Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harasatdan bir aý soň, prezidentiň regiona etmegine garaşylýan saparynyň öňýany, Lebapda arassaçylyk işleri güýçlenýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde turan heläkçilikli tupanyň üstünden bir aýdan gowrak wagt geçensoň, öňümizdäki hepdäniň başlarynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sebitlere sapar etmegine garaşylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri bu saparyň 8-nji iýunda amala aşyrylmagyna garaşylýandygyny, şu günler Lebapda köpçülikleýin arassaçylyk işleriniň geçirilýändigini aýdýarlar.

27-nji aprelde ýurduň gündogar sebitlerinde gopan weýrançylykly harasat we onuň heläkçilikli netijeleri barada bir aý töweregi wagt bäri resmiler dymyşlygy saklap gelýär, döwlet metbugaty hem bu barada dil ýarmaýar.

Prezidentiň regiona etmegine garaşylýan saparynyň gün tertibiniň jikme-jikligi, onuň harasadyň netijeleri bilen gyzyklanyp-gyzyklanmajakdygy nämälim galýar. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri gizlinlik şertinde beren maglumatlarynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginde şu günler adatdan daşary arassaçylyk işleriniň alnyp barylýandygyny, bu çärelerden çen tutup, prezidentiň bu daýhan birleşigine baryp görmeginiň ähtimaldygyny habar berdiler.

“Häzirki wagtda “Watan” daýhan birleşigine barýan ýollara asfalt düşeldi we ýollaryň töwereklerinde ýowar geçirilýär. Ýoluň ugrunda ýerleşýän bugdaý meýdanlary haşal otlardan arassalanýar. Uly ýollaryň çatryklarynda ýurduň ösüşlerini mahabatlandyrýan hem-de Bitaraplygyň nyşanyny görkezýän plakatlar dikildi” diýip, habarçymyz 5-nji iýunda sebitden habar berdi.

Türkmenistandan adatça şeýle adatdan daşary çäreler uly baýramçylyklaryň ýa-da prezidentiň regionlara edýän saparynyň öňýany görülýär.

Habarçymyz köçelere asylýan mahabatlaryň Çärjewiň etrap merkezini kesip geçýän Bitarap Türkmenistan şa ýolunyň ugrunda has köp dikilendigini habar berýär. Köçäniň ugrundaky jaýlaryň diňe köçe taraplary boýalýar.

Beýleki tarapdan, Çärjewiň etrap merkezinde elektrik energiýasynyň we agyz suwunyň üpjünçiligi kadasyzlygynda galýar.

“Howanyň yssysy 46 gradusa çykýar, 4-nji iýunda öýlän sagat 3-den agşam sagat 8-e çenli şäherde agyz suwy kesildi” diýip, habarçymyz habar berdi.

Apreliň ahyrynda gopan harasatda Lebabyň merkezi Türkmenabatda we beýleki birnäçe etraplarynda ýaşaýyş jaýlaryna zyýan ýetdi, hususan-da jaýlaryň üçekleri agyr zeper gördi. Şu wagta çenli Azatlyk Radiosynyň habarçylary tupanyň netijesinde azyndan 37 adamyň heläk bolandygyny habar berdiler.

Çärjew etraby Lebabyň merkezi Türkmenabat şäheri bilen harasatdan agyr zyýan çeken Farap etrabynyň arasynda ýerleşýär. Biri-birinden 20 kilometr aradaşlykda ýerleşýän Farap bilen Çärjewi Amyderýa kesip geçýär. 28-nji aprelde harasadyň yzýany, garaşsyz metbugat Amyderýanyň suwunyň joşmagynyň netijesinde onuň kenarynda ýerleşýän birnäçe obany sil suwlarynyň basandygyny, ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň wagtlaýyn öýlerini terk edendiklerini habar beripdi.

Galyberse-de, Azatlygyň habarçylary Lebabyň etraplarynda harasadyň netijesinde müňlerçe gektarlyk gowaça we bugdaý meýdanlarynyň zaýa bolandygyny habar berdiler.

Mundan ozal, 2-nji iýunda habarçylarymyz we çeşmelerimiz prezidentiň regiona etmegi ahmal sapary barada beren maglumatlarynda Lebap we Mary welaýatlarynyň administratiw merkezlerinde abatlaýyş we arassalaýyş işleriniň geçirilýändigini habar berdiler.

29-njy maýda habarçymyz Türkmenabatda alnyp barylýan dikeldiş işlerine telekeçileriň hem goşant goşýandygyny, olaryň zyýan çeken jaýlaryň üçeklerini demirden ýasalan ýaşyl basyrgylar bilen ýapyrmaga ýardam berýändiklerini habar berdi.

Ýerli çeşmämiz “Watan” daýhan birleşiginde bugdaý meýdanlarynyň haşal otlardan we gamyşlardan arassalanýandygyny we bu çärelerden çen tutup, prezidentiň ol ýere baryp, bugdaý oragyna “ak pata” bermeginiň ahmaldygynyň aýdylýandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG