Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Aşgabadyň döwlet dükanlarynda azyk ýetmezçiligi günsaýyn ýitileşýär. Käbir dükanlarda adamlar iki gün oňünden nobata durýarlar. Dükanlaryň käbirinde bolsa, gyt azyk önümleri irden sagat 8-de däl-de, giçlik sagat 7-den soň satylyp başlandy.
Raýdaşlyk: Bähbitleriň birligi, bir pikire ýa-da herekete bolan aktiw duýgudaşlyk
Russiýanyň gündogaryndaky Dagystan respublikasynda bir ýerli müfti sebitde COVID-19-a garşy alnyp barylýan göreşi “betbagtçylyk” atlandyrandan soň, Putin ol ýerdäki “çylşyrymly” ýagdaýy kabul etdi.
Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary ýerli häkimiýetleriň tebigy harasatyň netijelerini aradan aýyrmak bilen bagly heniz hem ýeterlik tagalla etmeýändigini aýdýarlar.
Ykdysady kynçylyklar agyr degen Türkmenistanda azyk üpjünçiliginiň howpsuzlygy milli howpsuzlyk meselesine öwrülýär.
Şu ýyl Türkmenistanda Oraza aýynda agyz bekleýän adamlara köp duş gelse bolýandygyny, ýöne agzaçar berýän hojalyklarň juda azdygyny we muňa ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň sebäp bolýandygyny, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinden habar berýär.
Eýranyň nebit ýükli bäş tankeri Wenesuela tarap barýan wagty, Eýran ABŞ-a Karib deňzinde “garakçylyk” etmezligi duýdurdy.
Türkmenistanyň häkimiýetleri tarapyndan azat edilen 60-a golaý owgan tussagy Owganystana gaýdyp geldi. Bu çäre 18-nji maýda iki ýurduň arasyndaky "Akina" postunda amala aşdy.
Türkmenistanyň hökümeti ýurtda koronawirus keseli tassyk bolan hassanyň hasaba alynmandygyny gaýtalaýan wagty, ýurt içinden COVID-19 bilen bagly täze maglumatlar gelip gowuşýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Merkezi bankynyň başlygyna, "wagtlaýyn çäre hökmünde", walýuta amallarynyň hereket edýän tertibine gaýtadan seretmek mümkinçiligini öwrenmegi tabşyryp, bu işleri guramak üçin üç gün wagt berdi.
Täjigistanda koronawirusyň bardygynyň resmi taýdan uzak wagtlap ýaşyrylmagy hem saglygy saklaýyş pudagyndaky ukypsyzlyk beýle krizisiň öňünde durmakdan ejizdigini görkezdi. Ýurduň bilermenleri hem köp ýaşaýjylary muny hökümetiň bagyşlap bolmajak ýalňyşlygy hasap edýärler.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, Lebap welaýatynda has köp kiçi we orta telekeçiniň karz pul almak üçin ýurduň banklaryna ýüzlenýändigini görse bolýar.
Bu gepleşikde daşary ýurtlarda ýaşaýan ençeme türkmen şu günler pandemiýa bilen baglylykda dürli kynçylyklara duçar bolýan wagty, şeýle-de Türkmenistanda ilat harasatdan ejir çekýän mahaly, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer bileleşiginiň gulluk edýän ynsanperwer maksatlary soraga tutulýar.
Russiýanyň media gözegçisi “Roskomnadzor” Google-dan “MBH Media” garaşsyz internet neşiriniň web sahypasynda çap edilen hem-de ýurtda koronawirusdan ölenleriň sany boýunça resmi maglumatlara jedelli çemeleşýän makalany petiklemegi sorady.
“Men Amerikany söýýärin, ýöne meniň ösüşine goşant goşmaly öz ýurdum bar”, “Men örän watansöýer adam. Men [öz ýurduma] yza dolanmak we [ösüşe] ýardam bermek isleýärin”, “Türkmenistanda syýasat totalitar” – bu sözler ABŞ-da ýokary bilim alýan türkmenistanly student Bossan Abdyýewa degişli.
Ýene-de ýükle