Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen lideri tas 100% ses bilen gaýtadan saýlandy


Berdimuhamedow maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda ses berdi.
Berdimuhamedow maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda ses berdi.

Gaza baý Türkmenistanyň awtoritar prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji fewralda geçirilen saýlawlarda ses berijileriň 97.69 prosent sesini alyp, üçünji möhlete hem prezident saýlandy diýip, Merkezi Saýlaw topary aýtdy.

Saýlaw topary ses bermäge ukyply ilatyň 97 prosentden gowragynyň saýlawa gatnaşandygyny aýtdy. Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň ýerli habarçylary Aşgabatdaky birnäçe saýlaw uçastogynda diňe az sanly ses berijileri görendiklerini habar berdiler.

Berdimuhamedowyň ýeňşi onuň dolandyryşyny ýene bir täze ýedi ýyl prezidentlik möhletine uzaldýar.

Türkmen jemgyýetçiligine berk kontrollyk edýän Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurdundaky penjire tutusy hökmünde görlen beýleki sekiz kandidatyň ählisini ýeňjegi öňünden bellidi.

Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugy ses berişlikden iki gün öň Aşgabatdaky mekdepleriň birinde okuwçylara ýurduň prezidentiniň haýryna býulletenleri doldurmagyň tabşyrylandygyny habar berdi.

2006-njy ýyldan bäri häkimiýetde oturan Berdimuhamedow o diýen tanalmaýan region resmileri, kanun çykaryjylar we kompaniýa başlyklary bilen bäsleşdi, şeýle-de bu gezek prezident saýlawyna bir partiýanyň däl-de, üç partiýanyň wekilleri gatnaşdy.

Bu üýtgeşiklik 59 ýaşyndaky prezidentiň geçen ýyl 2017-nji ýyldaky saýlawlarda «alternatiwalar» bolar diýmegi bilen mümkin boldy.

Emma Türkmenistanda 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargap, ýurt garaşsyzlygy gazanylaly bäri halkara synçylary tarapyndan azat we adalatly diýlip baha berlen parlament saýlawy-da, prezident saýlawy-da geçirilmedi.

Resmi netijelere görä, Berdimuhamedow 2007-njy ýyldaky saýlawda 89, 2012-nji ýyldaky saýlawda bolsa 97 prosent ses aldy.

Berdimuhamedow Aşgabatdaky bir mekdepde, maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda, geçen ýyl parlament agzalygyna saýlanan ogly bilen ses berdi.

Synçylar tanalmaýan kandidatlaryň we döwlet tarapyndan döredilen partiýalaryň metbugat serişdeleriniň döwlet tarapyndan berk kontrollykda saklanýan ýurdunda geçirilen saýlawa hiç bir üýtgeşiklik getirmändigini aýdýarlar.

“Soňky 25 ýylda bolan ähli saýlaw galplaşdyryldy we ýurtda hakyky oppozisiýa ýok, jemgyýet basyş astynda we garaşsyz medianyň döremegine ýol berilmedi» diýip, Birleşen Ştatlardaky German Marşal fondunyň eksperti Mihal Romanowskiý aýdýar.

Synçylar Berdimuhamedowyň özüne «Arkadag» diýdirip, öz şahsyýet kultuny güýçlendirýändigini aýdýarlar. Ol 2015-nji ýylda Aşgabadyň merkezinde özüniň 21 metrlik mermer tikeçiň üstünde, ata atlanan şekildäki altyn çaýylan heýkelini dikdirdi.

“Ol özüni Arkadag, jemgyýetiň goragçysy diýip jar etdi, emma hakykatda öz gysymyna gysan häkimiýetini goramak isleýär, ýurduň ýerasty baýlyklary oňa we onuň ýakyn töweregine düýpli girdeji berýär» diýip, German Marşal fondunyň eksperti Romanowskiý aýdýar.

Emma Berdimuhamedowyň üçünji möhlet prezidentlige dalaşgärligi, energiýa bahalarynyň global aşaklamasy we eksportyň birden aşak gaçmagy bilen, ykdysadyýetiň haýallaýan wagtyna gabat geldi.

Döwlet aýlyklarynyň köpüsi wagtynda tölenmeýär we ýurtda ösümlik ýagy, un, şeker ýaly esasy azyk önümleri, dermanlar ýetmezçilik edýär, bazarlarda nyhrlar ýokarlanýar.

Aşgabatdan we beýleki şäherlerden alnan fotosuratlar Täze ýyl baýramçylygynyň öňünden döwlet eýeçiligindäki dükanlaryň öňünde dörän uzyn nobatlary görkezdi.

Hökümet saýlaw kampaniýasy döwründe bazarlardaky hususy söwdagärlere hem azyk harytlaryny hakyky bahasyndan arzan satmagy buýurdy diýip, satyjylar we alyjylar aýtdy.

XS
SM
MD
LG