Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply býujet işgärlerine juma namazyna barmazlyk we iş ýerinde namaz okamazlyk tabşyrylýar


Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň býujet işgärlerine juma namazyna barmazlyk we iş ýerinde namaz okamazlyk tabşyrylýar. Bu waka prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebaba sapar edip, welaýatyň täze baş metjidini açan mahalyna gabat geldi.

“Juma namazyna barmazlyk we iş ýerinde namaz okamazlyk barada welaýatyň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, harby we hukuk goraýjy bölümleriniň işgärlerine tabşyrylypdyr. Häzir kim metjide baryp ele düşse, onda olara meýletin işden çekilýändigi barada arza ýazdyryljakdygy duýdurylypdyr. Býujet işgärleri işden çykarylmakdan gorkup, uly töwekgelçilik bilen metjide barýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 24-nji fewralda gürrüň berdi.

Dürli pudakda işleýän lebaply býujet işgärleriniň ençemesiniň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary bu barada aýyndan duýduryp başladylar. Ýöne dilden berlen bu duýduryşyň sebäplerini düşündirmeýärler.

“Häzire çenli metjide barýanlara haýsydyr bir çäre görülendigini eşitmedim. Ýöne käbir býujet işgärleriniň sözüne görä, metjitlerdäki organ işgärleri häzirlikçe olara duýduryş berip, seresap bolmaklaryny tabşyrmak bilen çäklenýärler” diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar barada Lebap welaýat häkimliginden we Milli howpsuzlyk ministrliginiň Türkmenabatdaky müdirliginden kommentariý alyp bilmedi.

Bu waka prezident Berdimuhamedowyň Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherine baryp, sebitiň täze baş metjidini açan mahalyna gabat geldi.

TDH-nyň maglumatyna görä, 21-nji fewralda açylan bu metjidiň binasy iki gatdan ybarat bolup, bir wagtyň özünde bu ýerde 3000 adam namaz okap bilýär. Şeýle hem metjidiň gapdalynda 500 orunlyk sadaka jaýy, 50 orunlyk myhmanhana we awtoduralga hem göz öňünde tutulypdyr.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan lebaplylaryň ençemesi bu metjitleriň “diňe syýasat üçin, planynyň gurduran metjidi diýen at galdyrmak” maksady bilen gurulýandygyny aýdýarlar.

Konstitusiýa laýyklykda dünýewi döwlet bolan Türkmenistanyň baş kanuny ýurt raýatlarynyň din azatlygyna kepil geçýär. Dine uýmagyň, dini däp-dessurlaryň we geýimleriň gadagançylygy kanunlarda agzalmaýar.

Muňa garamazdan, ýurt raýatlarynyň iş ýerinde namaz okamagyna ýa metjide gatnamagyna garşy çäre görülýändigi, dine uýýan raýatlaryň basyşlara we yzarlamalara sezewar bolýandygy barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary hem-de çeşmeleri indi ençeme ýyl bäri habar berip gelýärler.

Geçen ýylyň dekabrynda Mary welaýatynda “biometriki pasport” üçin sakgally ýa-da çala ösgün sakgally surata düşen raýatlaryň Milli howpsuzlyk ministrliginiň raýat eşikli howpsuzlyk işgärleri tarapyndan soraga çekilýändigini, Azatlygyň habarçysy 27-nji dekabrda habar beripdi.

Halkara hukuk toparlarynyň we Günbatar döwletleriniň ýaýradýan hasabatlarynda Türkmenistan dini azatlyklary basgylamakda ençeme ýyl bäri tankyt edilýär.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti geçen ýylyň dekabrynda ýaýradan soňky hasabatynda Türkmenistany dini azatlyklar boýunça “Aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” sanawyna täzeden goşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG