Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa basyp alnan Krymdan goşunlaryny yza çekip başlaýar


Russiýanyň goranmak ministri (ortada) we Waleriý Gerasimow (çepde) Krymda geçirilýän harby tälim-türgenleşigi synlaýar. 22-nji aprel, 2021 ý.

Russiýanyň Goranmak ministrligi giň gerimli harby tälim-türgenleşigiň yzysüre Ukrainanyň Krym sebitinden öz goşunlaryny hemişelik bazalaryna çekip başlaýandygyny habar berýär.

“Häzirki wagtda [Krymdaky] harby bölümler we toparlar demir ýol stansiýalaryna we howa menzillerine barýarlar, harby gämilere, demir ýol platformalaryna we harby uçarlara münýärler” diýip, ministrlik 23-nji aprelde beren beýanatynda aýtdy.

Bu beýanat Russiýa bilen Günbataryň arasynda Russiýanyň gündogar Ukrainanyň töwereginde köp goşun toplamagy sebäpli ýüze çykan dartgynlylygyň ýokarlanýan wagty berildi. Bu sebitde hökümet güýçleri bilen kreml goldawly separatistleriň arasynda barýan söweşde 2014-nji ýylyň aprelinden bäri 13 müň töweregi adam öldürildi.

Bu bildiriş goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň ukrain serhedine golaý sebitlerden goşunlary yza çekmegi buýruk bermeginiň ertesi güni berildi. Russiýa soňky hepdelerde araçäge golaý sebitlere müňlerçe harby getiripdi. Moskwa bu çäreleri “şahsy düzümiň gyssagly gözden geçirilmegi” hökmünde häsiýetlendirdi.

22-nji aprelde Şoýgu söweşjeň taýýarlygyň gyssagly gözden geçirilmeginiň öz maksadyna "doly ýetendigini" we 1-nji maýa çenli goşunlaryň yza çekiljekdigini aýtdy.

Ýöne Şoýgunyň beýanatynda yza çekilişiň Russiýanyň günorta serhedinde hem-de basyp alnan Krymda toplan ähli goşunlaryny öz içine alyp-almajakdygy mälim edilmeýär.

Has ozal, Goranmak ministrligi Russiýanyň günorta serhedine golaý sebitlerde we Krymda geçiren harby tälim-türgenleşiklerine 60 harby gäminiň, 10 müň harbynyň, 200 uçaryň we 1200 sany harby tehnikanyň gatnaşdyrylandygyny mälim etdi.

Ýöne ministrlik sebite goşmaça getiren goşunlarynyň jemi sany barada habar bermeýär.

19-njy aprelde ÝB-niň baş diplomaty Josep Borrell Russiýanyň serhet ýaka 100 müň töweregi goşun getirendigini aýtdy. Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitro Kuleba 20-nji aprelde Russiýanyň serhetde goşun toplamaga dowam edýändigini we eger-de goşun getirmek işleri bes edilmese, bir hepdäniň dowamynda getirilýän harbylaryň jemi sanynyň 120 müňe ýetmegine garaşylýandygyny aýtdy.

Russiýa öz goşunlaryny öz territoriýasynyň çäginde islendik ýere ýerleşdirmäge hukugynyň bardygyny aýtdy we öz goşunlarynyň hiç kime howp abandyrmaýandygyny öňe sürdi.

Ukraina we başga-da köp ýurt Krymyň 2014-nji ýylda anneksiýa edilmegini ykrar etmekden ýüz öwürýär hem-de muny halkara hukugynyň we Ukrainanyň territorial bitewiligini üpjün etmek boýunça Russiýanyň gol çeken ylalaşyklarynyň bozulmagy hasaplaýar.

Şoýgu NATO-nyň Goragçy-Ýewropa 21 harby tälim-türgenleşikleri sebäpli ýüze çykyp biljek “amatsyz” ýagdaýlara dessine jogap bermek üçin harbylaryň taýýar bolmalydygyny aýdypdy. NATO-nyň Goragçy-Ýewropa 21 harby tälim-türgenleşigi ABŞ goşunynyň baştutanlygynda Afrikadan we Ýewropadan 26 ýurduň, şol sanda Bolgariýanyň, Rumyniýanyň we Russiýa bilen serhetleşýän Estoniýanyň, gatnaşmagynda her ýyl geçirilýär.

Russiýanyň ukrain serhedine golaý sebitlere goşun toplamagy gündogar Ukrainada ýaraşyk ylalaşygynyň has köp bozulmagynyň we bu ýagdaýyň Günbatary Moskwadan goşunlary yza çekmegi talap etmäge itermeginiň yz ýanyna gabat geldi.

23-nji aprelde Ukrainanyň Goranmak ministrligi bir ukrain esgeriniň soňky 24 sagadyň dowamynda ýaraşyk ylalaşygyny 17 gezek bozan separatistler tarapyndan öldürilendigini aýtdy.

ABŞ we NATO Russiýanyň serhetdäki soňky goşunlarynyň Russiýanyň 2014-nji ýylda Krymy anneksiýa edip, gündogar Ukrainanyň käbir sebitlerinde separatistlere harby, syýasy we ykdysady goldaw bermeginden soň serhede toplanan iň iri rus goşunlardygyny aýtdy.

Geçen hepde Russiýa Gara deňziň Kryma golaý giňişliginiň noýabr aýyna çenli daşary ýurt deňiz we döwlet gämilerine ýapylýandygyny yglan etdi, bu Ukrainada nägilelik, Günbatarda alada döretdi.

Şeýle-de, Moskwa şu hepde Krymyň töwereginde howa gatnawlaryna çäklendirme girizdi we olaryň halkara kanunçylygyna doly laýyk getirilmelidigini öňe sürdi.

Galyberse-de, Moskwa Kiýewe separatistleriň gözegçiligindäki territoriýalary güýç bilen yzyna almaga synanyşmazlygy duýdurdy, ýogsa-da Russiýanyň sebitde asuda raýatlary goramak üçin hereket geçip biljekdigini aýtdy.

21-nji aprelde Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý harby mobilizasiýa yglan etmezden, ätiýaçdaky harbylaryň harby gulluga çagyrylmagy barada buýruga gol çekdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG