2005-nji ýylyň 13-nji maý ertiri ýaragly adamlar Özbegistanyň gündogar çetinde ýerleşen Andijana okdurylyp girdiler. Olaryň arasynda türmeden gaçanlar hem bardy.
Täjigistanda Aýallaryň işi baradaky komitetiň bir bölüminiň ýolbaşçysy Duşenbe şäheriniň ýaşaýjysy Nilufar Rajabowanyň işi bilen baglanyşykda käýinç aldy.
Hytaýyň Wuhan şäherinden ýaýran koronawirus sport ýaryşlarynyň planlaşdyrylyşyna düýpli üýtgeşme girizdi. Ýokanç wirus sebäpli fewral-aprel aýlary aralygynda bellenen köp ýaryşlar ýatyryldy.
Dangara Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň kiçi watany saýylýar. Ol ýere soňky ýyllarda inwestisiýanyň uly bölegi goýberilip başlandy. Bu ilatly punkty welaýatyň administratiw merkezi etmek göz öňünde tutulýar.
10-njy fewralda Özbegistanyň Nowaýy şäherindäki «Gyzylgumsement» paýdarlar jemgyýetinden bir işçi aýal ýanwar aýy üçin aýlygynyň kadadakydan 2,5 az berleni üçin, zawodyň direktorynyň hem hasapçysynyň üstüne pyçakly topulýar.
Täjigistanyň düzediş koloniýalaryndan bäş işgär hyýanatçylykda hem korrupsiýada aýyplanyp saklandy. 11-nji fewralda ýurduň Döwletmaliýekontrollygy agentliginiň hem korrupsiýa garşy göreş edarasynyň mälim etmegine görä, olar tussaglara saklanyş şertlerini gowulandyrmagy wada berip, para alypdyrlar.
Asly gazak bolup, Hytaýda ýaşan Gülzire Auelhankyzy Azatlyk Radiosyna Şinjiangdaky «syýasy taýdan täzeden terbiýeleniş lagerine» nädip düşendigini gürrüň berýär.
Gazagystanyň içeri işler ministriniň orunbasary Alekseý Kalaýiçi (Kalayichi) 8-nji fewral güni giçlik ýurduň günortadaky obalarynyň birinde başlanyp, töwerege ýaýran zorlukly etniki dawa-jenjelde ölenleriň sanynyň 10 adama barandygyny aýtdy.
Russiýanyň Krymy anneksiýa etmegi hem gündogar Ukrainada separatistleriň urşa başlamagy bilen Günbatar Moskwa garşy sanksiýa girizdi. Bu çäre prezident Putiniň ýakyn töwereginde bolan rus çinowniklerine hem biznes eýelerine belli derejede täsir ýetirdi.
Birleşen Ştatlar Merkezi Aziýadaky täze ýolbaşçylygyň we has gowy döwletara hyzmatdaşlygynyň Waşingtonyň serişdä baý region bilen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyna has kän mümkinçilik açýandygyny aýdýar.
Gazagystanyň Aktöbe oblastynda ýetginjekleriň arasynda dörän çaknyşykda, Şalkar şäheriniň 9-njy synp okuwçysy pyçakdan ýaralandy.
Pakistanyň uniwersitetinde student gyzlara dodagyny boýap, okuw jaýyna girmek gadagan edildi. Bu gadagançylyk diňe bir uniwersitetiň özünde däl, jemgyýetde uly närazylyk döretdi.
Ýene-de ýükle