Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow resmi sapar bilen Azerbaýjana bardy


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) Bakuwda duşuşýar.

Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Azerbaýjana bardy. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmen liderini Bakuwyň Gaýdar Aliýew adyndaky Halkara aeroportunda resmi adamlar garşy aldy.

Soňra ýokary derejeli myhman üçin Bakuwda resmi garşy almak dabarasy geçirildi. Iki döwletiň baýdaklary dikilen meýdançada Hormat garawuly nyzama düzüldi. Azerbaýjan respublikasynyň prezidenti Ylham Aliýew prezident Berdimuhamedowy garşy aldy.

Dabaranyň çäginde iki ýurduň döwlet senalarynyň ýaňlanmagyndan soň prezidentler iki tarapyň wekiliýet agzalary bilen tanyş boldular. Azeri mediasyndan mälim bolşuna görä, resmi tanyşdyryş çäresinde prezidentleriň wekiliýet agzalary bilen elleşip salamlaşman, diňe kelle kakyşyp salamlaşandyklaryny görmek bolýar.

Resmi garşy almak dabarasyndan soň türkmen-azeri wekiliýetleriniň arasynda döwlet baştutanlaryň gatnaşmagynda ýokary derejeli giňeldilen duşuşyk geçirildi.

TDH-nyň habaryna görä, duşuşyklardan soň iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

TDH-nyň maglumatlaryna görä, türkmen tarapy Azerbaýjan bilen transport, söwda we gumanitar ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini aýdýar.

Iki ýurduň döwlet baştutanlary Hazar deňzinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça çykyş edip gelýär. Türkmen lideriniň Azerbaýjana edýän sapary Türkmenbaşy Halkara portunyň koronawirus keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak çäreleri bilen baglylykda ýapyk saklanýan wagty amala aşyryldy.

Türkmenistan köpýyllyklaryň dowamynda Hazarüsti gaz geçirijisini gurmak arkaly Azerbaýjanyň üsti bilen türkmen gazyny Ýewropa bazarlaryna ibermegi maksat edinýändigini aýdyp gelýär.

Media maglumatlaryndan mälim bolşuna görä, ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň dowamynda bu geçirijini gurmak bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy ýa-da däldigi aýdylmaýar.

Türkmen prezidentiniň saparynyň öňýany, 6-njy martda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Energiýa çeşmeleri boýunça bölüminiň resmisi Nathan Reich Azerbaýjanyň “Trend” neşirine beren interwýusynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň halkara energiýa eksport ugurlaryndan peýdalanmaklaryny ABŞ-nyň goldaýandygyny aýtdy.

“Türkmenistan deňiz kondensatyna we tebigy gaz gorlaryna baýdyr. Kompaniýalar olary özleşdirip, eksport etmek isleýär. Bu tebigy gazy Azerbaýjan, Gürjüstan, Türkiýe we belki-de Ýewropa sarp edip biler, hem-de kondensaty global bazarlara eksport etmek üçin Baku-Tbilisi-Jeýhan gaz geçirijisinden peýdalanyp bolar” diýip, Reih aýtdy.

6-njy martda ABŞ-nyň Döwlet departamenti Azerbaýjan we Türkmenistan üçin, bu ýurtlaryň goňşy Eýranda hem möwjeýän global koronawirus krizisi babatynda görýän çäreleri bilen baglylykda, hüşgärlik derejesini ýokarlandyrdy.

Döwlet departamentiniň beýanatynda amerikanlar “Eýran serhedinden aňyrdaky COVID-19 hadysalarynyň düýpli köpelmegi we Azerbaýjanyň hökümetiniň bu ugurda gören çäreleri bilen baglylykda dörän töwekgellikler sebäpli Azerbaýjana syýahat etmeklige gaýtadan seretmeli”

TDH-nyň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedowyň Azerbaýjana edýän resmi sapary prezident Aliýewiň çakylygy boýunça amala aşyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG