Gazagystanda koronawirusdan ýogalan 64 ýaşly Raýkül Äkimžany öz ýaşaýan ýerinde, Akmola oblastynyň Kosşy obasynyň gonamçylygynda jaýladylar. Raýkülüň maşgala agzalary häzir doly izolýasiýa alyndy. Merhumyň jynazasyny okan ymamyň aýtmagyna görä, «meýidi ýakmak barada gürrüň bolmandyr».
Men öz ýurdumda ýaşap, özüm we özüm ýaly ýarym milliona golaý (resmi däl maglumata görä bir milliondan sähel az) özbek milletinden bolan raýatlar bilen bilelikde, özümi öz topragymda näme üçin keseki duýmaly?
Döwlet eýeçiligindäki medianyň tassyklamagyna görä, döwlet baştutanyny soňky wagtlarda öz galam hakyny harçlap, regionlarda sadaka bermek praktikasyny has ýygjamladana meňzeýär.
Rohani 24-nji martda ýene bir goşmaça çäräniň görlendigini, wagtlaýyn türmeden boşadylan tussaglaryň azatlykda galmak möhletleriniň şu wagtky Farwardin aýynyň aýagyna, ýagny 18-nji aprele çenli uzaldyljakdygyny yglan etdi.
Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň ýolbaşçylary gulluk ýaşyna ýeten ýaşlary goşuna almak üçin, täze usuly oýlap tapdylar. Meýletin gulluga gidýän ýaşlara sürüjilik kursuna mugt gatnaşdyrmaga hem olaryň sürüjilik şahadatnamasyny edinjekdiklerine wada berýärler.
Özbegistanda häzire çenli tassyklanan koronowirus hadysalarynyň azyndan 46-sy bolup, olaryň birinden başgasy 2.5 million ilatly Daşkende ýaşaýan adamalar bolup durýar.
Gazagystanyň hem Özbegistanyň medisina işgärleri global flashmob medişgärlerine birleşdiler. Olar adamlary koronawirus döwründe öýde galmaklyga hem başgalara ony ýokuşdyrmazlyga çagyrýarlar.
Özbegistanyň Syrderýa welaýatynyň Gülüstan şäheriniň magaryf bölümi umumy bilim berýän mekdeplerde ýörite barlag geçirdi. Netijede, birnäçe okuwçynyň fewral aýynda sapaga gatnaşmandygy üçin, olaryň synp ýolbaşçylarynyň aýlygyndan tutup galýarlar.
Ýene-de ýükle