Andijanyň 35 ýaşly ýaşaýjysy Hurşida Tillýaýewa Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Andijan oblastyna saparynyň öňüsyrasy ýerli telewideniýede çykyş edip, döwletden ýaşaýyş jaý alandygyny şatlykly mälim etdi.
Gazagystanyň ozalky prezidenti Nursoltan Nazarbaýew öz ady dakylan Nur-Soltan şäherinde, öňki sowet respublikalarynyň söwda toparynyň gazak paýtagtyndaky sammitinde Orsýetiň, Gyrgyzystanyň we Belarusyň prezidentlerini öz adyna döredilen Nazarbaýew medaly bilen sylaglady.
Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” (HRW) guramasy Gyrgyzystanyň hökümetini aýallaryň we gyzlaryň garşysyna edilýän zorluklary togtatmak üçin has köp tagalla etmäge çagyrýar.
“Onuň sesini iki gezek eşitdim. Maňa agyr boldy. Öz gyzymyň sesini eşidip, gygyrasym geldi” diýip, Dawlatbi Odinaýewa 25-nji maýda Azatlyk Radiosynyň täjik gullugyna aýtdy.
Nаmаngan oblastynyň Çartak etrabyndaky orta mekdebiň direktory Ozodlygyň redaksiýasyna gowşan maglumaty tassyklap, şu ýylyň 12-nji maýynda aýdylýan mekdebiň 8-nji synp okuwçysynyň zorlanandygyny tassyklady.
Täjigistanyň gadagan edilen oppozision hereketi, Yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasy (TYGDP) häkimiýetleri ganly türme pitnesi hakyndaky hakykaty ýaşyrmakda günäleýär.
«Täjikfilm» wideorolikleriň many mazmunyna, şol sanda täjik blogerleriniň Youtubede goýýan roliklerine gözegçilik etmekçi, sebäbi salgyt toplaýjylar blogerler hem beýleki raýatlar ýaly, hökman salgyt tölemeli diýýär.
Täjigistanyň ulamalar şurasy (ýurduň yslam şurasy) ýurduň ilatyna aýratyn fetwa – ýüzlenme taýýarlady, onda aýdylyşyna görä, harby gullukdan ýüz öwürmek – agyr günä.
Azatlyk Radiosyna gowşurylan dokumentleriň görkezmegine görä, Täjigistanda ýokary okuw jaýlarynyň studentlerine, resmilere we lektorlara onlaýn troll hökmünde oppozision şahsyýetlere we hökümeti tankytlaýan beýleki adamlara garşylyk görkezmek üçin basyş edilýär.
Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltandaky sud Maý gününde ýurduň uzak wagtlyk prezidenti Nusrsoltan Nazarbaýewe hem-de onuň maşgalasyna garşy protestlere gatnaşyp saklanan protestçilere garşy türme hökümlerini çykarmaga başlady.