Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň jemagat işgärleri Garaşsyzlyk güni üçin döwlet münberini taýýarlaýar


Aşgabat, 2022-nji ýylyň sentýabry
Aşgabat, 2022-nji ýylyň sentýabry

Aşgabat şäheri döwlet garaşsyzlygynyň nobatdaky senesini bellemek üçin taýynlanýar. Baýramçylyk çäreleriniň planlaşdyrylýan resmi bölegine taýynlykdan başga-da, esasy dabaralaryň geçjek ýerlerini timarlamak işlerine has köp üns berilýär. Jemagat guramalarynyň işgärleriniň şu günler iň köp ugradylýan ýerleri aeroportyň we döwlet tribunasynyň töwerekleri.

Mawy we açyk reňkli geýimli jemagat hyzmatlarynyň işgärlerini her gün howa menziliniň we täze tribunanyň çäginde görmek bolýar. Olaryň arasynda arassaçylyk işgärleri, öý dolandyryjy edaralaryň işgärleri, suw üpjünçiligi, ýyladyş we beýleki jemagat hyzmatlaryň işgärleri bar. Mundan başga-da, harby awtoulaglar we dürli pudaklaryň belgileri bolan 60 töweregi ulag tribunalaryň golaýynda ýerleşdirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary 23-nji sentýabrda habar berdiler.

Olaryň sözlerine görä, käbir awtoulaglarda täze prezidentiň portretleri goýlan bolsa, beýlekilerde öňki prezidentiň portretleri goýlupdyr.

Habarçylar jemagat gulluklaryň işgärleriniň daş töweregi tükeniksiz arassalaýandygyny, süpürip-ýüwýandygyny, agaçlary gyrkyp-çapýandygyny, häkimiýetleriň bolsa, işleriň barşyna berk gözegçilik edýändigini we käte howply şertlerde işleýän işçileri gyssaýandygyny gürrüň berýärler.

"Tribunanyň golaýynda we oňa barýan ýolda erkekler we aýallar dik ýokary gidýän depelere çykmaga mejbur bolýarlar, bu ýykylmak howpuny döredýär. Olar depelere çykyp, ot-çöp galyndylaryny ýygnamaga mejbur bolýarlar. Häzirki yssy günlerde depede diňe bir işlemek däl, eýsem dem almak hem kyn. Ýöne aýallar dynç almaga synanyşsa, "gözegçiler" olary ýerlerinden turup işlemäge mejbur edýärler: "Oturma!" diýip gygyrýarlar" diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüň berýär.

Şol bir wagtyň özünde, şeýle şertlerde günüň aşagynda işleýän işgärler suw bilen üpjün edilmeýär. Habarçynyň belleýşi ýaly, işgärleriň agyr zähmet sebäpli ýadawlykdan başga-da, ýürek agyry we dem gysma ýaly ýagdaýlary başdan geçirýän halatlary ýüze çykýar.

Gündiz Aşgabatda howa ortaça +36 gradysa çenli gyzýar.

Ýurduň häkimiýetleri döwlet garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny dabaraly bellemäge taýynlanýarka, abadanlaşdyryş we arassaçylyk işlerinden başga-da, tutuş ýurt boýunça repetisiýalar geçirilýär.

Maryda döwlet işgärleri dürli çärelere yzygiderli gatnaşýarlar. Marydaky habarçynyň sözlerine görä, şu günler döwlet telewideniýesinde baýramçylyk güni görkeziljek reportažlar hem taýýarlanýar we olara saýlanan çäreçiler köpçülikleýin gatnaşdyrylýar. Öňden gelýän tejribelere görä, baýramçylygyň bellenişi öňünden sahnalaşdyrylyp ýazgy edilýär we reportažlar baýram güni döwlet telewideniýesinde görkezilýär.

Üç hepde bäri ýurduň ilatynyň dürli gatlaklary baýrama taýýarlyk görmek üçin dürli çärelere gatnaşdyrylýar. Studentler we döwlet işgärleri paýtagtyň hemme ýerinde geçýän repetisiýalara gatnaşýar. Gatnaşmaga mejbur edilýän çäreçiler daşky görnüşine görä saýlanýar.

Türkmenistanyň döwlet habar beriş serişdeleri ýetip gelýän baýramçylyk senesi barada habar berip, ýüze çykýan problemalary we ilatyň mejbury gatnaşmagy barada maglumat bermeýär.

Şu ýyl Türkmenistan döwlet garaşsyzlygynyň senesini ilkinji gezek täze prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda belleýär. Öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly şu ýylyň mart aýynda döwlet başyna geçdi.

2017-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk gününi 27-nji sentýabra geçiripdi. Ondan öň çärýek asyr Türkmenistan döwlet garaşsyzlygyny alan gününi 27-nji oktýabrda belledi. Türkmen ýolbaşçylary Garaşsyzlyk gününi üýtgetmek kararyna şu çaka çenli resmi düşündiriş bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG