Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Balkanyň häkimiýetleri Internetde humar oýunlaryny oýnaýanlara gözegçiligi güýçlendirdi


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, munuň bilen bir wagtda barha ýitileşýän işsizligiň fonunda, ýaşlaryň eklenç etmegiň dürli, şol sanda bikanun ýollaryna baş goşýandygy barada maglumatlar gelip gowuşýar. Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysynyň maglumatyna görä, soňky aýlarda ýaşlaryň arasynda gazanç etmek üçin Internetde humar oýunlaryny oýnaýanlar köpeldi. Bu bolsa, soňky günlerde häkimiýetleriň olara garşy göreşlerini güýçlendirmegine getirdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, soňky döwürde Internetden oňat başy çykýan köp adam özleriniň öýlerine çekilen WiFi ulgamy arkaly onlaýn humar oýunlaryny oýnamak üçin şert döredýär.

"Giň ýaýran işsizligiň netijesinde, ýaşlaryň köpüsi bu öýlerde humar oýunlaryny oýnap, pul gazanýarlar ýa-da pul utdurýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran, ýagdaýdan habarly balkanly ýaşaýjy 28-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Munuň bilen bagly, şu günler Balkanyň häkimiýetleri onlaýn humar oýunlarynyň oýnalýan ýerlerine we olary guramalaşdyrýan adamlara garşy reýdleri geçirip başlady.

Habarçymyz bu reýdleriň ýerli polisiýa işgärleri we Milli howpsuzlyk ministrliginiň kiber howpsuzlygyna gözegçilik edýän resmileri tarapyndan gurnalýandygyny aýdýar. Reýdleriň netijesinde, soňky günlerde onlaýn humar oýunlarynyň oýnalmagy üçin şert döredýän we olary oýnaýan onlarça raýat tussag edildi.

"Geçen hepde Türkmenbaşy şäherinde ýaşlaryň bäş sanysy Internetde poker we beýleki humar oýunlaryny oýnaýan mahaly tussag edildi. Häzir olar izolýatorda saklanýar. Şeýle-de, başga-da bir adam öýünde onlaýn humar oýunlaryny guramalaşdyrmakda tussag edildi. Onuň öýünde Internetde humar oýunlaryny oýnandygy üçin başga-da 10-a golaý adam tussag edildi. Şonda VISA we Mastercard-lar hem delil hökmünde ýygnandy" diýip, ýagdaýdan habarly balkanly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak üçin Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirligi we MHM-niň ýerli edarasy bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 28-nji ýanwarda ýerli wagt bilen sagat 13:30-17:00 aralygynda telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.

Balkandaky bu reýdler prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmelerini çäklendirmek işleriniň kämilleşdirilmegini tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Döwlet baştutanynyň 12-nji ýanwarda eden bu çykyşyndan soň, ýurtda Internetden peýdalanýan raýatlara gözegçilik güýçlendirildi.

Türkmenistanyň "Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky" kanunynyň 20-nji maddasynda humarly oýunlar we pula oýnalýan oýunlar bilen baglanyşykly işi "amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalar talap edilýändigi" aýdylýar.

Ýöne habarçymyz bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň ençemesi ýurtdaky býurokratiki päsgelçilikler sebäpli bu ygtyýarnamalary almagyň tas mümkin däldigini aýdýar.

Galyberse-de, olar köp ýaşlaryň Internetdäki humar oýunlaryndan gazanç edip, öz maşgalalaryny ekleýändigini belläp, olaryň işiniň döwlet tarapyndan kanunlaşdyrylmalydygyny aýdýarlar.

"Ýurtda iş ýok ahyryn. Olar ogurlyk etmeýär, özleriniň puluny oýnap, peýda ýa zyýan görýärler" diýip, balkanly ýaşaýjy aýtdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistan öz garaşsyzlygynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýär. Bu kynçylyklar pandemiýanyň arasynda has-da ýitileşdi. Halkara uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagy we ýurtda karantin çäklendirmeleriniň yzygiderli girizilmegi, habarçylarymyzyň sözlerine görä, müňlerçe adamyň gazançsyz galmagyna sebäp boldy.

Bu kynçylyklar, ýurtda azyk harytlarynyň bahalarynyň yzygiderli gymmatlamagynyň fonunda, sosial problemalaryň möwjemegine getirdi. Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, soňky bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýurtda dilegçiler, zibil dörýänler, ten söwdasy bilen meşgullanýanlar we öýsüz raýatlar köpeldi. Ogurlyk, talaňçylyk we adam öldürmek ýaly jenaýatlar hem artdy.

Türkmen hökümeti ykdysady krizisi, munuň ilata ýetirýän täsirlerini, şol sanda barha ýitileşýän sosial problemalary aç-açan boýun almaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG