Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mirziýoýew iş sapary bilen Türkmenistana barýar


Şawkat Mirziýoýew
Şawkat Mirziýoýew

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 29-njy aprelde iş sapary bilen Türkmenistana barýar. Bu barada özbek prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Saparyň dowamynda Mirziýoýew türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirer.

“Gepleşikleriň gün tertibinde özbek-türkmen dostlukly gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we strategiki hyzmatdaşlygy mundan-da beýläk ösdürmek, köpugurly hyzmatdaşlygy we sebitara gatnaşyklary giňeltmek meseleleri bar” diýip, özbek prezidentiniň metbugat gullugynyň maglumatynda aýdylýar.

Şeýle-de, Mirziýoýew Türkmenistana edýän iş saparynyň dowamynda türkmen prezidentiniň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň hatyrasyna bagyşlanýan çärelere gatnaşar.

Ýatlasak, 18-nji aprelde Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow aradan çykdy.

Munuň yz ýany, Berdimuhamedow ýedi gün töweregi döwlet mediasynda görkezilmedi.

Prezidentiň kakasynyň ölüminden soňra Mirziýoýew, türkmen metbugatyna görä, ilkinji döwlet baştutanlarynyň hatarynda Berdimuhamedowyň kakasynyň “tarpa-taýyn aradan çykmagyna” gynanç bildirdi.

Özbek prezidentiniň Türkmenistana amala aşyrýan iş sapary barada türkmen tarapy heniz habar bermedi.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Berdimuhamedowyň kakasynyň jaýlanan Gökdepedäki gonamçylygynda we onuň daş-töwereginde güýçli depginde arassaçylyk işleriniň alnyp barylýandygyny habar berýärler.

Şawkat Mirziýoýew we Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň we Türkmenistanyň ikinji prezidentleridir. Olaryň ikisi-de özlerinden öň degişli ýurtlary demir ýumruk bilen dolandyran Islam Karimowyň we Saparmyrat Nyýazowyň tarpa-taýyn ölüminden soňra, reforma wadalary bilen häkimiýeti miras aldylar.

Nyýazow 2006-njy ýylda, Karimow 2016-njy ýylda aradan çykdy.

Mirziýoýew häkimiýet başyna geçeli bäri bu Merkezi Aziýa ýurdunda tapgyrlaýyn reformalary amala aşyrmak we sebitara gatnaşyklary ösdürmek ýaly tagallalary bilen tanalýar.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda 1993-nji ýylyň fewralynda diplomatiki gatnaşyklar ýola goýuldy.

Demirgazyk we gündogar Türkmenistanyň käbir sebitlerinde etniki özbek azlyklary kowçum bolup ýaşaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG