Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Farapda resmiler pagta möwsümi üçin telekeçilerden we gurply adamlardan pul ýygnaýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda resmiler gurply adamlardan we telekeçilerden döwlet pagta harmany üçin pul talap edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji sentýabrda habar berdi.

“Olardan 5 tonnadan 15 tonna çenli pagtanyň puluny etrap harmanyna goşant goşmagy talap edýärler. 1 tonna pagta üçin 1,500 manat möçberinde pul soralýar” diýip, habarçy aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetler etrapda hususy mikro awtobus eýelerinden býujet edaralarynda işleýän ýygymçylary pagta meýdanlaryna gatnatmagy hem-de muny tölegsiz ýerine ýetirmegi talap edýärler.

“Hususy mikro awtobusly raýatlardan hem öz hasaplaryna [pagta meýdanlaryna] adam gatnatmagy talap edýärler” diýip, habarçy aýtdy. Onuň sözlerine görä, mikro awtobus eýeleri öz şahsy ulaglarynda býujet edaralarynda işleýän we pagta ýygmaga mejbur edilýän ýygymçylary Farap etrabyndan ýüzlerçe kilometr aradaşlykda ýerleşýän pagta meýdanlaryna daşamaly edilýärler.

Etrap resmileriniň degişli talaplary ýük daşaýan ulag eýelerine-de degişlidir. “Olar hem öz tehnikalary bilen bir aý ýygyma kömek bermäge mejbur edilýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Farap etrabynda iş adamlaryndan, gurply hojalyklardan hem-de hususy mikro awtobuslaryň we ýük ulaglaryň eýelerinden harmana pul goşant goşmak ýa-da ýygyma adam gatnatmak talaby ýurtda nobatdaky pagta möwsüminiň bat alýan wagtlary edilýär.

Apreliň ahyrlarynda ýurduň gündogar sebitlerinde turan tebigy harasat köp gektarlyk oba hojalyk ekinlerini, şol sanda gowaça meýdanlaryny zaýalady. “Indi şol zyýany halkyň hasabyna doldurmagy maksat edinýärler” diýip, habarçy aýdýar.

27-nji aprelde Lebap we Mary welaýatynda güýçli tupan turdy, onuň yzýany welaýatyň dürli sebitlerinde birnäçe gün dowamly ýagyş ýagdy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu tebigy heläkçiligiň onlarça müň gektar gowaça, bugdaý we beýleki ekinlere agyr zyýan ýetirendigini, gowaça eken kärendeçileriň ýagyş we harasatdan soň, zaýa bolan ekinlerini söküp, täzeden ekmäge mejbur bolandyklaryny maý aýynda habar berdi.

Şeýle-de, mundan ozal, lebaply kärendeçileriň ençemesi gowaça ekinine ideg etmek döwründe agrotehniki kadalary berjaý etmäge şert döredilmändigini, özleriniň mineral dökün, suw we tehnika ýetmezçiliginden kösenýändiklerini Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň berdiler.

Bu ýyl tutuş Türkmenistan boýunça 620 müň gektar meýdana gowaça ekildi hem-de döwletiň pagta plan borçnamasy geçen ýyldakydan 150 müň tonna artdyrylyp, 1 million 200 müň tonna çykaryldy. Geçen ýyl Türkmenistan boýunça 550 müň gektar meýdana gowaça ekildi we döwlet plan borçnamasy 1 million 50 müň tonna möçberinde kesgitlenipdi.

Hukuk goraýjy toparlar Türkmenistanyň pagta önümçiliginde häkimiýetleriň mejbury zähmetden peýdalanmaklaryny tankyt edip gelýärler.

Bu ýyl pagta möwsümine ýurduň dürli sebitlerinde awgust aýynda girişildi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynda býujet işgärleriniň pagta ýygymyna mejbury çekilip başlanandyklaryny 17-nji awgustda habar berdi.

Şol gün Lebabyň Farap, Darganata hem-de Çärjew etraplarynyň býujet işgärleri hem Hojambaz etrabynyň Beşir, Suhry we Babadaýhan daýhan birleşikleriniň pagta meýdanlaryna ýatymlyk ugradylyp başlandy.

27-nji awgustda geçirilen hökümet maslahatynda nobatdaky pagta möwsümine resmi taýdan Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 9-njy sentýabrda Daşoguz welaýatynda 16-njy sentýabrda girişmek kararlaşdyryldy.

Türkmenistanyň resmileri ýurduň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny tassyk ýa-da inkär edip döwlet media serişdelerinde çykyş etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG