Hytaýdan Gazagystana gelen är-aýal Murathan Aýdarhanuly hem Zagi Kurmanbaýkyzy «bir ýylymyzy Sinszýandaky lagerde tussaglykda geçirdik» diýýärler. Olar Azatlyk Radiosyna tussaglykda çeken azaplaryny gürrüň berdiler.
Hatlon welaýatynyň Balçuwon raýonynyň magaryf bölümi bir mekdepden iki pedagogyň garşysyna “pedagoga gelişmeýän hereket” diýen käýinç yglan etdi.
Demirgazyk Gazagystanyň bir kiçijik şäherden bolan gazak gyzy üç ýarym ýyl mundan öň Amerikada bagtyny synamak isledi. Iňlis dilini bilmese-de, okeandan aňyrlygyna uçdy. Häzir Aýýa Baltabek Nýu-Ýorkda immigrant meseleleri boýunça maslahatçy.
Moskwada ýüzlerçe migrant gyrgyzystanlylar tarapyndan döredilen autsorsing (outsourcing) kompaniýasyndan işlän zähmet hakyny alyp bilmeýär.
Özbegistan ýurda gelýän turistleri hasaba almak düzgünini üýtgetmekçi. Täze düzgüniň 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girmegi mümkin.
9-njy dekabrda graždan aktiwistleri milli gymmatlyklar – edep-ahlagy, medeni diregleri gorap saklamaga çagyryş edip, Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde «Белгилүү маршрут», ýagny «Bellenilen marşrut» atly çäre geçirdiler.
Täjigistanyň günortasyndaky Hatlon welaýatynda serhet gullugynyň ofiseri saklandy. Onuň garamagyndaky möhletli gulluk edýän esger özüni öldürmäge synanyşyk edipdir.
Şwesiýanyň TV4 kommersiýa telekanaly hem Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň bilelikdäki geçiren barlagy işe ýerleşmäge hukugy bolmadyk migrantlaryň Şwesiýada işe ýerleşip bilişleri bardaky nämälimligiň üstüni açdy.
Täjigistanyň Hojant sebitiniň ýerli ýaşaýjysyna öz gyzyny zorlamakda şübhe bildirilýär. Derňew işi 19 ýaşly gyz arza berenden soň başlandy. Ol özüni kakasynyň zorlandygyny aýdýar.
Özbegistanyň Medeniýet ministrligi tanymal bagşynyň hatyrasyny tutup, “Watan bilbili” ady bilen milli bäsleşik gurnady. Bagşylar bu bäsleşikde Otajon bagşynyň aýdan aýdymlaryny aýdýarlar.
Sowugyň başlanmagy bilen Siriýadaky El-Hol lageriniň çäginde gumanitar şertler ýaramazlaşdy. Ol ýer kürtlere degişli «Siriýanyň demokratik güýçleri» (SDF) toparynyň garamagynda.
Ýene-de ýükle