Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Esengulyda $1 mln baýragyň toýy tutuldy, işsizler - işsiz, suwsuzlar -teşnelikde galýar


Esenguly görnüşi

Esenguly etrabynyň merkezinde düýn, 5-nji fewralda geçen ýylyň netijeleri boýunça gazanylan baýragyň – 1 million amerikan dollarynyň gowşurylmagyna bagyşlanan dabara boldy.

Dabarada çykyş edenler Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident saýlanan ilkinji ýylynda we soň 2008-nji ýylda Esengula gelip, bu sebitiň ýaşaýjylary üçin eden aladalary üçin minnetdarlyk bildirdiler.

Bir mln amerikan dollary baýragy, TDH-nyň maglumatyna görä, ýylyň dowamyndaky “iň gowy görkezijilere eýe bolan” etraba berilýär. Emma Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşen ýaşaýjylaryň bir topary Esengulyda 2007-nji ýyldan bäri üýtgän zadyň örän azdygyny, ykdysady kynçylyklaryň, hususan-da giň ýaýran işsizligiň saklanyp galýandygyny gürrüň berdiler.

Prezident Berdimuhamedow 2007-nji ýylyň martynda Esengula gelenden soň, bu etraby ösdürmek hakynda Ministrler kabinetiniň ýörite karary kabul edildi, bu kararda jennet wada berilýärdi, emma jennetden geçen, Esengulynyň köçelerinden ýörär ýaly däl, şäher ady berlen oba juda gözgyny ýagdaýda” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Esenguly etraby Hazar deňziniň kenarynda ýerleşensoň, bu ýerde adamlar suwdan goranmak üçin aýakly jaýlar diýilýän agaç jaýlarda ýaşaýarlar.Bu ýagdaý häzirem saklanyp galýar, täze jaý gurmak köp adam başardanok diýip, azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Esengulydaky iň esasy mesele iş orunlarynyň ýapylmagy, adamlaryň işsizlik meseleleriniň uzak ýyllar bäri çözülmezligi bilen bagly.

Esengulyda Keýmir, Körpeje, Akpatlawuk, Gamyşlyja, Ekerem diýen ýaly nebit çykýan ýerler bar, emme bu ýerlerden nebit öndürilişi üzül-kesil peseldi, bu iş orunlarynyň azalmagyna alyp geldi” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen öňki nebitçi işçi gürrüň berdi. Onuň hasaplamalaryna görä, häzir Esengulyda işe ukyply adamlaryň azyndan 50 prosenti işsizlikden kösenýär.

Esengulynyň ýaşaýjylarynyň häzir esasy daýanjy haly fabrigi bolup, bu ýerde işleýän aýal-gyzlar köp maşgalanyň esasy ekleýjisi bolup durýar. Mundan başga, hususy eýeçilikde işleýän birnäçe tikinçilik sehi bar, olaryň hersinde 10-12 adam işleýär diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Esengulydaky işsizligiň nebit çykarylyşynyň azalmagyndan soňky ikinji uly sebäbi bu ýerdäki balykçylyk hojalygynyň dargadylmagy bilen bagly.

Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda balyk tutmakda ulanylan ýigrimiden gowrak gäminiň häzir ýaryndan gowragy Kaspi deňziniň kenarynda demir üýşmegine öwrülip galdy, ol gämilerde gyşyna eýesiz eşekler gyşlamasa, adam golaýyna baranok” diýip, ozalky balykçy aýtdy.

Esengulynyň iň uly meselesi bolsa, ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, agyz suwy hasaplanylýar.

Sowet döwründe Esengulynyň agyz suwuny tanker bilen Bakuwdan getitýärdiler, SSSR dargandan soň Azerbaýjan bir kub metr suwa derek bir kub metr suwuklandyrylan gaz sorady we Türkmenistan muňa razy bolmady” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Adamlar jaýlarynyň üçeginde ýörite ternawlary oturdyp, gar-ýagyşdan suw toplap, ony ýörite howuzlara guýup içýärler ýa-da 80 km uzaklykdaky obalardan maşyn bilen suw getirtmeli bolýarlar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Aýdylmagyna görä, ýedi tonnalyk suw çekýän maşynlaryň her reýsiniň nyrhy geçen ýyl 120 manada durýardy.

Şeýle-de ýerli ýaşaýjylar deňiz suwuny arassalaýjy desganyň Esengulyda ilkinji gezek 1970-nji ýyllarda, fransuz hünärmenleri tarapyndan gurlandygyny, emma soň onuň ekologiýa zyýanly diýlip ýapylandygyny gürrüň berdiler.

Türkmen telewideniýesi baýrak dabarasy baradaky reportažynda Esengulydaky ösüşe häkimligiň täze binasyny, haly fabrigini, medeniýet köşgüni, sanly telefon ulgamynyň jaýyny, deňiz suwuny süýjedýän desgany, söwda merkezini we kottež görnüşindäki ýaşaýyş jaýlaryny mysal edip görkezýär.

Şeýle-de bu ýerde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen saglyk öýi, köpugurly hassahana, multimedia enjamlary ornaşdyrylan mekdep, çagalar bagy, bedenterbiýe sagaldyş toplumy açyldy diýip,milli telewideniýe habar berýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG