Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ozal ýaryşlara gatnaşdyrylmadyk türgenler hasaba alnyp başlandy


Sport çäresi, Aşgabat (faýl suraty)
Sport çäresi, Aşgabat (faýl suraty)

2024-nji ýylda Fransiýada geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak baradaky prezident buýrugyndan soň, Türkmenistanda saýlama ýaryşlaryna sportçylary hasaba almak işi başlandy. Habarçylaryň sözlerine görä, ozal birnäçe sebäbe görä, sport ýaryşlaryna gatnaşmaga rugsat berilmedik türgenleri hem şu günler hasaba alýarlar.

"Balkan welaýatynyň sport we bedenterbiýe komitetleri saýlama ýaryşlary üçin sportçylary, şol sanda ozal rugsat berilmedik türgenleri hasaba alyp başlady. Olaryň arasynda azerbaýjan, ermeni, rus we gazak ýaly etnik azlyklaryň wekilleri bolan sportsmenlere öň rugsat berilmedi. Şeýle-de, garyndaşlary türmeden oturyp çykandygy üçin "üç arka" barlagyndan geçip bilmediklere-de rugsat berilmändi. Olaryň sebitiň çempiony bolsa-da, tapawudy ýokdy"- diýip, Balkan welaýatynda ýerli sportsmenler we resmiler bilen söhbetdeş bolan habarçymyz 3-nji aprelde habar berdi.

Martyň aýagynda Döwlet bedenterbiýe we sport komitetine Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna "ylmy taýdan esaslandyrylan" taýýarlygy üpjün etmek tabşyryldy.

TDH döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, 2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryna ylmy taýdan taýýarlyk görmek üçin Döwlet Bedenterbiýe we sport komitetine ministrlikler we bölümler bilen bilelikde degişli programmany we çäreleriň planyny işläp düzmek tabşyryldy.

Azatlyk bilen adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşen balkanly söhbetdeşleriniň biriniň aýtmagyna görä, ozal halkara çärelerine gatnaşmaga rugsat berilmedik türgenleriň arasynda ýurda iň ýokary sport baýraklaryny gazanmaga ukyply zehinli ýaşlar az däl.

"Birnäçe sapar tälimçiler welaýat we ýaryşlarynda üstün çykan sportsmenleriň döwletiň milletçilik syýasaty ýa-da 'üç' arka syýasaty sebäpli ösmäge mümkinçilik berilmändigine gaty gynanýandygyny, ýetişdiren türgenleriniň arasyndan Türkmenistanyň we dünýä çempionlarynyň çykjagyna ynanýandygyny aýdypdy" diýip, göreş boýunça sportsmen aýtdy.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, Balkan welaýatynda garyndaşlarynyň ygtybarlygyny barlaýan "üç arka" düzgüni sebäpli karýerasyny bes etmäge mejbur bolan tälimçiler az däl. Döwlet edaralaryň işgärleri babatynda ýöredilýän “üç arka” düzgünine laýyklykda işgärler üç neslinde garyndaşlarynyň arasynda hiç kime iş kesilmändigini subut etmeli.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan sportsmenler bu çäklendirmeleriň sportsmenleri we umuman türkmen sportuny ösüşden mahrum etdi diýip, hasap edýärler.

Garaşsyzlygyň 30 ýylynda, türkmen sportsmenleri Olimpiýa oýunlarynda ýekeje gezek baýrak aldy. Agyr atletikaçy Polina Guryýewa Türkmenistanyň garaşsyzlyk taryhynda ilkinji Olimpiýa medalyny aldy. Guryýewa 2021-nji ýylyň 27-nji iýunynda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda 59 kilograma çenli toparda kümüş medal gazandy.

Geçmişde türkmen atletleri Sowet Soýuzy üçin Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanypdy.

Türkmenistan ähli milletleriň wekilleri üçin deň hukuklary we mümkinçilikleri kanuny taýdan kepillendirýär, ýöne ýurtda ýaşaýan etnik toparlaryň wekilleriniň sany barada resmi statistikany çap etmeýär.

Ýurduň etnik azlyklarynyň wekilleri Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň beýleki milletleriň wekilleri babatynda ýöredýän syýasatyny "milletçi" hasaplaýarlar we Türkmenistanda öz dilini we milli däp-dessurlaryny gorap saklamak üçin mümkinçilikleriniň ýoklugyny belleýärler.

2019-njy ýylyň ýanwar aýynda, Türkmenistanyň hökümetiniň yglan eden ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň gurluşyny üýtgetmek çäresinden soň başlanan ir orunlarynyň köpçülikleýin azaldylmagynyň fonunda, döwlet kärhanalarynyň işgärleriniň sanawlarynda olaryň milleti barada bölüm peýda boldy.

2018-nji ýylyň güýzünde Azatlygyň habarçylary kanun goraýjy edaralarynyň işgärlerinden türkmen raýatlygyny görkezmek talabynyň edilendigi barada habar berdiler. Şol ýylyň maýynda Daşoguz welaýatynda mekdebe gatnamaýan we mekdep ýaşyndaky çagalaryň milletiniň hasaba alnandygy barada habar berildi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG