Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

‘Soňky jaň’ dabaralary çäklendirilýär, gözegçilik güýçlendirilýär


Illýustrasiýa. Uçurym dabarasy. Aşgabat. Arhiw suraty.

Lebapda bu ýyl orta mekdebi tamamlaýan uçurym ýaşlaryň “Soňky jaň” dabaralary çäklendirilen görnüşde geçiriler. Mekdeplerde dabaralara diňe 1-nji we 11-nji synp okuwçylaryň gatnaşdyrylmagyna we polisiýanyň 25-nji maý güni welaýatda gözegçiligi güýçlendirmegine garaşylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

Şol bir wagtyň özünde, habarçynyň maglumatlaryna görä, uçurym ýaşlara dabaradan soň oturylyşyk gurnamak, “Soňky jaňy” üýşmeleň bilen gutlamak gadagan edildi.

Lebapda Soňky jaň dabarasy bilen bagly polisiýanyň gözegçiligi güýçlendirmegi baradaky habarlar 25-nji maý – Aşgabat gününiň tutuş ýurt boýunça has dabaraly ýagdaýda bellenilmegine taýýarlyk görülýän wagtyna gabat gelýär.

Türkmen hökümeti bu ýyl Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygyna adatdan daşary taýýarlyk görýär.

Türkmen orta mekdeplerinde her ýyl 25-nji maýda uçurym dabaralary geçirilýär. 2013-nji ýylda Türkmenistanda 25-nji maýy her ýyl Aşgabat güni hökmünde belläp geçmek kararlaşdyrydyldy. Şondan bäri, uçurym dabaralary Aşgabat gününe gabat gelýär.

“1-nji we 11-nji synplaryň okuwçylaryndan başga okuwçylaryň ‘Soňky jaň’ dabarasyna gatnaşmagy gadagan edildi” diýip, bir magaryf işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi

“Orta mekdebi tamamlaýan her bir okuwça bir sany mugallym birikdirildi. Şol mugallym Soňky jaň güni okuwçy tä öýüne barýança ony gözegçilikde saklamaly. Ol Soňky jaňdan soň uçurymy öýüne getirip, ene-atasyna tabşyrmaga borçly edildi. Her okuwça bir mugallym gözegçilik edýär. Tä dabaralar gutaryp, uçurym öýüne barýança” diýip, magaryf işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, welaýat merkezi Türkmenabatda agşam sagat 7-den başlap, polisiýanyň gözegçiligi güýçlendirmegine garaşylýar.

“Kafeler we barlar ýapyk. Türkmenabadyň şäher merkezinde ýerleşýän Bagtyýarlyk parky ýapyklygynda galýar. Bir söz bilen aýdylanda, uçurymlar köpçülik ýerlerine barmaly däl, köçä çykmaly däl, ‘Soňky jaňdan’ soň diňe öýlerine gitmeli we öýe barandan soň hem öýden çykmaly däl” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy Azatlygyň ýerli habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda Soňky jaň dabaralary köplenç mekdebi tamamlaýan ýaşlara agram salýar. Soňky jaňda uçurymlardan dabara üçin pul toplanýar.

Golaýda habarçy Türkmenabadyň käbir mekdeplerinde soňky jaňyň öňýany mekdebi tamamlaýan okuwçylardan 2-5 müň manat, Farabyň käbir mekdeplerinde 1-3 müň manat aralygynda pul toplanýandygyny habar berdi. Bu çäreler “eli ýuka” maşgalalaryň mekdebi gutarýan çagalaryny kyn güne salýar.

Ýatlasak, geçen ýyl Lebapda bu kynçylyklar bilen baglylykda ilki üç okuwçy özüni heläkledi, soňra Maryda ýene bir okuwçy özüni dördünji gatdan oklady. Habarçy bu ýyl hem Farapda “Soňky jaňa” pul tapman iki okuwçynyň öz janlaryna kast etmäge synanyşandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG