Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Daýhanbankyň" başlygynyň täzelenmegi kömek etmedi, Daşoguzda pagtaçylaryň zähmet haklary gijikdirilýär


Adamlar bankomatlardan pul gözläp, halys bolýandyklaryny gürrüň berýärler.

Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde mejbury pagta ýygmak kampaniýasyna çekilen býujet işgärleri we kärendeçiler indi ençeme gün bäri ýygan we harmana tabşyran pagtalarynyň haklaryny alyp bilmeýärler.

Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan pagtaçylaryň aýtmaklaryna görä, olara ýygan pagtalarynyň töleginiň her 10 günden plastik kartlaryna geçirilmegi wada berlipdir.

“Emma bankomatlaryň käbiri döwük, beýleki birlerinde bolsa pul ýok, sebäbi banklardaky nagt pul ýetmezçiligi zerarly bankomatlarda wagtly-wagtynda pul goýulmaýar” diýip, pulsuzlykdan kösenýän raýatlaryň birnäçesi Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Pul kösençligini çekýän pagtaçylaryň käbiri nagt pul ýetmezçiliginiň sebäbini bankomatlardan görýär.

Olaryň pikiriçe, plastik kartlara geçirilýän aýlyklardan “döwlete-de, raýatlara-da zyýandan başga peýda ýok”.

Azatlygyň ikinji bir söhbetdeşiniň pikirine görä, Türkmenistanda aýlyklary plastik kartlar, bankomatlar arkaly tölemäge “gyssanmaç, zerur taýýarlyklary görmezden geçdiler” we bu ýagdaý adamlaryň “haýsy bankomatda pul barka?” diýip, ondan-oňa entäp ýörmegine, kän wagt ýitirmegine alyp geldi.

“Gowusy döwlet bankomat hyzmatlary üçin tutýan puluny özüne alsyn, bankomat satyn alyp, olary bejerip, artykmaç harajada galyp ýörmesin, bizi hem kösemesin” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran kärendeçi Azatlyga aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, Daşoguz welaýatyndaky döwlete degişli we hususy söwda nokatlarynda plastik kartlar arkaly nagt däl hasaplaşyk ulgamy düýpden işlemeýär.

“Daşogzuň merkezi welaýat hassahanasynda nagt däl hasaplaşyk terminallary işlemeýär, başga ýerler barada aýdyp hem oturmaýyn” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi häzir dermanhanalara ýa söwda merkezlerine baryp, plastik kartyňy uzatsaň, “plan ýerde bankomatda pul bar, git-de nagtlaşdyryp geläýsene” diýip haýyş edýändiklerini gürrüň berdi.

Söwda nokatlarynyň birinde işleýän ýerli ýaşaýjynyň sözleri bilen aýdylsa, “söwda nokatlaryndaky we dermanhanalardaky terminallarda müň bahana tapylýar, hem alyja, hem satyja kyn, iki tarap hem nagt däl hasaplaşygyň döredýän kynçylyklarynyň öňünde alaçsyz bolmagynda galýar”.

Görnüşinden, Türkmenistanda oba hojalyk işgärleriniň, hususan-da pagtaçylaryň we gallaçylaryň zähmet haklarynyň wagtly-wagtynda tölenmegi hemişe mesele bolup galýana meňzeýär, sebäbi prezident G.Berdimuhamedowyň ýygyma ýa oraga pata berende edýän ilkinji talaplarynyň biri adamlaryň zähmet haklarynyň wagtynda tölenmegi bilen bagly.

Ikinji tarapdan, bu ýylky pagta ýygym möwsümine gabat, has anygy 7-nji sentýabrda prezident, “işde goýberen kemçilikleri üçin” diýip, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy Polat Allagulyýewi eýeleýän wezipesinden hem boşatdy we bu wezipäni wagtlaýyn onuň orunbasary bolup işlän Şamuhammet Nepesowyň üstüne ýükledi.

Polat Allagulyýew bu bankyň başlyklygyna 2014-nji ýylyň ýanwarynda bellenipdi we ýerli synçylar Türkmenistanda dowam edýän hroniki manat, pul ýetmezçilikleriniň bir sebäbiniň kadrlaryň geldi-geçerligi, ýygy-ýygydan çalşylyp durulmagy bilen baglydygyny belleýärler.

Ýerli synçylaryň pikirlerine görä, soňky onýyllyklarda Türkmenistanda resmileriň “işde goýberen kemçilikleri üçin” diýlip, jogapkär wezipelerden boşadylmagy, olaryň ornuna orunbasarlarynyň bellenmegi we bu ýagdaýyň ýene bir ýarym-iki ýa üç ýyldan gaýtalanmagy adaty bior zada öwrüldi.

“Haýp, başlyklaryň täzelenmegi, orunbasarlaryň başlyk bolmagy bilen meseleler çözülmeýär” diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi bilen söhbetdeş bolan kärendeçi aýtdy.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG