Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gara bazarda dollar 38 manatdan geçdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda walýutanyň gara bazarynda dollaryň nyrhy günsaýyn gymmatlamagyny dowam etdirýär. Şenbe güni, 3-nji aprelde bir dollaryň bahasy 40 manatda ýetdi.

Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi çalyşyk bahasyny 3,5 manatlygynda saklap galýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary dollaryň bahasynyň ýokarlanmagy bilen harytlaryň, şol sanda gurluşyk önümleriniň, azyk harytlarynyň we senagat önümleriniň bahalarynyň göterilendigini habar berýär.

Mundan iki hepde ozal gara bazarda 30 manat töwereklerinde bahalanan dollaryň hümmeti, geçen döwrüň dowamynda manadyň garşysynda yzygiderli ýokarlandy.

Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Aşgabatda dollaryň alyş-çalyş bahasynyň durnuksyz saklaýandygyny belleýär.

Milli manadyň hümmetiniň yzygiderli pese gaçmagy bilen ilatyň satyn alyş ukyby pese gaçýar. Bu hem ýurt raýatlarynyň bazarlardaky we hususy söwda nokatlaryndaky gymmat bahalardan gaça durup, döwlet dükanlarynda arzan bahadan satylýan önümlere ýykgyn etmegine getirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG