Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň paýtagtyna güýçli şemal golaýlaýar


Türkmenistan (arhiw suraty)
Türkmenistan (arhiw suraty)

Türkmenistanyň paýtagtyna güýçi şemal golaýlaýar, Hazar deňzinde güýçli ştorm emele geldi diýip, 17-nji ýanwarda öýlän Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary aýtdy.

"Tupan golaýlaýar, bu barada duýduryş geldi" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýtdy. Onuň sözlerine görä, häkimiýetler howanyň ýaramazlaşmagy barada ilata habar bermändir. Duýduryşlar ilat arasynda telefon we sosial ulgamlary arkaly ýaýraýar.

Emma häkimiýetler döwlet edaralaryna we hususy kärhanalaryna duýduryş berdi.

"Ähli döwlet edaralaryna we guramalaryna ştorm baradaky duýduryş berildi. Güýçli şemalyň boljagy, eýýäm Çelekende beýikligi 6-9 metrlik güýçli tolkunlaryň emele gelendigini habar berildi" diýip, habarçymyz aýtdy. Onuň sözlerine görä, Aşgabatda telewizion antennalary aýyrmak, aýnalary ýapmak we awtoulaglary agaçlaryň aşagyndan aýyrmak hakynda duýduryş edilipdir.

"Berkararda ähli aýnalary ýapmak we gijeki nobata taýýarlanmak barada tabşyryk berildi" diýip, habarçymyz Aşgabadyň iň uly söwda merkezleriniň biriniň işgärlerine salgylanyp habar berdi.

Türkmen häkimiýetleriniň howanyň ýaramazlaşmagy we munuň döredip biljek howpy barada duýduryşlary Türkmenistandaky daşary ýurt wekilhanalaryna hem ugradypdyr.

Türkmenistanda howanyň ýaramazlaşjagy barada daşary ýurt wekilhanalaryna iberilen resmi bildiriş
Türkmenistanda howanyň ýaramazlaşjagy barada daşary ýurt wekilhanalaryna iberilen resmi bildiriş

Daşary ýurtlaryň biriniň ilçihanasyna ugradylan şeýle bildirişiň nusgasy Azatlyk Radiosyna gowuşdy.

Döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerine berlen duýduryşlarda güýçli şemalyň iki günläp dowam etjegi, 18-nji ýanwarda güýçli ýagyşyň boljagy we şemalyň güýjüniň irden bir sekundda 35 metre ýetjegi aýdylypdyr.

Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri, şol sanda döwlet telewideniýesi güýçli şemalyň boljagyny we Hazar deňzindäki tolkunlar barada habar bermeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylaryndan günüň dowamynda gowşan maglumatlara görä, güýçli ýeliň gelmegi sebäpli Aşgabatda ikinji smenada okaýan mekdep okuwçylar okuwdan boşadylypdyr.

Azatlygyň söhbetdeşleri paýtagta tarap barýan güýçli şemalyň Hazar deňzinden gelýändigini aýdýarlar.

"Hazarda örän güýçli tolkunlar döredi, Türkmenbaşydan tassykladylar. Azerbaýjandan bir gün öň adamlary burawlaýjy platformalardan göçürdiler" diýip, söhbetdeşimiz belledi.

17-nji ýanwarda Azerbaýjanyň habar beriş serişdeleri Hazar deňzinde beýikligi üç gatly jaýa deň tolkunlaryň boljagyny habar berdiler. Transport ministrliginiň Döwlet deňiz agentligi örän howply gidrometeorologiýa ýagdaý bilen baglylykda degişli çäreleri gördi diýip, 17-nji ýanwarda 1news.az neşri habar berdi.

Trend agentliginiň 17-nji ýanwarda çap eden maglumatyna görä, Azerbaýjanda şemaldan ejir çeken bolmandyr, emma howanyň ýaramazlaşmagy sebäpli, Azerbaýjanyň medisina edaralary güýçlendirilen iş tertibine geçirilipdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG