Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde apreliň ahyrynda turan güýçli tupandan soň, onuň netijeleri we ýerli ilata berilýän ýardamlar barada döwlet emeldarlary heniz hem resmi dymyşlygy saklaýan wagty, ýurt raýatlary öz aralarynda arkalaşýar.
Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ilatyň azyk üpjünçiligi, hususan-da un, çörek we towuk budunyň üpjünçiligi ýaramazlygynda galýar. Aşgabatda ýaşaýjylar döwlet dükanlarynda satylýan unuň hilinden şikaýat edýär.
Türkmenabatda apreliň ahyrynda gopan harasatdan soň, ýaşaýjylaryň arasynda giň ýaýran çykgynsyzlyk, stres we çäresizlik bilen baglylykda şäher keselhanasyna ýürek-damar keselleri we insult bilen ýerleşdirilýän hassalaryň sany köpeldi.
Soňky günlerde Lebapda "Soňky jaň" dabaralary üçin harajat tapmaýan mekdep okuwçylarynyň öz janlaryna kast etmegi bilen bagly wakalaryň ençemesiniň bolandygyny, Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz birnäçe habarçysy habar berýär.
Aşgabadyň orta mekdeplerinde "Soňky jaň" dabarasy diňe 11-nji synp we käbir başlangyç synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilip, okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli göz öňünde tutulan beýleki dabaralar doly ýatyryldy.
Bir aý töweregi mundan ozal sebitde gopan harasatdan soň Lebap welaýatynyň öz ykbalyna terk edilen halkyna Aşgabadyň ýaşaýjylary ýaşyrynlykda iýmit önümlerini we egin-eşikleri iberýärler, ýöne...
Hytaý resmileri golaýda hamana diýersiň ýurtda hiç hili «öl bazarlaryň» ýokdugyny aýtdy. Aslynda bolsa diri haýwanlar, şol sanda talaňçylyk ýoly bilen tutulan ýabany, özem şol ýerde öldürilen jandarlary iýmek üçin satýan ägirt uly söwda meýdançalary bar.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap we Balkan welaýatlaryndaky bölümleri raýatlara biometriki pasport bermek işlerini wagtlaýyn togtatdylar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary habar berýärler.
Gepleşigimiziň bu sanynda koronawirusa garşy göreşde ulanylýan telefon tilsimleri, olaryň wirusy aňtamakda döredýän umydy we şahsy maglumatlaryň eldegirmesizligine abandyrýan howpy baradaky maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
Türkmenistanyň hökümeti pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda karantinde galýan raýatlaryna olaryň türkmen banklaryndan berlen halkara bank kartlaryndan 500 dollar möçberinde pul nagtlaşdyrmagyna rugsat bermegi planlaşdyrýar.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki orta mekdeplerde geçirilen medisina barlaglarynda okuwçylaryň ençemesiniň kellesini bit basandygy anyklandy.
Lebaply oba hojalyk hünärmenleriniň birnäçesi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde şu ýyl Türkmenistanda döwletiň pile planynyň tas "nola" deň boljakdygyny duýdurýar.
Apreliň ahyrynda Lebap we Mary welaýatlaryna gelen güýçli harasat ýurduň gündogar sebitlerinde ekerançylyga uly zarba urdy.
Ýene-de ýükle