Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda sement satyn aljak raýatlardan azyndan üç resminama talap edilýär


Lebabyň sement zawodynyň önümi. Arhiwden alnan surat

Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Senagat ministrligine degişli “Türkmensement” önümçilik birleşiginiň dükanlaryndan sement satyn aljak raýatlardan azyndan üç resminama - kepilnama, tassyknama, güwänama - talap edilýär.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän lebaply habarçylarynyň biriniň tassyklamagyna görä, bu resminamalary getirip, “Türkmensement” önümçilik birleşiginiň dükanyna tabşyrmadyk ýaşaýjylara sement satylmaýar.

“Lebapda sement satyn almak üçin indi raýatlardan hakykatdan hem gurluşyk edýändigini subut etmek talap edilýär. Munuň üçin raýatlardan öz ýaşaýan ýerinden kepilnama, şeýle-de gurluşyk etmek üçin mellek ýeriniň bölünip berlendigi barada etrap arhitekturasyndan güwänama, nikada durandygy ýa-da aýrylyşandygy barada tassyknama getirmek talap edilýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 11-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Mundanam başga, raýatlardan bu resminamalar bilen bir hatarda, pasporty we onuň nusgasyny hem öz ýanyň bilen eltmek talap edilýär. Ýöne habarçy ähli zadyň munuň bilen hem tamamlanmaýandygyny aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirýär:

“Şondan soňra-da sementi satyn alyp bilmeýärsiň, sebäbi bu resminamalary tabşyranyňdan soň, diňe sement nobatyna ýazylýarsyň. Nobatyň haçan ýetse, şonda sement satyn alyp bilýärsiň” diýip, habarçy belledi.

Habarçy “Türkmensement” önümçilik birleşiginiň Lebapdaky dükanlarynda sementiň käte satuwa çykarylýandygyny aýdyp, onuň 50 kilogramlyk 1 haltasynyň bahasynyň 28 manada barabardygyny hem aýtdy. Onuň hususyýetçilerdäki bahasy bolsa, ortaça 120 manada deň.

Türkmenistanda sementiň bahasynyň ýokarlanmagy we onuň gytalmagy bilen bagly habarlar şu ýyl ilkinji gezek aprel aýynyň ahyrynda peýda boldy. Şondan soňra maý aýynda Daşogzuň, iýun aýynda Marynyň we Lebabyň döwlete degişli gurluşyk dükanlarynda sementiň tapdyrmaýandygy mälim boldy. Soňra onuň hususyýetçilerdäki bahasy has-da gymmatlap başlady.

Belläp geçsek, Türkmenistanda sement satyn almak isleýän lebaply ýaşaýjylardan azyndan üç resminamanyň talap edilmeginden başga-da, türkmenistanlylar un satyn almak, daşary ýurtlara kitap ýa-da pul ugratmak üçin hem kepilnamalary tabşyrmaga mejbur bolýarlar.

17-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri welaýatyň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden öý hojalyk hyzmatlary üçin bergisiniň ýokdugyny tassyklamagyň talap edilýändigini habar berdi.

Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri ilatdan dürli ýagdaýlarda kepilnamalary, tassyknamalary ýa-da güwänamalary talap edýän mahalynda, ýurtda resminama almak mümkinçilikleriniň hem gün-günden kynlaşýandygy aýdylýar.

"Maşgalamyň düzümi barada resminama almak üçin üç gün bäri öý dolandyryş edarasyna gatnaýaryn. Bir görseň resminama berýän zenan keselläpdir, bir görseň ýolbaşçy işde ýok" diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 31-nji iýulda gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG