp, onuň netijesinde bir adam wepat bolupdy. Şonda bu ýagdaýy türkmen häkimiýetleri kommentirlemändi, döwlet habar beriş serişdeleri habar bermändi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we garaşsyz habar beriş serişdeleri 24-nji noýabrda dörän pajygaly ýagdaýyň liftleriň näsaz bolmagynyň netijesinde ýüze çykandygyny habar beripdi.

"Ähli liftler öňünden ýapykdy, sebäbi olary bejermek üçin ätiýaçlyk şaýlary ýokdy. Lifti işledýän liftýorçy diňe biri, maýyplar we agyr hassalar üçin niýetlenen ýük lifti işleýärdi" - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz habar berýär.

Habarçymyzyň sözlerine görä, keselhananyň liftindäki heläkçilikden soň häkimiýetler liftleriň bejerilmegine pul çykarypdyr.

"Adatdan daşary ýagdaý barada ýurduň içinde we daşynda mälim bolansoň, keselhanany we onuň liftlerini bejermek üçin 17 million manat pul goýberilendigini işgärlere aýtdylar. Emma häzire çenli ne liftler bejerildi, ne-de saçakçylardan hem-de ýerzeminlerdäki alakalardan doly keselhananyň özi bejerildi. Liftler ýapyk, hassalary we maýyplary göterip basgançaklardan gatnadýarlar" - diýip, habarçymyz Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagyndaky çeşmelerine salgylanyp 18-nji fewralda habar berdi.

Azatlyk Radiosy S.Nyýazow adyndaky keselhanadan we Saglygy saklaýyş ministrliginden kommentariý almaga synanyşdy. Emma resmi maglumat almak başartmady.

Aşgabadyň Ozughan köçesinde ýerleşýän Türkmenistanyň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň adyny göterýän we il içinde "Nyýazow keselhanasy" diýlip atlandyrylýan bu medisina edarasy hyzmatlaryň hiliniň pesligi, we şertleriniň ýaramazlygy bilen tapawutlanýar.

Muňa garamazdan, onlarça ýyl mundan öň gurlan bu hassahana ilat köpçüliginiň iň köp barýan ýeri hasaplanýar. Türkmen paýtagtynyň beýleki hassahanalary bilen deňeşdirilende bu ýerdäki nyrhlaryň biraz pesligi muňa sebäp bolýar.

"Bu biziň gözden düşürlen, emma iň arzan hassahanamyz. Şertler aýylganç, ähli zat üçin pul talap edýärler, ýalňyz garrylary ýa-da kabul etmeýärler, ýa-da olar [ünssüz] ölýärler, sebäbi puly bolmasa golaýyna-da barmaýarlar" - diýip, aşgabatly habarçymyz 18-nji fewralda aýtdy.

Şeýle-de, onuň sözlerine görä, Aşgabadyň beýleki arzan keselhanalaryndaky ýagdaý hem şuňa meňzeş.

"Şeýle agyr şertler we umytsyzlyk 'mugt' diýilýän barak görnüşli Köşidäki hassahanada bar. Täze keselhanalar oňaýlykly, emma aňrybaş derejede gymmat" - diýip, habarçymyz belleýär.

Hapaçylyk, hyzmatlaryň pesligi, parahorluk we uly nobatlar ýaly problemalardan daşary Türkmenistanyň keselhanalarynda gyş möwsüminde ýyladyş sistemasynyň, tomus paslynda sowadyş sistemasynyň yzygiderli işlemeýändigi habar berlipdi.

Soňky onýyllykda Türkmenistanda onlarça täze döwrebap keselhanalar guruldy, olaryň aglabasy paýtagtda ýerleşýär. Ýurt ýolbaşçylary keselhanalaryň gurulmagyny ýurduň milli saglygy saklaýyş sistemasyndaky esasy üstünligi hökmünde öňe sürýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG